flowers_
17.03.2024 20:32

Danalaryň paýhasly pentlerinden.


Edepli edebinden gürlemez, edepsiz hem “Men ony gürletmedim” diýip pikir
eder.

#Jelaleddin Rumy.

***

Dil aýdar – gulak diňlär, ýürek aýdar – älem diňlär.

#Ýunus Emre.

***
Söz giden dünýädir, manysy giňdir,
Many aňmadygyň ahwaly teňdir.

#Abdyrahman Jamy.

***
Ümsüm otur, halk içinde sözleme,
Sözlär bolsaň, söz aslyna ýet ýagşy!

#Magtymguly Pyragy.

***
Söz – bu gazap bilen çakan ýyldyrym,
Söz – bu gyz näzidir, dürleň – dürüdir.

#Gurbannazar Ezizow.

***
Gürlemek zerurlyk bolsa, dymmak sungatdyr.

#Gýote.

***

Az gürle, uz gürle.

#Türkmen nakyly.

***

Gürleýän wagtyň sözleriň dymanyňdakydan oňat bolmalydyr.

#Arap nakyly.





Taýýarlan: Döwletmyrat Tejenow.
31
69
manolya
17 Mart 2024
🥀Ýunus Emre)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.