flowers_
16.03.2024 20:26

Iñ gadymy kitaphana.



Häzirki wagta çenli üsti açylan iň gadymy kitaphana bu – b.e.öňki VII asyrda ýaşap geçen Assiriýa patyşasy Aşşurbanipalyň kitaphanasydyr. Bu kitaphana gadymy Assiriýa döwletiniň paýtagty Ninewiýa şäherinde ýerleşen patyşanyň köşgünde gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylýar. Ol diňe bir özüniň gadymylygy bilen tapawutlanman, eýsem onda saklanylan ýazgylar bilen hem tapawutlanýandyr. Iň gadymy kitaphanalaryň nähili bolandygy hemmeler üçin hem gyzykly bolsa gerek?! Mälim bolşy ýaly, Aşşurbanipal  döwlet başyna geçmezden ozal din ugry boýunça bilim alypdyr. Ol örän bilimli bolup, birnäçe dillerde geplemegi başarypdyr we matematikadan hem-de dini däp-dessurlardan gowy baş çykarypdyr. Ol tagta geçeninden soň, ylmyň ähli ugurlaryna degişli bolan kitaplary toplap başlapdyr. Kitaplary toplamak işi çärýek asyrlap dowam edip, netijede özünde kitaphananyň we döwlet arhiwiniň wezipelerini jemleýän uly bir toplum emele gelipdir. Klinopis bilen ýazylan ýazgylar palçyk tagtajyklarynda saklanylypdyr. Kitaphanada saklanylan ýazgylar şumer, assir, wawilon we akkad dillerinde ýazylypdyr. Olaryň käbirleri, mysal üçin ensiklopediýalar we sözlükler iki dilde, ýagny şumer we akkad dillerinde bolupdyr. Ýazgylaryň köpüsiniň 6 sany göçürmesi bolupdyr. XIX asyryň ortalarynda arheologlar tarapyndan üsti açylan Aşşurbanipalyň kitaphanasy we onda saklanylan ýazgylar gadymy Mesopotamiýanyň taryhyny we medeniýetini öwrenmek üçin alymlara uly ylmy gollanma boldy.




Enejan Ýoldaşowa.
33
239
manolya
18 Mart 2024
"Assiriya" hazirki Yragyň ýerleri ýöne öň Assiriýa döwletiniň çägi ondan ulurakdy ...ortaýer deňizden başlaýardy ...
flowers_
18 Mart 2024
Irki Assiriýanyň söwdagärleri esasy söwda ýollarynda,esasanam Kiçi Aziýada öz ko- loniýalaryny döredipdirler.B.e.öňki XX-XVIII asyrlarda aşşurly söwdagärler Küldepäniň töwereginde Siriýadan,Ýewfrat boýlaryndaky ýerlerden we ýerli söwdagärlerden ybarat akkadça Kaniş,hettçe-Nesa diýilýän söwda birleşmesini döredipdirler.
senorita
18 Mart 2024
Assiriýa Yragyñ ýerlerinde bolan dãmi 🙄
flowers_
17 Mart 2024
@tim_, Enejan Ýoldaşowanyñ salgysyny tapaýyn)
flowers_
17 Mart 2024
@tim_, gyzyklanmadym dogrusy.
amanmyradowna_
17 Mart 2024
@geldiyevna, illere arka çykjak doganam tapylayyagy😂
flowers_
17 Mart 2024
@Kmg gurt, maladis , tüweleme👍
flowers_
17 Mart 2024
Kmg gurt
17 Mart 2024
amanmyradowna_
17 Mart 2024
@flowers_, şeýle yaly. 😄
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.