flowers_
25.03.2024 11:35
Keýmir körüň akyly gelip-gitmeräk ogly bolupdyr. Keýmir ogluny edepli, akyl-paýhasly bir maşgala öýlendirmek isläpdir. Ol şeýle maşgalanyň gözlegine çykýar. Bir gezek meýdanda bir topar gyz odun ýygyp, gaýtjak bolup duran wagtlary ýagyş ýagmaga başlapdyr. Şol wagt Keýmir gyzlary synlap duran eken. Görse, ähli gyzlar ezilmejek bolup, odunlarynyň yk tarapynda durlar, emma bir gyz weli, ýygan odunyna ýagyş damdyrmajak bolup, penalap dur. Keýmir gyzdan: «Ýeri, keýgim, sen näme üçin odunyňy penalap dursuň, näme üçin onuň ygynda durmaýarsyň?» diýip sorapdyr. Gyz: «Aý, agam, meniň bir garryja enem bar, öl odun birbada tutaşmaýar, tüssesi köp bolýar. Enemiň gözüne tüsse gapsa, has hem erbet boljak, eşigim öl bolsa, zyýany ýok. Eşiklerimi oduň ýanynda sersem, bahym gurar» diýen. Keýmir «Megerem, bir zat çyksa, şu gyzdan çykar» diýen umyt bilen gyzdan öýlerini soraýar. Gyz öýlerini salgy berýär, Keýmir olara barýar-da, gyzy synlap otyrýar. Gyz çaý gaýnatjak bolup, ojaga ot ýakanda, Keýmir ony mazaly synlaýarda, onuň bir gözüniň çalaja gyşygrakdygyny aňşyryp: «Öý-ä oňat öý eken weli, azajyk çagarygy gyşygrak eken» diýip, kakdyrybrak aýdanda, gyz derrew düşünip: «Çagarygy gyşyk hem bolsa, tüssesi dogry çykýandyr» diýip, çäresiz jogap beripdir. Keýmiriň gyzyň jogabyna göwni ýetip, ony gelin edinipdir. Gelin Keýmiriň oglunyň daşyny gallap, onuň maşgalasyna biabraýlyk getirmeýär. Keýmir gelnine guwanar eken.

Keýmir bir gezek alys ýurda ýesir düşýär. Şonda ol hana garap, şeýle diýýär: «Han, men saňa ýüz ak goýun, ýüz ala goýun, ýüz gyzyl goýun bereýin, sen iki sany adam iber! Olar baryp, meniň gelnime: «Seniň gaýynataň şunça zat bersin we gapyda iki sany bag goýun bardyr, olaryň birini söwüş etsin, birini ýol hurşy» diýip aýtsalar, ol düşüner, olaryň işlerini düzedip, derrew ýola salar» diýipdir.

Han onuň obasyna iki sany adam iberýär. Oba adamlary birbada «Dogrudanam, dört ýüz goýun diýendir» diýip düşünýärler. Keýmiriň gelni gaýyn atasynyň göçme manydaky pikirini derrew aňşyrýar, emma birbada daşyna çykaryp bilmän, «Ili biliksiz (bilimsiz), iti gylyksyz» diýip, ýatan itiň böwrüne depip goýberýär. Adamlar bu gepiň aňyrsynda uly bir syryň bardygyny aňýarlar-da, onuň manysyny gelinden soraýarlar. Gelin: «Keýmir agaňyz çäresiz ýatyr. Ol: «Meniň daşym gaty berk, eger ýüz sany men diýen aksakgal, ýüz gyrçuw, ýüz gara sakgal, ýüz ýaş ýigit atly bolup gelip goldamasalar aldyrar ýaly däl» diýipdir. Iki baggoýun diýeni: «Bu gelen adamlaryň biriniň geregi ýok, birini ýol salgy üçin alyp gaýdyň, galany görkezenden soň, onuňam geregi ýok! diýipdir» diýýär. Oba adamlary gelniň paýhasy bilen Keýmiri halas edipdirler.


Çeşme:
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşligi.
39
121
flowers_
24.03.2024 14:29

Naşyja sowgatlar.


Çet gyrada ýerleşýän obalaryň birine bir dana goja göçüp gelipdir-de, şol ýerdede ýurt tutunypdyr. Ol çagalary gowy görüp, köp wagtyny şolar bilen geçirýär eken. Goja çagalara sowgat bermegi hem gowy görüpdir, ýöne diňe näzijek, döwülegen zatlary sowgat edýärmişin. Çagalar näçe serasaply bolmaga jan etselerem, olaryň täze oýnawaçlary köp döwülýän eken. Olar muňa gynanyp aglaýarmyşlar. Biraz wagt geçensoň dana goja olara ýene, öňküdenem näzik, juda ejizje oýunjak sowgat berýärmişin.

Onsoň bir gün çagalaryň ata-eneleri çydaman, onuň ýanyna barypdyrlar:

— Siz bir akylly-paýhasly adam. Çagalara diňe ýagşylyk isleýänligiňizem bilýäris. Ýöne olara näme üçin beýle naşyja, çalamydar sowgatlary berýärsiňiz? Olar döwmejek bolup, seresap boljak bolup näçe jan etselerem, oýunjaklar barybir tiz döwülýär, çagalaram muňa gynanyp aglaýarlar. Beýle naşyja, gowuja sowgatlary oýnaman oturmagam kyn.

Goja myssa ýylgyrypdyr-da, şeýle diýipdir:

— Ýene-de sähelçe ýyl geçer welin, kimdir biri olara özüniň ýüregini sowgat berer. Belki, meniň oýnawaçlarym olara dünýädäki iň gymmatly sowgada seresaplylyk bilen çemeleşmelidigini azda-kände öwreder... h4>

Orazmyrat Myradow.

39
83
flowers_
24.03.2024 01:17

Söýen kalbym ýesiriñdir
Adyl Şa bol, ýar,örteme.
Başarsañ ýürekden güldür
Öñem ýandym kän örtene

Amanat jan señki bolsun
Ömrüm bolsun ömre many
Bar islegim aglatma hiç
Öñem köp örtenen jany

Ömrüm berdim diýmerin men
“Jan amanat Yşk sadaka! “
Aýasañ bor apatlardan
Söýgim söýgiñe sadaga…


Bilbil Öwezowa.

33
59
flowers_
23.03.2024 20:41
PÄHIM BOSSANY.


Eger bir akylly adam ýalan sözlese, ony uzak wagtlap özi hem unudyp bilmez.

* * *

Kim öz nebsine ýalançylygy öwretse, ol dogruçylyň dogry sözüne hem ynanmaz.

* * *

Jomart malyny halal ýol bilen gazanan we ony hakyky berilmeli ýerine sarp eden kişidir.

* * *

Söz aýdyjy tagallasyna görä ornuny tapar, gylyç – gylyç salyjynyň güýjüne görä keser.

* * *

Akylly akyly bilen, ýolbars güýji bilen.

* * *

Ähli zat akyla mätäçdir. Akyl tejribä mätäçdir.

* * *

Akylly özüniň arzuw-islegleriniň uýanyna erk edip bilýän kişidir.

* * *

Akyl bilen tejribe biri-birine ýardam etmekde, göýä, suw bilen toprak ýalydyr. Eger olaryň birden-biri bolmasa, onda biriniň ýeke özüniň ýerden ösümlik çykarmaga güýji ýetmez.

* * *

Diňe öz garaýşyna esaslanýanyň pikiri dogry bolmaz.

* * *

Edepleriň iň gowusy, eýesiniň öwünmedik edebidir.

* * *

Adamyň gözleri onuň kalbynyň salgysydyr.

* * *

Ýagşy niýet edilmeli işleriň ýarysydyr.

* * *

Gaharlanmaýan adamyň mydam pikiri durudyr. Adam gaharly wagty oýlanman, diline gelen sözi aýdar.

Toplan Döwran DURDYÝEW.
32
104
flowers_
21.03.2024 23:05
ÝATLAMA.

Sen bu gün ýatlama öwrüldiñ gitdiñ, Hakydama girdiñ,aýralyk bolup. Salgyma öwrülip,kalbymdan ýitdiñ, Beren ter gülleriñ saraldy,solup.


Neçün ara düşdi sowuklyk, ünji,
Sebäbine hiç düşünip bilmedim.
Didäme düzüldi gözýaşdan hünji,
Kän garaşdym,mähribanym,
gelmediñ.


Indi umydymam üzdüm mazaly,
Bihuda garaşan günlerim haýpdyr.
Şygyrlamda tarypyny ýazanym,
Söýgä biparh garamaklyk aýypdyr.


awtor: Dursun Tekäýewa.
30
44
flowers_
21.03.2024 01:50
  Deňziň üstünde ýagyş ýagýar eken.

     «Ýeri, meniň bu ýere ýagmagymyň hajaty nämekä? Mensizem bärsiniň suwy ýetik ahyry! Men Ýaradanyň emri bilen, çöllüklere ýa-da tokaýlaryň alawlap ýanýan ýerine inderilsem, gowy bolardy-da» diýip, ýagmyr alasarmyk halda oýlanypdyr.

     Uzakda, aňyrsyna göz ýetmeýän deňziň orruk-ortasynda bolsa gämi heläkçiliginden gudrat bilen aman galan adamlar sal üstünde ysgyn-mydarsyz ýatan ekenler.

     Olar teşnelikden ýaňa guran dodaklary bilen tenekar bolup inýän ýagyş damjalaryny — gyzyldan has gymmatly bolan süýji suwy tutup, kenara çykyp, halas bolýançalar ýeter ýaly, toplamaga çalyşýar ekenler.

     Şeýle-de olar ýagmyr ýagdyryp, teşnelikden ýaňa ölüp galmakdan halas eden Biribara irginsiz alkyş aýdýar ekenler.

 

“NAŞYJA SOWGATLAR” atly kitabyndan






Ýagyş ýagýar...

Heňlän gursagymda dönüp ynanja.
Gol berip, geljege äkidip barýar.
Kir-kimiriň, bet niýetiň bolanja
Kökün gyryp, baryn dep edip barýar
Ýagyş ýagýar....

Tämiz ysy bilen şähdiňi açyp
Nur getirip,paýlaşdyryp illere
Ýer gök arasyna tämiz ýol açyp
Hem güýç goşup ol lal bolan dillere
Ýagyş ýagýar...

Çalarypdyr dünýä,garrapdyr dünýä
Gowy,erbet işden tutupdyr ýükün
A ol bolsa artlap üstüne münýä
Hem ýaman pälleriň ýazdyryp sepin
Ýagyş ýagýar...

Kemmagal ykballaň söýgedi bolup
Bagry dilikleriň ornap bagryna
Şahyryň kalbynda ylham deý çogup
Göwün berip ol näumyt oglana
Ýagyş ýagýar...

Eýýäm näçe asyr,niçe ýyl bäri
Ýuwup bu dünýäniň çaňdyr-tozanyn
Dertlilere melhem,näsaga däri
Bolup,soňam ýüze sylyp azabyn
Ýagyş diňýär...

39
102
flowers_
20.03.2024 20:36

Mag­tym­gu­ly terk eý­le­me eda­syn,
Terk eý­le­seň – tu­ta­wer­gil ka­za­syn,
Mag­ny­sy­na ýe­tip bil­seň ma­za­syn,
Ajap iç­re, ajap kär­dir bu ro­za.

32
43
flowers_
19.03.2024 23:51
ÝAŞAMAGA ÝALÑYZ HÖWES


Sensiz gije tüm görünýar,
Maña Günüñ şuglasy pes.
Ýer ýüzüniñ bir ýerinde
Ýatlayansyñ, maña şol bes.

Beýle söýgä garyşmazlyk,
Belki günä, belki hebes.
Iñ esasy darykmazlyk.
Garaşýarsyñ, maña şol bes.

Şükür, sabrym kanagatym,
Maña umyt, arzuw, nepes.
Garrap seni tanamasam,
Sen tanarsyñ, maña şol bes.

Sen meniñ jadyly yşgym,
Ýaşamaga ýalñyz hõwes.
Sen diyip bar zatdan geçdim,
Söýýañ, söýýan. Maña şol bes.





Gülşirin HANOWA.
26
122
flowers_
19.03.2024 18:58

Plutonyň ilkinji fotosuraty alyndy.
2024-03-19



1915-nji ýylyň 19-njy martynda Gün ulgamynyň 9-njy planetasyny tapmak üçin edilýän synanyşyklaryň netijesinde Plutonyň ilkinji fotosuraty alyndy. O diýen dury bolmadyk bu suratda Plutonyň nähili asman jisimidigi doly kesgitlenmedi. Soňky ýyllarda bu asman jisimi planeta diýlip kabul edildi. Emma 2006-njy ýylda Halkara Astronomiýa Geňeşi Günden iň uzakda ýerleşýän Plutony planeta bolmakdan çykardy. Şeýlelikde, Gün ulgamynda 9 däl-de, 8 planetanyň bardygy bellenildi.


zamanturkmenistan.com.

34
61
flowers_
19.03.2024 15:17

“Google” Nowruz baýramyny gutlady.




Dünýäniň iň köp ulanylýan gözleg saýty hasaplanýan “Google” Nowruz baýramy mynasybetli “doodle” (saýtyň belli seneler mynasybetli nyşanyny üýtgetmegi) taýýarlady. Saýta girilende, onuň nyşanynyň ýerinde bu baýramçylyk mynasybetli taýýarlanan kompozisiýany görmek bolýar.

Bu saýt belli şahsyýetleriň doglan günlerinde, haýsydyr bir edilen ähmiýetli açyş ýa-da baýramçylyklar mynasybetli nyşanynyň deregine surat taýýarlaýar.




zamanturkmenistan.com.

30
97