flowers_
11.04.2024 08:45
Daşkendiň howasyny satyp başlady.



«Howadan pul gazanmak» jümlesi öz wezipesini sözüň doly manysynda ýerine ýetirýän ýaly. «UPL.uz» tarapyndan berlen habara görä, Özbegistanyň dükanlary Daşkent howasyny gaplarda satyp başladylar.

Sosial ulgamlarda peýda bolan suratlardan görnüşi ýaly, önümiň daşynda «Canned аir from Tashkent» ýazgyly gaplary görmek bolýar. Şeýlelikde, syýahatçylar Özbegistan Respublikasynyň paýtagtyndan bir bölek ýatlama alyp bilerler.

Ýeri gelende aýtsak, özbek raýatlary bu habara daşary ýurtlardan az geň galmadylar. Şeýlelik bilen, beýleki adamlar önüm öndürmek üçin köp wagtlaryny sarp edýärkäler, akylly marketologlar howanyň söwdasyny ýola goýýarlar. Ýerli ilatyň wekilleri bu önümiň has ynandyryjy täsiri döretmegi üçin, onda tozanyň ysyny goýmalygyny aýdyp degişdiler.

🤔🤦‍♀️


Haýran galdyryjy rekord: uly ýaşly zenan 4,5 sagat plankada durdy


Kanadaly 58 ýaşyndaky zenan Donna-Jin Waýld dünýäniň iň seýrek rekordlarynyň birini goýdy. Ol plankada görnüşde dört ýarym sagat durmagy başardy.

Bu duruş aýagyň barmaklarynda we egniňe daýanyp, tirseklerde ýüzün durmak arkaly amala aşyrylýar. Ýagny, türgen bedeniň başga hiç bir bölegini ýere degirmeli däl.

Mundan ozalky rekord 10 minut gysgady. Rekordy täzelemek üçin Donna 12 ýyllap, her gün türgenleşdi. Bu täzelegi amala aşyran wagty Donnanyň ähli maşgala agzalary we 12 agtygy dört ýarym sagatlap goldadylar



SalamNews.
30
103
flowers_
11 Aprel 2024
@Sunshine lady, şeyle diýdiler özä, hernä...😄
Abat_
11 Aprel 2024
2023-de Taşkent iň hapa howaly şäherler reytinginede girdi dälmi? Gapdaky howa filtirlenendir hernä…
flowers_
11 Aprel 2024
Howa uçup gitmegi mümkin🤔, tañkasa galar ýadygärlik, bir bende iş edinip gaplapdyr😁🤦‍♀️
ideallider
11 Aprel 2024
@flowers_, şu ýerdehä serhedi, ramkamy, çyzygymy bildim öýdýän😁
flowers_
11 Aprel 2024
@ideallider, 🙄, şeýdiñ ýogsa hiç zady geñ görmez ýaly derejä gelaýmaýin😐
ideallider
11 Aprel 2024
@flowers_, ondan beteri, beterinden beter beterleri hem barweli, olary ýazsam samsyklyk etdigim bolar😏
Tayler
11 Aprel 2024
@flowers_, 💥😅
flowers_
11 Aprel 2024
@Tayler, tûrkmen- türk men🤔😂🤦‍♀️
Tayler
11 Aprel 2024
@flowers_, Özbek - özüne bek😅
flowers_
11 Aprel 2024
@Tayler, iller diñe öñe gidýä😂@ideallider, ola has erbet eken😑🤦‍♀️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.