flowers_
13.04.2024 09:14
GÜLKI

"Adamyň bedeni 25 ýaşa çenli ösýär" diýýäler welin, bu garyn bilen syrtyň ol zatlardan habary ýokmyka?!

***

Adamlaryň biri-birini ýitirmekden gorkýan ýerleri hem bar eken. Ýagny, nobata duranlarynda.

***

-Öýlenseň gowumy ata?
-Gowudyr agtyjagym, öýleneňsoň gelniň derdiňi böleşer.
-Ýöne meň derdim ýog-a ata?!
-Alada etme öýleneňsoň o-da bolar.

***

Avon firmasynyň 10 ýaş kiçeltýän kremini çalan Leýlajyk, ýitirim boldy.

***
- Çary näme üçin soňky wagtda aýdym aýtmaňy goýaýdyň?
- Öňräk bir tanymal aýdymçy bilen gürrüňdeş boldum. Ol meniň aýdym aýdyşymy diňlän eken, "Seniň oňat sesiň bar, ony aýawly sakla" diýdi.

***

"Hormatly Aýaz baba, men dünýä belli bolasym gelýär diýip ýazanymda "halkara gözlegde" bolmak barada asla pikir etmändim."

***

Mugallym tagta "2x+4y*84+17xy" ýazyp, "meseläni çözüň" diýdi. Menem elime esgini alyp süpürdim, mesele çözüldi.

***

Gowy buhgalter tapmak kyn. Şonuň üçinem öňki buhgalterimizi polisiýa eýýam bäş ýyl bäri gözläp ýör.

***

- Günä bildirýän, siz näme üçin banky taladyňyz?
- Oň özi ilki başlady.

Toplan: @ATSYZATLY
44
249
azdarovna
14 Aprel 2024
Leylajyk son tapylypmy😂😂
flowers_
13 Aprel 2024
@enes_🧿, aha🥰
lavinya_
13 Aprel 2024
Mesele çözüldi👌🏻😄
Abat_
13 Aprel 2024
😄
nabat_
13 Aprel 2024
Suratyñ gowjadygynyy🥰🥰🤗
Akram_Beshimov
13 Aprel 2024
2x+4y*84...... 😂😂
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.