flowers_
12.04.2024 23:36

ÖLSEM

"Ölsem jynazamy bilbil okasyn"
(Özbek şahyry)



Ölsem jynazamy bilbil okasyn,
Aýtmadyk sözlerim aýtsyn sizlere.
Ölsem, güller gözyaş döksün yzymdan,
Siz aglamañ, syr bildirmäñ illere.

Ölsem mazaryma agyr daş goýmañ,
Hem oýup ýazmañ siz oña adymy,
Ýüregimiñ oýuklaram ýeterlik,
Daşdan doly durmuşyñ her ädimi.

Ölsem, ýüregimde bir arman bolar:
Ejem elin goýup bilmez başyma,
Men uka giderin her gijeki deý,
Emma ejem gelip bilmez gaşyma,
Mährem sesi ol gün meni oýarmaz,
(Durmuş sen ne zalym, beyle oýunbaz!)

Irde-giçde ölüm hökmün ýöreder,
Dostlar, diñläñ size birje arzymy,
Ölsem, menden närazylar tapylsa,
Mümkimcilik bolsa töläñ karzymy.

Ölsem, güller gözyaş döksün yzymdan,
Arzuwlarym bersin maña patyýa,
Meniñ size goýup biljek zadym ýok,
Goşgularym bolsun size hatyra,
hem ynamym galar menden ýadygär,
Gorañ ony, sizi Tañryýalkasyn!
Ölsem, ak bulutlar kepenim bolup,
Sayrak bilbil jynazamy okasyn!



Aýsapar EMELOWA.
33
204
mokono
13 Aprel 2024
@Sunshine lady, terjime däl ol. Bu goşgy Aýsaparyň özüne degişli. Ýöne şol ýokarky bentdäki goşgudan ylhamlanyp ýazan
Abat_
13 Aprel 2024
@Akram_Beshimov, hawa menem şonuň galamyna degişlidir diýen pikirde, şuwagt gözleşdirdim internetde gaty gyzykly taryhy bar eken şol goşgyň.
Akram_Beshimov
13 Aprel 2024
@Sunshine lady, I.Karimowyñky däl Bibisora Turubowañky (2011y)
flowers_
13 Aprel 2024
@Sunshine lady, hä dogry👍, men Aýsapar E. şol goşgyñ sölerini ulanyp özüçe düzendi öýtdim
Abat_
13 Aprel 2024
@flowers_, bilmedimda, kabir Maglumatlara görä o goşgy Özbegistanyň öňki prezidenti Islam Karimowa degişli diýilýär, ýöne men beýle pikirde däl. Bir hassa aýal ölümine gözi ýetip çagalaryna wesýet galdyrýar. Şeýdibem goşgy dilden dile geçip meşhur bolýar
flowers_
13 Aprel 2024
@Sunshine lady, onda näme üçin terjime eden diýip ýazylmadyka, men özü düzenidir öýtdüm
Abat_
13 Aprel 2024
Bi goşgyny menem terjime edip görüpdim, asyl goşgy meşhur özbek şahyrynyn galamyna degişli
Abat_
13 Aprel 2024
Terjime eden Aysapar Emelowa
flowers_
13 Aprel 2024
@geldiyevna, 😅, gowumy, sag-aman turdyñyzmy
flowers_
13 Aprel 2024
@Bitter, sagbol, señkem😊, arkaýyn ýatyber,bilýäñä señki dogry diýmegiñ kyndygyny))
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.