enes_∞
13.11.2024 21:54

5 welaýatyň 5 täsinligi
1. Dowzahyň derwezesi – Ahal.

Çuňlugy 20 metre, diametri 70 metre barabar bolan bu çukur dünýäde “Dowzahyň derwezesi” hökmünde tanalýar. 1971-nji ýylda sowet alymlary bu ýerden gaz almaga başlanlarynda belli bir wagtdan soň ýer çöküp bütin enjamlary ýer ýuwudypdyr. Çukurdan bolsa metan gazy çykmana başlapdyr. Soň alymlar gazyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin ony ýakmaly bolýarlar. Olar birnäçe sagadyň içinde metan gazy ýanyp gutarar diýip oýlapdyrlar. Ýöne ol ot 50 ýyl bäri ýanmaga dowam edýär.

2. Ýangygala kanonlary – Balkan.

Bu ajaýyp kanonlaryň döremegi million ýyllara barabar bolupdyr. Hazaryň we Balkan welaýatynyň şemally howalary belentliklere dört tarapdan hüjüm edip her ýerinden ýol ýasapdyr. Kanon gyzyl reňkli bolansoň adynyň “Ýangyn gala” söz düzüminden gelip çykandygy çaklanylýar. Belentligi 60-100 metr aralygynda üýtgeýär. 25 kmlik meýdanda ýaýylyp ýatyr.



3. Uzboý derýasy – Daşoguz.

Uzboý Amyderýanyň bir hanasydy. XVI asyra çenli Amyderýa, esasan hem Hazar deňzine guýýar eken. Ýöne şol asyrdan başlap ugruny Aral deňzine tarap üýtgedýär we Uzboý derýasy assa-ýuwaş guraýar. Häzirki günlerde käbir suwly ýerleri galdy. Görmek isleýänlere ýagyşly möwsümde gitmek maslahat berilýär.



4. Dinozawrlaryň yzlary – Lebap

Köýtendag etrabynda ýerleşýän dinozawrlaryň yzlary ilkinji gezek Rudolf Ýuferow tarapyndan 1960-njy ýylda ýüze çykarlypdyr. Şondan bäri 2000 müň töweregi aýak yz tapylypdyr. Bu ýerde öň köl bolan eken. Dinozawrlar şol kölüň eteklerinde ýaşapdyrlar.



5. Ýeroýlanduz çöketligi – Mary.

Bu çöketlik diňe Türkmenistanyň däl, tutuş dünýäde seýrek duş gelýän landşafta eýe. Çuňlugy 500 metre barabar ýerleri bar. 300 km töweregi ýere ýaýlyp ýatyr. Säher we şapak wagty seredeňde hasam ajaýyp. “Men haýsy planetada?” diýdirýär. Görmek isleýänlere aprel-maý aýlarynda gitmek maslahat berilýär.

12
415
enes_∞
13.11.2024 13:47

SORAGLAR🙋🏻‍♂️🙋🏻

1)🟥 "Şykyrdap duran", "Eliñi kesip barýar" diýen jümleler nämäni añlatmak üçin ulanylýar?

A)🔴Täze düşen suraty

B) Kagyz puluñ täzeligni

Ç) Pyçagyñ ýitiligni

D) Kitabyñ sahypasyny






2)🟦 Käbir türki halklaryñ hem-de rumynlaryñ yrymlarna görä , kimdir biriniñ gulagy şyñlasa , nämäni añladýar?

A)🔵Kimdir biri gulagyny cekyar

B) Kimdir biri öldurjek bolyar

Ç) Kimdir biri öwýär

D) Kimdir biri gepini edyar








3)🟨Ýurdumyzyñ 5 welaýatynyñ atlarynda aşakdakylardan haýsy harp beýlekilerden has az gabat gelyar?

A)🟡A

B) B

Ç) M

D) L








4)⬛Edebiyat hakda sorag:

⚫Dostuñ bürgut bolsa daglara elter
Dostuñ bilbil bolsa baglara elter
Dostuñ el guş bolsa bir oba elter
SORAG: Dostuñ baýguş bolsa ol nirä elter?
6
679
enes_∞
12.11.2024 07:58


Toý tutmak däbi👰🏻‍♂️🤵🏻‍♂️
Ýer ýüzünde toý tutmak her ýeriň öz däbine, ýaşaýyş durmuş şertlerine görä dürli-dürlüdir. Geliň, onda şol däp-dessurlaryň birnäçesine göz aýlalyň:

Hindi ynançlaryna görä, toý tutulýan güni ýagşyň ýagmagy toý tutýan ýaş juwanlara bagt getirýär.

Iňlisler toý lybaslarynyň içinden möý çyksa, şowlulyk diýip hasaplaýarlar eken.

Gündogar halklarynda durmuşa çykjak gyzyň ýaman gözlerden goranmak üçin elini we aýagyny hyna boýaýandygyny eşidipdiňizmi?

Gollandiýadaky däbe görä bolsa, ýaş çatynjalaryň ýaşajak howlusyna sosna agajy ekilýär. Olar sosna agajyny ekmek bilen onuň bagt getirjekdigine hem-de täze maşgalanyň nesliniň dowam etjekdigine ynanypdyrlar.

ABŞ-da her ýyl nika ýüzüklerini ýasamak üçin 17 tonna altynyň sarp edilýändigini ulanylýandygyny bilýärdiňizmi?

Maglumatlara görä, Dünýäniň iň gymmat tutulan nika toýy 1981-nji ýylda Şeýh Raşid bin Said Al Magtumyň ogly we Dubaýyň şa zenany Salamanyň tutan toýudyr. Olar nika toýuny tutmak üçin takmynan 44 million dollar sarp edipdirler.

Günorta Afrikada ýaş çatynjalaryň ene-atalary däp boýunça öz ojaklaryndan ot alyp gaýdyp, täze maşgalanyň ojagynda ýakýar.

A siz toý hakynda nähili täsin maglumatlary bilýärsiňiz?


👰🏻‍♂️❤️🤵🏻‍♂️
10
224
enes_∞
11.11.2024 22:17

Çagalyga bir bilet
— Salam! Maňa bir petek beräýiň-dä. Bir tarapa. Diňe gidişin.

— Bir tarapa bolanok. Diňe gidişin hem gaýdyşyn.

— Ýeri, bolýar. Onda gidişin-gaýdyşyn, şu güne!

— Bu günki petekler eýýäm gutardy.

— Haçana bar? Iň golaý wagtdakysy gerek. Juda zerur!

— Iň golaýy… Bagyşlaň, diňe bir ýyldan.

— Hiç bolmanda, bir ýyldanam bolsa… Tutuş güne niýetlenen bolsun.

— Uzynly güne rugsat edilmeýär.

— Bolmanda, bir sagatlyk.

— Diňe bir minutlyk mümkinçilik bar.

— Bolýar, bir minutlygyny beriň onda.

— Ine, üç sagatlygam bar eken, ýöne bu ýene iki ýyldan…

— Ýok, maňa bir ýyldan bir minutlygyny beriň.

— Beýle bolsa, ýene bir ýola barlalyň: Gidişin-gaýdyşyna bir petek, ýene bir ýyldan, bir minutlyk. Dogrumy? Ylalaşýarsyňyzmy?

— Hawa.

— Alyň, ine, siziň çagalyga petegiňiz.

— Köp sag boluň.

— Ýogsa-da, bir zat sorap bilerinmi?

— Elbetde, soraň.

— Bary-ýogy ýekeje minut… Ýeri, siz näme etmekçi? Nämä ýetişerin öýdýärsiňiz?..

— Ejem bilen kakam ikisini bilelikde bagryma basmaga…
17
163
enes_∞
27.10.2024 18:55


🥂Hawwa onda menem uzak yasayyn🥂
13
190
enes_∞
20.10.2024 08:57
Adolf Gitleriň nyşany

Uzak Gündogar Aziýa ýurtlarynyň, Orta we Günorta Amerika ýurtlarynyň medeniýetlerinde, käbir däp-dessurlarynda ir döwürlerden bäri orun alan bu nyşany Ýewropa ýurtlarynda II Dünýä söweşi bolan wagty Adolf Gitleriň nyşany hökmünde tanalypdyr. Aslynda bolsa Adolf Gitler bu nyşany özi döretmändir, 1920-nji ýylda syýasy partiýasynyň nyşany hökmünde öň bar bolan zady saýlap alypdyr.

Faşist Adolf Gitleriň Germaniýasynda bu emblemanyň reňkleri beýik nemes imperatorlygy diýmegi aňladýar eken. Içindäki gara reňkli surat bolsa “Gamaly Haçyň”, ýagny aýlanýan haçyň şekilidir. Adolf Gitleriň nyşany dört sany L harpynyň birleşmeginden emele gelýär. Şol dört L harpy Light – Life – Love – Luck sözleriniň ilkinji harplaryny aňladyp, Ýagtylyk – Ýaşaýyş – Söýgi – Şowlulyk diýen manyny berýär. Faşistlere görä emblemanyň umumy manysy ýaradylyş diýmekdir.
Taýýarlan Kätip Myradow
19
183
enes_∞
19.10.2024 15:32
Soňunda hemmämizem hiç kim bolup galarys
Bir wagtlar öz döwrüniň häkimi gol astyndaky ýolbaşçylar bilen at üstünde şähere gelýär. Ýoluň gyrasyndaky adamlar iki bükülip, häkime salam berýärler. Olaryň arasynda bir çetde oturan adamyň weli hiç zat bilen işi ýokmuş. Häkimiň hem bu adama gözi düşýär.

Häkim atyny saçy-sakgaly buýr-bulaşyk, üst-başy sal-sal bolan bu adamyň ýanyna sürýär. Atyndan düşmän, gaty ses bilen oňa gygyryp, şeýle diýýär:

– Eý, adam! Her kim meniň şähere gelenimi görüp, eglip salam berýär, sen näme üçin ýeriňdenem butnaňok Sen kim bolarsyň özi?

Sal-sal geýnüwli adam durkuny hem üýtgetmän, häkimiň ýüzüne seredip:

– Men hiç kim – diýýär.

Häkimiň muňa has-da gahary gelýär:

– O nähili «hiç kim», seň adyň, şan-şöhratyň ýokmudyr?

– Seňki barmy?

Häkim hälkisindenem beter haýran geň galýar, ýöne soraga jogap berýär:

– Nä, sen meni tanaňokmy? Men häkim.

Ol adam şol bir durkuny saklap, ýene-de şeýle diýýär:

– Soň näme boljak?

– Wezir boljak.

– Ondan soň näme boljak?

– Patyşa boljak.

– Onsoň?

Häkim biraz pikirlenip durýar-da:

– Hiç kim – diýip jogap berýär.

Sal-sal geýnüwli adam ýylgyrýar.

***

Bu dünýädäki derejämiz, egin-eşigimiz, baýlygymyz – hemmesi wagtlaýyn. Soňy bilen aljak galamyz bir gysym toprak. Şony ýatdan çykarman, adamlara hemişe ýagşy çemeleşeliň – baýlygymyz bilen däl-de, adamkärçiligimiz bilen. Sebäbi bir gün hemmämimiz deňleşeris… ähli babatda…

。⁠.゚⁠+⁠ ⁠⟵。♡。⁠.゚⁠+⁠ ⁠⟵。♡。.゚⁠+⁠ ⁠⟵。⁠♡。⁠.゚⁠+⁠ ⁠⟵。
14
153
enes_∞
13.10.2024 12:56
ÝÜZBE-ÝÜZ

Gosga hekaýa 2- nji bölüm
Ol kynçylygy ýeňip geçip olara güýç bermegiň deregine bar günäni olara ýükläp beter güýçden gaçyrdyň. Sen
olara ýyllar boýy ejir çekdirdiň.
Ol sesler bolsa gulagymyň düýbünde bar-ha güýçli ýaňlanmaga başlady. Gorkyma ýerimden hem gozganyp bilmedim. Sesler öňkiden beter güýçlenip azap berýädi. Olar şeýlebir çirkin seslerdi welin gulaklarym kamata gelip barýardy. Çydamadym, ahyry: “Goýu-u-u-uň, kesiň sesiňizi-i-i-i-i-i, kesi-i-i-i-ň” diýip gygyrdym. Sesler kesildi. Bir salymdan hälki tanyş ses:
Azap çekýäňmi? Çydaňok hä? Sen heniz azap çekip göreňok. Olaryň çeken azaplarynyň öňünde seniň bujagazyň hiç zat. Sen olara elhenç azap berdiň olar bilen bilelikde maňa-da.
-Saňa? Aý, dogan men seni tanamoga. Sesiň tanyş eşidilýä, Ýöne kimligiňi bilemok. Halys, eger çynym tanamok seni.
-Meniň maksatlarym bardy. Sen olara ýetmegime päsgel berdiň, hemişe garşyma çykdyň. Bir işiň başyny tutdugym sen ejizletdiň meni. Ynsanlara gülki etdiň.
-Ýok sen maňa töhmet atýaň. Men seni tanamok.
-Tanaýaň.
-Tanamok.
-Häzir tanarsyň.
Birden otagyň çyrasy ýandy. Çyra ýansa gorkmajak ýalydym emma indi beter sandyraýan.
-Yuwaşlyk bilen öwrül.
Yzyma öwrülmäge gorkýän. Bir tarapdan bolsa bilesigeljiligim günüme goýanok. Azajyk dogum tapyp, ýuwaşlyk bilen ses gelen tarapa seretdim, görsem garşymda hut meniň özüm durun.
-H-i-i-i, s-s-sen-n-n, birhili maňa meňzeşmi?
-Men— sen.
-Men? Ýo-o-k bu boljak zat däl. Ýöne seň boýuň biraz menden keltemi?
-Hawa, sebäbi sen meni diňlemediň, kiçeltdiň. Maňa ynanmadyň. Sen özüň bolup bilmediň. Şonuň üçin bu gün men şu ýagdaýda. Sen öňküligiňe dolan. Öňki pikirleriňe dolan. Özüň bol, seni üýtgetmeklerine ýol berme. Biz indi ýüzleşmeli bolmaly. Hoş!
Birdenem elim direlip duran kelläm “tark” edip stola degdi. Äm-säm bolup töwerege göz aýladym. Telefonymda Nury Halmämmedowyň “Kerwen” sazy ýaňlanyp dur. Öňümde hekaýamyň garalamalary.
Uludan dem alyp “Düýşüm eken” diýdim. Diýmesine diýdim welin şol günden bäri men özümi gözläp ýörün. Duşsam, aýtjak zatlarym bar.

2017ý.

Çeşmesi: https://biz.islenen.ru/21564-yuzbe-yuz.html. 05.12.2022ý.
8
48
enes_∞
13.10.2024 12:51
ÝÜZBE-ÝÜZ

Gysga hekaya 1-nji bölüm
Garaňky otag, ýumulan gözler, kimdir biriniň düşünmegine garaşýan pikirler, düşnüksiz duýgular...
-Dünýäň gaýgysy başyňdan inen ýaly bolup, kelläňi tutup otyrsyňmy?
-Hä? Se-s-s-sen kim?
-Işiň bolmasyn!
Men oňa başga sorag bermäge dilim barmady.. Gorkudan ýaňa endam-janym buz ýaly bolan bolsa-da maňlaýymdan der çykýady. Hasanaklap çyrany ýakjak bolup ýerimden galdym.
-Otur oturan ýeriňde, saňa çyra ýak diýen barmy?!
-Hä, bor! Ýöne sen kimligiňi aýtmadyňa?! Ýogsa-da sesiň juda tanyş eşidilýä, aýdaý, sen kim?
-Men-n-n-n.....
-Hawa, sen...
-Hany şu sazyň sesini açaly-la. Oh-o-o, Nury Halmämmedow “Kerwen” sazy. Sen indi klassika diňleýäň-ow.
-Men ony hemişe diňleýän.
-Şu kitaplaryň ýagdaýyna sered-ä, gaty açylmadygyna ýüz ýyl bolandyr. Sen kitap okarmyň diýsene.
-Sen näme men üstümden gülmek üçin geldiňmi? Ynsmysyň, jynsmysyň? Asmandan indiňmi, ýerden çykdyňmy? Kim sen? Aýt ahyryn! Gel gowusy şu çyrany ýakaýaly, ýüzbe-ýüz gürleşsek has gowy bolar?!
-Otur diýýän ýeriňde. Men ýeke gelemok. Meniň ýanymda seni tanaýan kä birleri bar.
-Hany? Kim olar?
-Ynha olar...
Birdenem otagyň bir burçy ýagtylyp gitdi. Ol ýagtylykdan bolsa boýlary ösmän galan kiçijik adamjyklar görünýärdi. Ýöne ýüzlerini saýgaryp bolmaýady, anyk däldi.
Han-ha, ho-ol çep tarapda birinji durany görýäňmi? Ol seniň arzuwyň. Ol her gün sen ony hasyl etmedigiň üçin aglaýa. Onuň ýanynda duran bolsa seniň umydyň. Onuň boýy hemmeden kelte görýäňmi?! Ol gün-günden keltelip barýa. Ho-ol çalaja görünip duran bolsa seniň bagtyň, sen oňa ynanmaýanyň üçin hem ol
barha uzaklaşýa. Ho-ol agsaklap ýöreni görýäňmi? Ol seniň göwnüň. Ho-ol mydarsyz oturan bolsa seniň ýüregiňdäki duýgyň. Sen olaryň barlygyny unutdyň. Sen olara ynamyňy kesdiň. Olar üçin göreşmediň.
Olara ýyllar boýy azap berdiň. Ynsanlara kemsitdirdiň, ezdirdiň olary. Olar sen sebäpli bu gün şu ýagdaýda.Birdenem bir ýerden kiçijik çagajygyň sesi ýaly inçejik sesler eşidildi: “Sen meniň hasyl bolmagymy
isläňokmy?”, “Meni söndürme haýyş edýän, halas et meni” “Meni ýitirme, meni gözle, tap meni.” “Meni öňkim ýaly dogumy bolasym gelýä. Meni ynjytdyrma haýyş edýän”, “Meni unutma, men ýene öňkim ýaly owadan bolasym gelýä, hemişe seniň ýanyňda bolasym gelýä, meni unutma.”
-Eşidýäňmi? Bular seniň arzuwyň, umydyň, bagtyň, göwnüň, duýgyň sesleri. Olar saňa diňe bu gün däl her gün seslenýä. Ýöne sen olary diňläňok. Garşyňa çykan ujypsyzja kynçylyklar sebäpli olary ynjydýaň.

dowamy👇
6
58
enes_∞
13.10.2024 02:38

Nokat•
Günleriň birinde mugallym okuwçylara ak boş kagyz bilen ortasynda gara nokaty görkezdi we “Näme görýärsiňiz?” – diýip sorady.

Birinji okuwçy: “Nokat”.

Ikinjisi: “Gara nokat”.

Üçünjisi: “Goýy nokat”.

Soňra mugallym jogap berdi: “Hemmäňiz diňe bir nokady gördüňiz we uly ak kagyzy sizden hiç kim, hiç haýsyňyz görmedi!”

Biz hem käte şeýle bolýarys, ýagny adama ownuk kemçiliklerine seredip baha bermegi başarýarys.

10
154