Adolf Gitleriň nyşanyUzak Gündogar Aziýa ýurtlarynyň, Orta we Günorta Amerika ýurtlarynyň medeniýetlerinde, käbir däp-dessurlarynda ir döwürlerden bäri orun alan bu nyşany Ýewropa ýurtlarynda II Dünýä söweşi bolan wagty Adolf Gitleriň nyşany hökmünde tanalypdyr. Aslynda bolsa Adolf Gitler bu nyşany özi döretmändir, 1920-nji ýylda syýasy partiýasynyň nyşany hökmünde öň bar bolan zady saýlap alypdyr.
Faşist Adolf Gitleriň Germaniýasynda bu emblemanyň reňkleri beýik nemes imperatorlygy diýmegi aňladýar eken. Içindäki gara reňkli surat bolsa “Gamaly Haçyň”, ýagny aýlanýan haçyň şekilidir. Adolf Gitleriň nyşany dört sany L harpynyň birleşmeginden emele gelýär. Şol dört L harpy Light – Life – Love – Luck sözleriniň ilkinji harplaryny aňladyp, Ýagtylyk – Ýaşaýyş – Söýgi – Şowlulyk diýen manyny berýär. Faşistlere görä emblemanyň umumy manysy ýaradylyş diýmekdir.
Taýýarlan Kätip Myradow