enes_∞
Düýn, 21:54

5 welaýatyň 5 täsinligi
1. Dowzahyň derwezesi – Ahal.

Çuňlugy 20 metre, diametri 70 metre barabar bolan bu çukur dünýäde “Dowzahyň derwezesi” hökmünde tanalýar. 1971-nji ýylda sowet alymlary bu ýerden gaz almaga başlanlarynda belli bir wagtdan soň ýer çöküp bütin enjamlary ýer ýuwudypdyr. Çukurdan bolsa metan gazy çykmana başlapdyr. Soň alymlar gazyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin ony ýakmaly bolýarlar. Olar birnäçe sagadyň içinde metan gazy ýanyp gutarar diýip oýlapdyrlar. Ýöne ol ot 50 ýyl bäri ýanmaga dowam edýär.

2. Ýangygala kanonlary – Balkan.

Bu ajaýyp kanonlaryň döremegi million ýyllara barabar bolupdyr. Hazaryň we Balkan welaýatynyň şemally howalary belentliklere dört tarapdan hüjüm edip her ýerinden ýol ýasapdyr. Kanon gyzyl reňkli bolansoň adynyň “Ýangyn gala” söz düzüminden gelip çykandygy çaklanylýar. Belentligi 60-100 metr aralygynda üýtgeýär. 25 kmlik meýdanda ýaýylyp ýatyr.



3. Uzboý derýasy – Daşoguz.

Uzboý Amyderýanyň bir hanasydy. XVI asyra çenli Amyderýa, esasan hem Hazar deňzine guýýar eken. Ýöne şol asyrdan başlap ugruny Aral deňzine tarap üýtgedýär we Uzboý derýasy assa-ýuwaş guraýar. Häzirki günlerde käbir suwly ýerleri galdy. Görmek isleýänlere ýagyşly möwsümde gitmek maslahat berilýär.



4. Dinozawrlaryň yzlary – Lebap

Köýtendag etrabynda ýerleşýän dinozawrlaryň yzlary ilkinji gezek Rudolf Ýuferow tarapyndan 1960-njy ýylda ýüze çykarlypdyr. Şondan bäri 2000 müň töweregi aýak yz tapylypdyr. Bu ýerde öň köl bolan eken. Dinozawrlar şol kölüň eteklerinde ýaşapdyrlar.



5. Ýeroýlanduz çöketligi – Mary.

Bu çöketlik diňe Türkmenistanyň däl, tutuş dünýäde seýrek duş gelýän landşafta eýe. Çuňlugy 500 metre barabar ýerleri bar. 300 km töweregi ýere ýaýlyp ýatyr. Säher we şapak wagty seredeňde hasam ajaýyp. “Men haýsy planetada?” diýdirýär. Görmek isleýänlere aprel-maý aýlarynda gitmek maslahat berilýär.

5
87
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.