enes_∞
13.10.2024 12:51
ÝÜZBE-ÝÜZ

Gysga hekaya 1-nji bölüm
Garaňky otag, ýumulan gözler, kimdir biriniň düşünmegine garaşýan pikirler, düşnüksiz duýgular...
-Dünýäň gaýgysy başyňdan inen ýaly bolup, kelläňi tutup otyrsyňmy?
-Hä? Se-s-s-sen kim?
-Işiň bolmasyn!
Men oňa başga sorag bermäge dilim barmady.. Gorkudan ýaňa endam-janym buz ýaly bolan bolsa-da maňlaýymdan der çykýady. Hasanaklap çyrany ýakjak bolup ýerimden galdym.
-Otur oturan ýeriňde, saňa çyra ýak diýen barmy?!
-Hä, bor! Ýöne sen kimligiňi aýtmadyňa?! Ýogsa-da sesiň juda tanyş eşidilýä, aýdaý, sen kim?
-Men-n-n-n.....
-Hawa, sen...
-Hany şu sazyň sesini açaly-la. Oh-o-o, Nury Halmämmedow “Kerwen” sazy. Sen indi klassika diňleýäň-ow.
-Men ony hemişe diňleýän.
-Şu kitaplaryň ýagdaýyna sered-ä, gaty açylmadygyna ýüz ýyl bolandyr. Sen kitap okarmyň diýsene.
-Sen näme men üstümden gülmek üçin geldiňmi? Ynsmysyň, jynsmysyň? Asmandan indiňmi, ýerden çykdyňmy? Kim sen? Aýt ahyryn! Gel gowusy şu çyrany ýakaýaly, ýüzbe-ýüz gürleşsek has gowy bolar?!
-Otur diýýän ýeriňde. Men ýeke gelemok. Meniň ýanymda seni tanaýan kä birleri bar.
-Hany? Kim olar?
-Ynha olar...
Birdenem otagyň bir burçy ýagtylyp gitdi. Ol ýagtylykdan bolsa boýlary ösmän galan kiçijik adamjyklar görünýärdi. Ýöne ýüzlerini saýgaryp bolmaýady, anyk däldi.
Han-ha, ho-ol çep tarapda birinji durany görýäňmi? Ol seniň arzuwyň. Ol her gün sen ony hasyl etmedigiň üçin aglaýa. Onuň ýanynda duran bolsa seniň umydyň. Onuň boýy hemmeden kelte görýäňmi?! Ol gün-günden keltelip barýa. Ho-ol çalaja görünip duran bolsa seniň bagtyň, sen oňa ynanmaýanyň üçin hem ol
barha uzaklaşýa. Ho-ol agsaklap ýöreni görýäňmi? Ol seniň göwnüň. Ho-ol mydarsyz oturan bolsa seniň ýüregiňdäki duýgyň. Sen olaryň barlygyny unutdyň. Sen olara ynamyňy kesdiň. Olar üçin göreşmediň.
Olara ýyllar boýy azap berdiň. Ynsanlara kemsitdirdiň, ezdirdiň olary. Olar sen sebäpli bu gün şu ýagdaýda.Birdenem bir ýerden kiçijik çagajygyň sesi ýaly inçejik sesler eşidildi: “Sen meniň hasyl bolmagymy
isläňokmy?”, “Meni söndürme haýyş edýän, halas et meni” “Meni ýitirme, meni gözle, tap meni.” “Meni öňkim ýaly dogumy bolasym gelýä. Meni ynjytdyrma haýyş edýän”, “Meni unutma, men ýene öňkim ýaly owadan bolasym gelýä, hemişe seniň ýanyňda bolasym gelýä, meni unutma.”
-Eşidýäňmi? Bular seniň arzuwyň, umydyň, bagtyň, göwnüň, duýgyň sesleri. Olar saňa diňe bu gün däl her gün seslenýä. Ýöne sen olary diňläňok. Garşyňa çykan ujypsyzja kynçylyklar sebäpli olary ynjydýaň.

dowamy👇
6
46
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.