ÝÜZBE-ÝÜZ Gosga hekaýa 2- nji bölümOl kynçylygy ýeňip geçip olara güýç bermegiň deregine bar günäni olara ýükläp beter güýçden gaçyrdyň. Sen
olara ýyllar boýy ejir çekdirdiň.
Ol sesler bolsa gulagymyň düýbünde bar-ha güýçli ýaňlanmaga başlady. Gorkyma ýerimden hem gozganyp bilmedim. Sesler öňkiden beter güýçlenip azap berýädi. Olar şeýlebir çirkin seslerdi welin gulaklarym kamata gelip barýardy. Çydamadym, ahyry: “Goýu-u-u-uň, kesiň sesiňizi-i-i-i-i-i, kesi-i-i-i-ň” diýip gygyrdym. Sesler kesildi. Bir salymdan hälki tanyş ses:
Azap çekýäňmi? Çydaňok hä? Sen heniz azap çekip göreňok. Olaryň çeken azaplarynyň öňünde seniň bujagazyň hiç zat. Sen olara elhenç azap berdiň olar bilen bilelikde maňa-da.
-Saňa? Aý, dogan men seni tanamoga. Sesiň tanyş eşidilýä, Ýöne kimligiňi bilemok. Halys, eger çynym tanamok seni.
-Meniň maksatlarym bardy. Sen olara ýetmegime päsgel berdiň, hemişe garşyma çykdyň. Bir işiň başyny tutdugym sen ejizletdiň meni. Ynsanlara gülki etdiň.
-Ýok sen maňa töhmet atýaň. Men seni tanamok.
-Tanaýaň.
-Tanamok.
-Häzir tanarsyň.
Birden otagyň çyrasy ýandy. Çyra ýansa gorkmajak ýalydym emma indi beter sandyraýan.
-Yuwaşlyk bilen öwrül.
Yzyma öwrülmäge gorkýän. Bir tarapdan bolsa bilesigeljiligim günüme goýanok. Azajyk dogum tapyp, ýuwaşlyk bilen ses gelen tarapa seretdim, görsem garşymda hut meniň özüm durun.
-H-i-i-i, s-s-sen-n-n, birhili maňa meňzeşmi?
-Men— sen.
-Men? Ýo-o-k bu boljak zat däl. Ýöne seň boýuň biraz menden keltemi?
-Hawa, sebäbi sen meni diňlemediň, kiçeltdiň. Maňa ynanmadyň. Sen özüň bolup bilmediň. Şonuň üçin bu gün men şu ýagdaýda. Sen öňküligiňe dolan. Öňki pikirleriňe dolan. Özüň bol, seni üýtgetmeklerine ýol berme. Biz indi ýüzleşmeli bolmaly. Hoş!
Birdenem elim direlip duran kelläm “tark” edip stola degdi. Äm-säm bolup töwerege göz aýladym. Telefonymda Nury Halmämmedowyň “Kerwen” sazy ýaňlanyp dur. Öňümde hekaýamyň garalamalary.
Uludan dem alyp “Düýşüm eken” diýdim. Diýmesine diýdim welin şol günden bäri men özümi gözläp ýörün. Duşsam, aýtjak zatlarym bar.
2017ý.
Çeşmesi: https://biz.islenen.ru/21564-yuzbe-yuz.html. 05.12.2022ý.