enes_∞
19.09.2024 19:22
Döwlen aýna hakykatdanam betbagtlyk getirýärmi?
Aýnalar gadymyýetden bäri hemişe iň gyzykly ynançlaryň biri bolup gelýär. Hususan-da, aýnanyň döwülmegini betbagtlyk bilen baglanyşdyrýarlar. Bu yrym greklerden, esasanam rimlilerden gelip çykandyr diýlip çaklanylýar.

Gadymy grekler adamyň suwda şöhlelenmegini adamyň ruhuny ýüze çykarýar, döwlen aýna bolsa arassa ruhuň zaýalanmagyna sebäp bolýar diýip yrym edipdirler.

Gadymy rimliler bolsa polatdan ýasalan zatlary hudaýlaryň gurallary we ol gurallar bilen ruhlary synlaýarlar diýip yrym edipdirler.

Gadymyýetde aýna zeper ýetirmek şeýle bir hormatsyzlyk hasaplanypdyr. Aýnany döwmek we döwlen aýnada ýüz görmek betbagtlyk getirýär diýlip ynanylypdyr. Aradan ençeme ýyllaryň geçmegi bilen aýna önümçiligi köpelip, onuň döwülmegi hem ýygjamlaşypdyr. Şol sebäpli hem dini ynançlar hem täzelenipdir.

Üçünji asyrdan soň rimliler aşa köp döwlüp başlan aýnalaryň betbagtlyk getirjekdigine bolan ynançlaryny bes edip başlapdyrlar.
Aknabat AKMÄMMEDOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň talyby.
10
64
enes_∞
19.09.2024 19:17
Ekizleri nädip tapawutlandyryp bolýar?
Durmuşda biz ekizlere ýygy-ýygydan duş gelýäris. Belki bu biziň maşgalamyzda bolup hem biler. Käbir ekizler bir-birine meňzeş bolýar, käbirisi bolsa onçakly meňzemeýär. Bir ýumurtgadan (monozigot) bolan ekizler we dürli ýumurtgalardan (geterozigot) doglan ekizler bolýar. Birinji monozigot ekizler biri-birine meňzeş, ikinjisi bolsa düýbünden meňzemeýär.

Mälim bolşy ýaly, olar iki, üç sany bolýar. Dünýä ýüzünde şu güne çenli doglan ekizleriň arasynda iň uly sanlysy dokuz çagadan ybarat bolan ekizlerdir.

Ekizleriň arasyndaky tapawutlar

Käwagt ýumurtga iki bölege bölünýär we olar biri-birine garaşsyz ösýär. Şol bir wagtyň özünde, olar 99,99% meňzeş hromosomalar toplumyny göterýär. Şonuň üçin bir jynsdaky çagalar hemişe biri-birine gaty meňzeýär, olar şol bir plasentada ösýärler, ýagny olar dogulmazdan ozal hem «tanyşýarlar».

Geterozigot ekizler biri-birinden düýbünden tapawutlanýar we hatda başga jynsda hem bolup bilerler. Käbirleri has çalt, käbirleri has haýal ösüp biler. Netijede, köplenç beýlekiler bir doganyň ýa-da aýal doganyň beýlekisinden uludygyny pikir edýärler.

Käbir gyzykly maglumatlar

Käbir ekizler edil aýnadaky şekiller ýalydyr. Ýagny, biri beýlekisiniň takyk aýnadan çepden saga göçürmesini görkezýär, mysal üçin, biriniň çep ýaňagynda ýerleşýän zat bir beýlekisiniň sagynda bolýar.

Ekizleriň öz dili bar diýilýär. Alymlar bu hadysany kriptofaziýa diýip atlandyrýarlar. Ol çagalar sözler, yşaratlar, ýüz keşplerini ulanyp, hemme zada gowy düşünip, biri-biri bilen erkin aragatnaşyk saklaýarlar. Beýlekiler üçin bularyň hemmesi manysyz ýaly bolup görünýär.

Ekizleriň dogluşy ýer ýüzi boýunça dürlüçe paýlanýar. Mysal üçin, Braziliýada ekizler köp dogulýarlar, ýöne Ýaponiýada olar gaty seýrek bolýar. ABŞ-da garaýagyz ekizler akýagyzlylara garanyňda ep-esli köp bolýar.

Ekizleriň köplenç meňzeş terjimehallary, halaýan tagamlary we endikleri bolýar. Belli bir sebäplere görä, ekizler aýry düşäýseler ýa-da hersi dünýäniň başga künjünde bolsalar hem olaryň endigi, özüni alyp baryşlary birmeňzeşligini saklaýar. Begmyrat SARYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
14
223
enes_∞
19.09.2024 19:11

Orta asyr musulman dünýäsiniň filosofiýasy
Orta asyrlarda yslam dünýäsinde uly bir ösüşe eýe bolup başlan filosofiki pikirler, köplenç, ylmyň esasynda kemala gelipdirler. Şol döwürde Merkezi Aziýada ýaşan alymlaryň matematika, astronomiýa, lukmançylyk, geografiýa, taryh ylymlarynda, aýratyn da alhimiýada meşhurlyga eýe bolandyklary taryhdan bellidir. Aslynda lukman, astronom we geograf bolan filosoflar, köplenç, howaýy pikir ýöretmelere däl de, takyk ylymlara, tejribä höwesli bolupdyrlar.




Orta asyr musulman filosofiýasynyň görnükli wekilleri hökmünde Al -Farabynyň, Ibn Sinanyň we Al -gazalynyň atlary tutulýar. Al- Faraby (870 -950) ýüzden gowrak filosofiki we tebigy ylymlaryň taryhyna degişli eserleri döredipdir. Ol diňe bir Ýakyn we Orta Gündogarda aristotelizmi esaslandyryjylaryň biri bolman, eýsem täze döwrüň filosofiýasynyň döremegine güýçli itergi beren akyldar bolupdyr. Faraby teoretik (logika, filosofiýa we tebigy ylymlar) we amaly (edep we syýasat) böleklerden bolan ylmyň akyl ýetirişiň esasy serişdesiliginden ugur alypdyr. Ol hakyky bilimi ýalan bilimden tapawutlandyrmaga kömek berýän logika ilkinjiligi beripdir. Şol esasda hem filosof paýhasyň aýratyn ähmiýetini belläpdir. Onuň pikiriçe, diňe filosofiýa adama barlygyň manysyna düşünmeklige ýardam etmeklige ukyplydyr. Barlyk bolsa, hem-ä “bitewilik” we şol bir wagtda-da “köplükdir”. Barlygyň bu hili ýagdaýy barlygyň dürli gurşawlarynyň bir “bitewilikden” gelip çykýanlygy bilen baglydyr. Farabynyň aýtmagyna görä, dünýä dokuz sany, biri biriniň içinde ýerleşýän asman çäklerinden durýar. Olarda ýaşaýan ruhlar bu asmanlary herekete getirýärler.




Ibn Sina (Awisenna) (980 1037) adamzadyň filosofiki pikirine saldamly goşant goşan akyldardyr. Ol 300 den gowrak eserleri döreden, olaryň arasynda onuň “Tebipçilik ylmynyň Kanuny”, “Bilimler kitaby” ýaly eserleri uly meşhurlyga eýedir. Ibn Sina ensiklopediki bilimlilige eýe bolan akyldardyr. Ol ylymlary öwrenýän zatlaryna görä kadalaşdyrmagyň wajyplygy baradaky pikiri öňe sürýär. Akyldar tebigat ilkibaşdan bar we ýok edilmeýär diýen pikiri goldapdyr. Tebigatyň kanunlary üýtgemeýärler, şonuň üçin olara adam akyl ýetirip bilýär. Ibn Sinanyň filosofiki mirasynda barlyk taglymaty aýratyn orun tutýar. Ol barlygyň iki görnüşini, ýagny gerekli bar zadyň we mümkin bolan bar zadyň barlygyny tapawutlandyrýar.

🔻İNFO🔻
12
49
enes_∞
19.09.2024 19:02

Gadymy Atalyk mekdepler
Türkmen-oguz milli bilim terbiýe ulgamynyň abraýyny dünýä äşgär eden atalyk mekdeplerdir. Atalyk mekdepleri köşklerde, patyşanyň howandarlyklarynda döredilipdir. Mekdebiň işine ýörite bellenen baş atabeg-wezir gözegçilik edipdir we hut patyşanyň özüne yzygider hasabat beripdir.




Çagalara bilim berýän terbiýeçileri we mugallymlary atalar, atalyklar, atabegler diýip atlandyrypdyrlar. Olar ukyply türkmen ýaşlaryndan ýörite taýýarlanypdyrlar. Atalyk mekdeplerinde dünýä dilleri we edebiýaty, sözleýiş sungatynyň ussatlygy, taryh, geografiýa, astrologiýa, astronomiýa, geometriýa, arifmetika ýaly ylymlaryň esaslary, söweş we serkerdelik tilsimatlary öwredilipdir.




Atabeglerden talap diýseň güýçli bolupdyr. Olar öz terbiýeleýän şägirdini ähli ugurdan, ähli babatda kämil derejede we durmuşa taýýar edip ýetişdirmeli bolupdyr. Bu işde hat-da ownuk säwlikleriň we kemçilikleriň bolmazlygy kanuny hasaplanypdyr. Atalyklar mekdebini tamamlaýan ýetginjegi patyşanyň wekilinden, danyşmentlerden, batyrlardan we çaganyň hossarlaryndan ybarat bolan topar ýörite synagdan geçiripdir. Şonuň üçin hem türkmen atabegleriniň terbiýesini alan ýaşlar dünýäniň ähli künjeklerinde dünýägaraýyşlarynyň giňligin sowatlylygy, beden taýdan sagdynlygy, serkerdelik başarnygynyň artykmaçlygy bilen parhlanypdyr. Türkmen atalyk mekdepleri Gündogarda hem-de Günbatarda meşhurlyk gazanypdyr. Şeýle bolansoň arap döwletleri, Wizantiýa, Hytaý, Hindistan kimin ýurtlaryň patyşalarydyr hanlarynyň bilim we tälim aldyrmak üçin öz çagalaryny türkmen ülkesine ibermekleri güwä geçýär.




Mekdepler, hat-ýazuw milletiň ylmynyň-biliminiň medeniýetiniň, sungatynyň, umuman, tutuş milli ruhuň ösüş derejesinden habar berýän subutnamadyr. Jeýtun, Altyndepe, Merw ýaly gadymy medeni merkezleri döreden, taryha mälim bolan bäş adamzat gymmatlygynyň birini dünýä peşgeş beren türkmenleriň milli ýazuwynyň bolmagy tebigy kanunalaýyklyk we taryhy hakykatdyr. Bu hat-ýazuwlaryň tapylmagy türkmen topragyndan gadymdan bäri ylma-bilime uly üns berlenligine şaýatlyk edýär.

🔻İNFO🔻
9
27
enes_∞
18.09.2024 20:56

Ýaşaýşyň döreýşi baradaky garaýyşlaryň ösüşi

Gadymy döwürlerden bäri Ýerde ýaşaýşyň döreýşi baradaky garaýyşlaryň birnäçesi öňe sürüldi. Garaýyşlaryň köpdürlüligi iki sany taglymatyň (teoriýanyň) ýüze çykmagyna getirdi: biogenez we abiogenez taglymatlary. Biogenez (grekçe «bios» – ýaşaýyş, «genezis» – gelip çykyş, döreýiş) taglymatynyň tarapdarlary organiki maddalardiňe janly organizmlerden döreýär diýip düşündirýärler. Başgaça aýdylanda, biogenez – ähli jandarlaryň diňe janly organizmlerden döräp bilýändigini tassyklaýan umumylaşdyrylan garaýyşdyr. Bu teoriýanyň garşydaşlary bolsa, ýaşaýşyň döreýşiniň abiogenez teoriýasyny goldaýarlar. Olar janly tebigatda duş gelýän organiki birleşmeleriň organizmler we fermentler gatnaşmasa hem döräp bilýändigini tassyklapdyrlar. Abiogenez – ýaşaýşyň ýüze çykyşynyň häzirki zaman taglymatynyň başlangyç gipotezasy. Orta asyr alymlarynyň birnäçesi ýaşaýşyň öz-özünden döremeginiň mümkindigini nygtapdyrlar. Olar balyklaryň palçykdan, gurçuklaryň toprakdan, syçanlaryň hapa zatlardan döräp bilýändigini mümkin diýip hasaplapdyrlar. Şol döwrüň belli alymlarynyň biri bolan lukman Parasels (1485–1540) adam şekilli jandary (gomunkulusy) emeli ýol bilen döredip boljakdygyna ynanypdyr.

XVII asyrda florensiýaly (Italiýa) lukman Françesko Redi (1626–1698) ýaşaýşyň öz-özünden döremegi baradaky teoriýanyň ýalandygyny tejribe üsti bilen düşündirdi. Ol ýapyk gapda et bölegini ýerleşdirip, birnäçe wagtdan soň et zaýalanan mahalynda-da, onda siňegiň liçinkalarynyň (gurtlarynyň) öz-özünden döräp bilmeýändigini görkezdi. Emma bu tejribeden soň hem ýaşaýşyň öz-özünden döreýiş teoriýasynyň tarapdarlary öz pikirlerinden dänmändirler. Olar agzy ýapyk gaba howa geçmänligi sebäpli, liçinkalaryň öz-özünden döremeýändigini tassyklapdyrlar. Şondan soň F. Redi et bölejiklerini birnäçe sany çuň gaplarda ýerleşdiripdir. Olaryň bir böleginiň agzyny açyp goýupdyr, beýlekileriniň agzyny bolsa, hasa bilen ýapypdyr. Birnäçe wagtdan soň agzy açyk gaplardaky etlerde siňek liçinkalary emele gelipdir, ýapyk gaplardaky zaýalanan et böleklerinde bolsa, liçinkalar emele gelmändir.

XVIII asyrda ýaşaýşyň öz-özünden döräp bilmegi baradaky teoriýany nemes matematigi we filosofy Leýbnis dowam etdirdi. Onuň tarapdarlary janly organizmlerde aýratyn «ýaşaýyş güýjüniň» bardygyny tassyklapdyrlar. Witalistleriň (lat. «vitalis» – janly, diri) pikiriçe, «ýaşaýyş güýji» ähli ýerde duş gelýär. Mikroskopyň oýlanyp tapylmagy adamlara mikroorganizmleriň dünýäsi bilen tanyş bolmaga mümkinçilik berdi. Etli çorba salnan agzy berk ýapylan kolbada ýa-da bede suwunda birnäçe wagtdan soň mikroorganizmleriň peýda bolýandygyny gözegçilikler görkezdi. Emma haçan-da etli çorbany bir sagadyň dowamynda gaýnadanlarynda we kolbanyň agzy berk ýapylanda, kolbada hiç zat ýüze çykmandyr. Şeýlelikde, witalistler: «Uzak wagtlap gaýnatmaklyk, agzy berk ýapylan kolba girip bilmejek ýaşaýyş güýjüni öldürýär» diýen netijä gelipdirler. Abiogenez we biogenez teoriýalarynyň tarapdarlarynyň arasyndaky jedeller XIX asyrda-da dowam etdi. Hat-da meşhur Ž. B. Lamark hem 1809-njy ýylda kömelekleriň öz-özünden döremekliginiň mümkindigi barada ýazypdyr.
Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 11-nji synplar üçin “Umumy Biologiýa” dersi boýunça okuw kitaby
12
76
enes_∞
17.09.2024 23:53

Garnyňyzda ýatmagyň nähili zyýanlygy mälim edildi

Garnyňyzda ýatmak adamyň saglygyna zyýanlydyr. Hünärmenleriň pikiriçe, hut şu ýagdaýda bedene iň uly ýük düşýär.

Lukman Toni Naldyň pikiriçe, bu ýagdaýda ýatýan adamlar köplenç dürli kesellerden zeýrenýärler. Garnyňyza ýatmak ýüregiňize köp kynçylyk döredip biler. Bu geljekde ýürek-damar ulgamy bilen baglanyşykly kesellere sebäp bolar.


Mundan başga-da, adam garnynda ýatanda onuň ýüzi ýassykda gysylýar. Hünärmeniň bellemegine görä, bu ýygyrtlara sebäp bolýar.
Uky meselesi bilen bagly hünärmenler bu ýagdaýda bedeniň asla dynç almaýandygyny, tersine, has hem dartgynlaşýandygyny nygtaýarlar. Nädogry ýatmak migrenlere, gysylan nerwlere sebäp bolup biler we boýnuň egri bolmagy bilen baglanyşykly sebäplere getirip biler.

Ukyňyzy gowulaşdyrmak üçin hünärmenler arkaňyzda ýa-da gapdal uklamagy maslahat berýärler. Bu ýagdaý, dem almakda kynçylyk çekýän adamlar üçin amatlydyr.

saglyk
10
58
enes_∞
17.09.2024 20:26

Alymlar: «50 ýaşdan soň günde 5 sagatdan az ýatmak ölüm howpuny ýokarlandyrýar!»
«PLoS Medicine» lukmançylyk žurnalynda çap edilen täze gözlegiň netijesine görä, 50 we ondan ýokary ýaşdan soň günde 5 sagatdan az ýatmak birnäçe saglyk meselelerine sebäp bolup ölüm howpuny ýokarlandyrýar.

Takmynan, 8 müň adamyň gatnaşan gözleginde 20 ýyldan gowrak wagt bäri maglumatlar ýygnaldy. Lukmanlar gözlege gatnaşan adamlaryň her gün näçe sagat ýatandyklaryny ýazgy etdiler.

Gözlegiň dowamynda, günde 5 sagat we ondanam az uklaýan 50 we ondan ýokary ýaşly adamlaryň, günde 7-8 sagat uklaýanlara garanyňda saglyk meseleleriniň 30 göterim köp bolýandygy ýüze çykaryldy

saglyk
8
39
enes_∞
17.09.2024 20:20
SAGLYK BARADA JÜMLELER
Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň «Saglygyň gadryny bilgil, hassa bolmazdan burun» diýip nesihat edişi ýaly, gadym döwürlerden bäri adamzat baş saglygyň naýbaşy baýlykdygyna düşünipdir we bu baradaky pikirleri atalar sözlerine, nakyllara siňdiripdir. Alymlar, filosoflar, lukmanlar saglyk, ony goramak, berkitmek baradaky pikirlerini, maslahatlaryny, öwüt-ündewlerini parasatly jümleler arkaly beýan edip nesillere geçiripdirler. Şunuň bilen baglylykda, dünýä halklarynyň wekilleriniň tejribesi, pähim-paýhasy bilen ýugrulan jümlelerini size ýetirmegi makul bildik:

«Seniň saglygyň – bu arassa howa, suw we iýmit. Şatlyk bilen oýan, ýylgyryp uka git. Sen şatlanýaň, ýylgyrýaň, diýmek, sen sagdyn. Keseli bejerme, durmuşyňy sazla, tebigatyň we pähim-parasatlylygyň kanuny boýunça ýaşa. Saglyk bolmasa pähimlilik dymýar, sungat gülläp bilmeýär, kuwwatlylyk ýalkym saçmaýar, baýlyk peýdasyz, parasatlylyk güýçsüz bolýar» Gerodot.

* * *

«Beden maşklary lukmançylygyň şypa beriji bölegidir» Platon.

* * *

«Sagdyn wagtyň ylgamasaň, syrkawlansoň ylgamaly bolarsyň» Gorasiý.

* * *

«Beden maşklary köp dürli dermanlaryň ornuny tutup biler, emma dünýädäki hiç bir derman beden maşklarynyň ornuny tutup bilmez» Anjelo Mosso.

* * *

«Hiç hili artykmaç zat ýok. Ir ýatmak, ir turmak – adamyň sagdyn, baý we akylly bolmagynyň şerti» Benjamin Franklin.

* * *

«Saglyk – diňe bir güýjüňi, wagtyňy, zähmetiňi däl, eýsem durmuşyň bir bölegini sarp etmeklige mynasyp bolan ýeke-täk baýlykdyr» Mişel de Monten.

* * *

«Hemişe bir zat bilen meşgul boluň. Bu dünýädäki iň arzan we netijeli dermandyr» Deýl Karnegi.

* * *

«Ruhy berkligiňi goramak üçin beden berkligiňi saklamak gerekdir» Wiktor Gýugo.

* * *

«Lukmanlar keseli bejerýär, saglygy bolsa özüň gazanmaly» Nikolaý Amosow.


saglyk
Sähra ATAÝEWA,


Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy
9
18
enes_∞
17.09.2024 20:14

Ukynyň bozulmagy, has köp iýmegimize sebäp bolýar!
Eger gije kadaly we ýeterlik ukyny alyp bolmasa ertesi gün artykmaç iýmitlenmek meýli döreýändigini eşiden ýa-da okan bolmagyňyz mümkin. Munuň sebäbini öwrenýän alymlar käbir netijä geldiler. Bu netijeler «Sleep» žurnalynda çap edildi.

Alymlardan ybarat toparyň netijelerine görä, ukynyň pes bolmagy açlygymyzy kadalaşdyrýan endokannabinoid ulgamynda kynçylyk döredýär. Gözlegçiler bu netijä gelmek üçin 14 sany erkek we zenan maşgalanyň gatnaşmagyndaky tejribede uky endiklerine gözegçilik etdiler. Geçirilen tejribede, 6 gatnaşyjy 7.5 sagat uklady, 8 gatnaşyja bary-ýogy 4 sagat uklamaga rugsat berildi. Soňra bolsa iki toparda hem açlyk, lezzet we refleks ölçenildi. Mundan başga-da, her sagat alnan gan nusgalary seljerildi.

Topar aslynda açlygy we bedeniň energiýa derejesini kadalaşdyrýan «2-AG» atly endokannabinoidi yzarlady. Gözleýän zatlaryny hem tapdylar. Kadaly uklamadyklarda «2-AG»-niň derejesi gaty ýokarydy. Topar erbet uky endokannabinoid ulgamyny işjeňleşdirýär we şeýlelik bilen ony has köp iýmäge iterýär diýen netijä geldi. Şeýle hem, synagyň ahyrynda gowy uklamadyklaryň has köp kaloriýaly iýmitlere garşy durup bilmejekdikleri ýüze çykaryldy.

Synag gysga möhletli we gaty az adamyň gatnaşmagynda geçirildi. Ýöne alymlar şeýle-de bolsa bu netijeleriň örän möhümdigini aýdýar.

Dünýäde 7 sagatdan az uklaýan adamlar gaty köp. Bu diýmek bolsa, semizlige has soňra bolsa beýleki saglyk meselelerine getirýär. Şonuň üçin her gün kadaly ukyny almagy maslahat berýäris!


saglyk
Akbarali ORUNBAÝEW,


Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby
9
26
enes_∞
17.09.2024 20:10
Alymlar: «Dyrnaga reňk çalmak deride howply rak keselini döredýär!»
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda ýaş gyzlaryň we zenanlaryň arasynda dyrnaklaryna dürli reňkli boýaglary çalmak döwrüň modasy boldy. Emma ýakynda alymlar tarapyndan geçirilen täze gözleg, dyrnaklara çalynýan şol reňkli boýaglaryň rak keselini döredýänliginiň üstüni açdy.

Ýewropanyň Dermatologiýa boýunça hünärmenleriniň geçiren gözlegleri zenanlaryň dyrnaklaryna çalýan reňkli boýaglarynyň birnäçe ýokançlyklary, gormonal näsazlyklary döredip, deride rak keselini döredip bilýändiginiň üstüni açdy. Hünärmenler:

«Dyrnaga çalynýan boýaglaryň düzüminde saglyga zyýanly birnäçe madda bar. Bu maddalar deri bilen köp wagt galtaşyp dursa deride örän howply çişleri döredip bilýär.» - diýip, belläp geçýärler.

Saglyk
6
24