elya
12.03.2024 10:24
Ýaraşaly, utduň sen,
Dar bu tünek, kerep, yzgar,
Güýçli tupan turýarmyşyn,
Her kim ezizine tarap ylgar,
Men nirä ylgaryn?
Güýçli tupan turýarmyşyn,
«Bu soňmuka?» diýýänem kän.
Aňman kalbyň ýarasyny,
Hazan urmuş, söýýänem kän,
Ýaraşaly!
Buzlar eräp ýatyr demirgazykda,
«Bahym suw alýarmyş dünýäni» diýýä.
Seň bolsa eremän, ýazylman ýörşüň,
Halyň soralanda: «Gül ýaly» diýmän.
Aýt-da,
Eýse, şol güne galdymy bu işler?
Iň bolmanda, adam sanynda goýup,
Ähli günäň maňa ýap-da başlaber:
«Sen sözüňde durup bileňok» diýip.
Gel, giç dälkä ýaraşyp bir goýaly,
Soň tumşugňy göge tut-da ýörüber.
Baky gelmedigňe ynanýan bolsaň,
Ýaraşaly, gara çynym, dünýä-de
Näme oýny bolsa, görkezsin onsoň.
45
84
elya
11.03.2024 14:18
Sen üýtgeşik bolmasadyñ,
Belki, söýmezdimem seni,
Kä ýürekler öýkeleşse,
Zordan almazdymam demi.
Sen üýtgeşik bolmasadyñ,
Asyl bagty duýmazdymam,
Ýaşardym manysyz ömri,
Asyl söýgä uýmazdymam.
Sesiñ bilen hüwdilenip,
Adyñ bilen galkynan men,
Käte deñiz, derýa ýaly,
Kenaryñda tolkunyñ men.
Hassalasam, derman boldyñ,
Kyn günimde tekgelik sen,
Umyt bilen ýaşap ýörin,
Barlygyñda dikgerip men.
Duýgylardan körän gursak,
Her gün saña alñasady,
Asyl söýgä uýmazdymam,
Sen üýtgeşik bolmasadyñ...
37
53
elya
11.03.2024 00:43
Günler dönüp barýar ýüpek sowsana,
Bar oňa teşnelik, garyp köňülde.
Her gije serime dolýar howsala,
Ýola bakýan penjiräniň öňünde.
Düýşde aýan boldy ýürek duýgusy,
Gorkymy yzyma düşürip gezýän.
Ol meniň hasratym ýuwup bolmajak,
Ýalňyzlykda galsam bagrymy ezýän.
Indi agraslygym, synama siňen,
Köýen arzuwymdyr, maksatdan yrak.
Agyr günde aglap, özleri diňen,
Heserdeş bagymdyr, yhlasa myrat.
Ýüregim gussadan, gümandan doly,
Indi bu günlerden gitmerin uzak.
Synamdaky guragyry mysaly,
Kesel maňa ykjam, gurupdyr duzak.
Aý ýaly, hoş hyýalymdan üzülip,
Asuda günleriň raýyn ýykman.
Ýaşasam, men, höwesim, aýdymym bilen,
Aý ýaly gaýtadan dogurmaz ykbal.
02.05.1984ý.
Çary Yegenmyradow
41
30
elya
09.03.2024 16:03
"Sen yok .Bir gun gadryn biliner.."
Sen ýok — gadryň hut şu wagtdan bilinýär…
Sen ýok — günler goňras reňke boýandy.
Jübütlere hemdem bolan Aý solup,
Guşlar eýýäm öňküden giç oýandy.
Sen ýok — ses ýok, meýmiredýän hyjuw ýok,
Sen ýok — dünýä tukatlandy (eýesiz!)
Sen ýok — ömür dowam etdi biperwaý,
Sen ýok — bu duýgulam galdy söýesiz.
Pasyllar ornuny çalşyp geldiler,
Ýaz-a ýaz däl,
Özün unutdy tomsam.
Ýatamda bagrymy kerçedi “Sen ýok”,
“Sen ýok” ýüregimi gyýdy oýansam.
Ýaşlyk köýdi, höwes köýdi, yşk köýdi…
Gör, ýene nämeler terk eder meni!..
Düşünýänem ýogsa, ahyrsoňunda,
Hawa, şu “Sen ýok”-lar berkider meni.
Adam-da… küýsegden bagryň dilinýär…
Sen ýok, dünýäm, gadryň eýýäm bilinýär…
Sapa HOMMADOW
52
79
elya
07.03.2024 22:22
8-nji mart gutlagy
Mähribanlygyňyz beýik görelde,
Ýürekler ýylanýar sizi görende,
Söýgimiz çäksizdir size köňülde,
Mähriban eneler, mährem uýalar.
Baýramyňyz gutly bolsun, sonalar!
Siziň bilen dünýäň ýüzi dörändir,
Siziň bilen perzent sözi dörändir,
Siziň bilen bagtyň özi dörändir,
Mähriban eneler, mährem uýalar,
Baýramyňyz gutly bolsun, sonalar!
Siziň baryňyzda owadan dünýä,
Siziň baryňyzda göwünler gülýä,
Güller görküňize başyny egýä,
Mähriban eneler, mährem uýalar,
Baýramyňyz gutly bolsun, sonalar!
Adyňyzy gaýtalaýar köňlümiz,
Sizi soňsuz sarpalaýar döwrümiz,
Janyňyz sag, uzak bolsun ömrüňiz!
Mähriban eneler, mährem uýalar,
Baýramyňyz gutly bolsun, sonalar!
61
406
elya
11.11.2023 20:10
Hoşlaşyk
Ýazgydyma sygmadyň,
Öwrülmediň yşgyma.
Ertir dogan günümiz,
Batdy ýetmän guşluga.
“Alçak” diýip söýüpdim,
“Aljak!” diýip söýüpdim.
Men bir gezek köýemde,
Sen on gezek köýüpdiň.
On paý alyp söýgüden,
Birin berip bilmedim.
Menden öň-ä alçakdyň,
Maňa duşup gülmediň.
Illeň erki elinde,
Meniň erkim ýürekde.
Nadyl ýürek,ah ýürek
Arada yş döretdi.
Şeýde-şeýde açdyk biz,
Yşkyň sarsmaz sepini.
Günler geçer,eglenmez,
Kemmez ýeke depini.
Ýyllar bilen gursaga,
Düşer durar gam indi.
Asman erksiz goýberer,
Üstden hasrat ýagynny.
Owazymyz çalyşar,
Üýtgär öňki heňimiz.
Takdyr oklar öňmüze,
Her kimiň öz deňini.
Kaýyl bolup ýazgyda,
Gezeris biz gyýylman.
(Öňki gören günüň-dä,
Söýen wagtyň söýülmän!)
Ýadyňdamy?Şanyňa
Goşgy ýazjak diýipdim...
...Men bir gezek köýemde,
Sen on gezek köýüp
Aşyr Hanow
60
270
elya
10.11.2023 21:29
Hemişekim ýaly çümerin oýa,
Bir nokada dikip ählije ünsüm.
bolýan zatlar garanog-a raýa,
Ýalňyzlyk.
Duýgular.
Otagym ümsüm...
Yşkymam olaryň aralygynda,
derdimi ýeňleder ümsüm gijeler.
Ykbal bu söýgiden ar alanynda,
Muhabbetden gaýnar eken dideler.
Çala açyk otagymyň gapysy,
ondan uzap gider insiz yşjagaz.
Daşarda Aý, çalyp otyr gopuzy,
a içerde bir hyýalbent gyzjagaz
ýazýar, çyzýar, öz-özüne düşünmän,
Galamyň inçejik bilinden gysyp.
Ýa yzyndan ýetjek bolup bu dünýäň,
ýazýandyr basym...
Oýa gark bolupdyr, düşnüksiz halda,
hat-da özüni-de çykaryp, ýatdan,
gaýyp ýör ol, bir elýetmez hyýalda,
oňa bu ümsümlik möhüm bar zatdan.
Penjireden bolsa düşer Aý nury,
ol henizem otyr pynhançylykda.
Sered-ä, üýşüpdir pikirleň bary,
«Bu gün ümsüm gije myhmançylykda!».
56
79
elya
10.11.2023 17:43
YNAM
Halys yrymlara höwrügipdirin,
Mundan soňra çäk ýok ýaly aňyrda.
Goşa dideleriňe öwrülipdirin,
Gabaklaryňa siňip geçen asyrda.
Her nädip bolsa-da ýylgyrtjak bolýaň,
Dürlüsini tapyp degişmeleňem.
Mähriň bilen kalbym ýylatjak bolýaň,
Men yşkyňdan boýa galan gülsenem.
Gür berseň owaldan eşdenlermi,
Ilkinji gezek deý ümsüm diňlärin.
Gara gözlim ber ýüregme melhemňi,
Bu şäherde seni görsem giňärin.
Ýol uzakdyr,sözüm diňle kämahal,
Söýülseň,söýseňem ýene gerekle.
Mendirin-dä,özüm aýdar goýaryn,
Sen yrymçyl söýgüliňe seretme.
Ogulnur Pirjikowa
49
54