Hemişekim ýaly çümerin oýa,
Bir nokada dikip ählije ünsüm.
bolýan zatlar garanog-a raýa,
Ýalňyzlyk.
Duýgular.
Otagym ümsüm...
Yşkymam olaryň aralygynda,
derdimi ýeňleder ümsüm gijeler.
Ykbal bu söýgiden ar alanynda,
Muhabbetden gaýnar eken dideler.
Çala açyk otagymyň gapysy,
ondan uzap gider insiz yşjagaz.
Daşarda Aý, çalyp otyr gopuzy,
a içerde bir hyýalbent gyzjagaz
ýazýar, çyzýar, öz-özüne düşünmän,
Galamyň inçejik bilinden gysyp.
Ýa yzyndan ýetjek bolup bu dünýäň,
ýazýandyr basym...
Oýa gark bolupdyr, düşnüksiz halda,
hat-da özüni-de çykaryp, ýatdan,
gaýyp ýör ol, bir elýetmez hyýalda,
oňa bu ümsümlik möhüm bar zatdan.
Penjireden bolsa düşer Aý nury,
ol henizem otyr pynhançylykda.
Sered-ä, üýşüpdir pikirleň bary,
«Bu gün ümsüm gije myhmançylykda!».