elya
09.03.2024 16:03
"Sen yok .Bir gun gadryn biliner.."

Sen ýok — gadryň hut şu wagtdan bilinýär…
Sen ýok — günler goňras reňke boýandy.
Jübütlere hemdem bolan Aý solup,
Guşlar eýýäm öňküden giç oýandy.

Sen ýok — ses ýok, meýmiredýän hyjuw ýok,
Sen ýok — dünýä tukatlandy (eýesiz!)
Sen ýok — ömür dowam etdi biperwaý,
Sen ýok — bu duýgulam galdy söýesiz.

Pasyllar ornuny çalşyp geldiler,
Ýaz-a ýaz däl,
Özün unutdy tomsam.
Ýatamda bagrymy kerçedi “Sen ýok”,
“Sen ýok” ýüregimi gyýdy oýansam.

Ýaşlyk köýdi, höwes köýdi, yşk köýdi…
Gör, ýene nämeler terk eder meni!..
Düşünýänem ýogsa, ahyrsoňunda,
Hawa, şu “Sen ýok”-lar berkider meni.

Adam-da… küýsegden bagryň dilinýär…
Sen ýok, dünýäm, gadryň eýýäm bilinýär…

Sapa HOMMADOW
52
79
efsane_tm
9 Mart 2024
@elya, mm bolya, bimaza eden bolsam bagyşlarsyñ!
efsane_tm
9 Mart 2024
@elya, jogabyna garaşypdym🙁
efsane_tm
9 Mart 2024
gowy goşgy eken
Dusia
9 Mart 2024
Allam söýenlerimizden aýyrmasyn!
Dusia
9 Mart 2024
😢
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.