Hoşlaşyk
Ýazgydyma sygmadyň,
Öwrülmediň yşgyma.
Ertir dogan günümiz,
Batdy ýetmän guşluga.
“Alçak” diýip söýüpdim,
“Aljak!” diýip söýüpdim.
Men bir gezek köýemde,
Sen on gezek köýüpdiň.
On paý alyp söýgüden,
Birin berip bilmedim.
Menden öň-ä alçakdyň,
Maňa duşup gülmediň.
Illeň erki elinde,
Meniň erkim ýürekde.
Nadyl ýürek,ah ýürek
Arada yş döretdi.
Şeýde-şeýde açdyk biz,
Yşkyň sarsmaz sepini.
Günler geçer,eglenmez,
Kemmez ýeke depini.
Ýyllar bilen gursaga,
Düşer durar gam indi.
Asman erksiz goýberer,
Üstden hasrat ýagynny.
Owazymyz çalyşar,
Üýtgär öňki heňimiz.
Takdyr oklar öňmüze,
Her kimiň öz deňini.
Kaýyl bolup ýazgyda,
Gezeris biz gyýylman.
(Öňki gören günüň-dä,
Söýen wagtyň söýülmän!)
Ýadyňdamy?Şanyňa
Goşgy ýazjak diýipdim...
...Men bir gezek köýemde,
Sen on gezek köýüp
Aşyr Hanow