Ýaraşaly, utduň sen,
Dar bu tünek, kerep, yzgar,
Güýçli tupan turýarmyşyn,
Her kim ezizine tarap ylgar,
Men nirä ylgaryn?
Güýçli tupan turýarmyşyn,
«Bu soňmuka?» diýýänem kän.
Aňman kalbyň ýarasyny,
Hazan urmuş, söýýänem kän,
Ýaraşaly!
Buzlar eräp ýatyr demirgazykda,
«Bahym suw alýarmyş dünýäni» diýýä.
Seň bolsa eremän, ýazylman ýörşüň,
Halyň soralanda: «Gül ýaly» diýmän.
Aýt-da,
Eýse, şol güne galdymy bu işler?
Iň bolmanda, adam sanynda goýup,
Ähli günäň maňa ýap-da başlaber:
«Sen sözüňde durup bileňok» diýip.
Gel, giç dälkä ýaraşyp bir goýaly,
Soň tumşugňy göge tut-da ýörüber.
Baky gelmedigňe ynanýan bolsaň,
Ýaraşaly, gara çynym, dünýä-de
Näme oýny bolsa, görkezsin onsoň.