elya
09.08.2023 21:45

Süpür ýaşyň, kinelerňi zyň çete,

Ömür saňa ýeke gezek berilýär.

Kynçylykda ynsan öňinde däl-de,

Diňe bir Allaha eliň serilýär.


Aglama, aglamak ejizlik bilseň,

Ejizlik hemişe aýyp görülýär,

Her günde bäş gezek epilip dyzy,

Diňe bir Allaha eliñ serilyär.


Günälerden saplan, alkyşlanjak bol,

Her bir günäň üçin ryskyň kemelýär,

Çünki bil! Dogulduň, ýaşadyň, her dem,

Diňebir Allaha eliň serilyär!!!


Awtory: Baýram Bejidow.

105
106
elya
08.08.2023 18:46

Üç gün başy bagtdan ýaña aýlanyp,

Adamyñ şatlykdan bogulan güni.

Begenjin paýlaşyp toýlar toýlanyp,

Il günün dost ýaryn doýuran güni.


1.Ne düşünüp bilýår ne gepläp bilýär,

Çaga aglaýandyr töwerek gülýär,

Nätanyş keşpler hem üýtgeşik dünýä,

Göz açyp eneden dogulan güni.


2.Ýaşlygynda dadyp söýgiñ lezetin,

Görnüp dursa ýaryñ keşbi gözýetim,

Görmek üçin bile şatlyk ezýetim ,

Bir ykbala baglar döwülen güni. 


3.Perzent gerek daýanmaga adama,

Ýaşy uzyn eýe boljak adyna,

Gowuşanda sallançagyñ badyna,

"Kaka boldum" diýip öwünen güni.


"ŞULARY GÖRSEM " DIÝP ÝAŞAR ÖMRÜNI,

INE, ADAMYÑ IÑ BAGTLY ÜÇ GÜNI.


Şanazar Hydyrow

103
113
elya
07.08.2023 17:20

Durmuşyň ýüküni egnime atdym,

Ömrümi ýyllara mugtuna satdym,

Şu gysga pursatda kän menzil ötdüm,

Indi ýetjek ýerme ýetdigimmikän.


Menem söýdüm, söýgi başym aýlady,

Tenim oda döndi sowuk duýmady,

Yşk derýasy boýum bilen boýlady,

Şeýdip söýgi suwna batdygymmykan.


Kän ýüzmedim söýgiň suwy gurady,

Akja gaýyk gara ýere diredi,

Ýelkenleri gün nuruna çüýredi,

Ine şeýdip dogry etdigimmikän.


Telbe bolup gezdim söýgimden dänip,

Ýüregimem barýar gursagmy ýaryp,

Eý Hudaý! Gül bagtyň üstünden gaýyp,

Baky hassa bolup galdygymmykan.


Ýalňyzlyk ýanyna alyp göterdi,

Sowuk şemallara aýdypdym derdi,

Wagt lukman eken derrew bejerdi,

Gözüň aýdyň indi geçdigimikän.


Ýekelik halymy edipdi harap,

Ýürek ýalňyzlyga durýarmy garap,

Gitdim bir gözeliň ýanyndan ýöräp,

Indi bir hak söýgä duşdygymmykan.


Bu söýgem sowaşyp gitdi günsaýyn,

Gara bulutlarda gizlendi aýym,

Ýazgytdan gaçma ýok çekmäge kaýyl,

Maňlaýym şor bolup galdygymykan.


Ýüzüm sallap geldim, söýgimi jaýlap,

Üç gün gülüp gezdim, bäş günem aglap,

Näçe gün gezmeli göwnüňi aldap,

Adam pahyr şeýdip ölmelimikän


Ejizläp gezmedim, tutdum galamy,

Ýagşyny wasp etdim, basdym ýamany,

Uçgun berip tutaşdyrdym söneni,

Indi dogry ýola düşdigimmikän.


Mekanym ýalňyzlyk syrdaşym galam,

Bu bolşuma haýran bolandyr ilem,

Daşdan görseň menden sagatdyr dälem,

Çyndanam dälliräp ýördügimmikän.


Müň kitap okadym, müňüsi ýatyr,

Her kitap içinde bir dünýä otyr,

Şundan ylham alyp döredip setir,

Meňem indi şahyr boldugymmykan.


Şahyr ili jandan söýüp bilmeli,

Toýun toýlap ýasyn sowup bilmeli,

Hak şahyr il üçin ölüp bilmeli,

Ýa borjumy berjaý etmedimmikän.


Agyr işden çekinib-ä ýörmedim,

Başa iş düşende ilden görmedim,

Öz-özüme şahyr diýip gürledim,

Toba-toba uly gürledimmikän.


Köwşüm süýräp gezýän sähraň ýakasyn,

Kä-te çeşme bolup gelýär akasym,

Şahyr diýip, il-gün bersin bahasyn,

Ine onsoň rahat ýatarynmykam.


Halkym şahyr diýip adymy tutsa,

Goşgulam hoşboý ys gül bolup çyksa,

Ölemde il-günüm topragmy atsa,

Şeýle ägirt bagta ýeterinmikäm.


Aşyrow Osman

99
64
elya
06.08.2023 00:42

Bu dünyä getirdiñ päk söýgüñ bilen

Hiç kim bermez seniñ beren melhemiñ

Ömrümi bezediñ nur görküñ bilen

Gyzyñ abraý alar söz beryän ejem.


Günde dyñzap duran syrly ylhamym

Yssy mahriñden dörandir belkem

"Sabyrly bol sen nirede bolsañam"

Diýen sözleriñem unutmarn ejem


Niche horluk chekip pidalar chekip

Shu ýasha getirdiñ gara der döküp

Chyn söýgüni özge gozlere bakyp

Ölünchäm gözlemen söz berýan ejem


Öwretdiñ ulyny sylagyn diýip

Ündediñ duzymy haklagyn diýip

Öwredishiñ ýaly nusga bolaryn

Abraýyñ pesletmen soz berýan ejem


Bu güne gelmediñ birden sen böküp

Ähli kynchylyklary gerdeniñde chekip

Atyrdyñ danyny göz ýashyñ döküp

Ish ýakmaz haýry ýok diýdirmen ejem


Kyn günümde direg boljak söýenjim

Sensiz dünýäde bolmaz begenjim

Ejemjan sen meniñ ýeke daýanjym

Ýüzüñi ýere salman söz berýän ejem


ELÝA Baýnazarowa

96
51
elya
05.08.2023 10:09

Sensiz


Maña sensiz ýaşamaklyk kyn gelýär,

Günsaýyn gursagym barýar ejizläp.

Ýaş ýüregim lawlap ýanyp soñ sönýär,

Ýatlamañ gatyndan galýan ezizläp.


Maña sensiz bu ömrüme kyn gelýär,

Duýgularym alasarmyk pikirde.

Dogry, öñkim deýin ýene-de gülýän,

Emma müñ derdim bar ýazyk setirde.


Maña sensiz ýüregime kyn gelýär,

Barýan ykbal ajysyna garyşyp.

Bar zady unudup täzeden söýjek,

Arman, ýüregimi bilmen çalyşyp.


Maña sensiz ýekelegim kyn gelýär,

Senli hakydamy goşga baglaýan.

Çañ basan gussalañ üfläp tozanyn,

Geçmese-de "Geçdi" diýip aldaýan.


Jemşit Hajymämmedow

99
99
elya
04.08.2023 20:08

ÇAGALYK DÖWRÜM


Nirelerde gaýyp bolduň,

Hany sen, çagalyk döwrüm ?!

Neçüýn ara menzil saldyň,

Hany sen, çagalyk döwrüm ?!


Oýunlar göwnüm açardy,

Köňlüm guş bolup uçardy,

Her gün düýş ýaly geçerdi,

Nirede, çagalyk döwrüm ?!


Gaýgy-aladalar bolmaz,

Gülkidir şatlyk soňlanmaz,

Ol günlerim indi gelmez,

Gitdiňmi, çagalyk döwrüm ?!


Göýä düýş hyýalydy,

Ömrüň iň gowy çagydy,

Hiç gutarmajak ýalydy,

Arzyly çagalyk döwrüm.


Seniň ýoluňa garasam,

Batly ses bilen gygyrsam,

Ýene gel diýip çagyrsam,

Gelermiň, çagalyk döwrüm ?!


DAWUT ASGAROW

102
126