elya
04.08.2023 20:08

ÇAGALYK DÖWRÜM


Nirelerde gaýyp bolduň,

Hany sen, çagalyk döwrüm ?!

Neçüýn ara menzil saldyň,

Hany sen, çagalyk döwrüm ?!


Oýunlar göwnüm açardy,

Köňlüm guş bolup uçardy,

Her gün düýş ýaly geçerdi,

Nirede, çagalyk döwrüm ?!


Gaýgy-aladalar bolmaz,

Gülkidir şatlyk soňlanmaz,

Ol günlerim indi gelmez,

Gitdiňmi, çagalyk döwrüm ?!


Göýä düýş hyýalydy,

Ömrüň iň gowy çagydy,

Hiç gutarmajak ýalydy,

Arzyly çagalyk döwrüm.


Seniň ýoluňa garasam,

Batly ses bilen gygyrsam,

Ýene gel diýip çagyrsam,

Gelermiň, çagalyk döwrüm ?!


DAWUT ASGAROW

102
126
2580
4 Awgust 2023
👏👏👏👍
mamajan
4 Awgust 2023
Elya🤗
Lilia_
4 Awgust 2023
💓💓💓💓👋
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.