elya
07.08.2023 17:20

Durmuşyň ýüküni egnime atdym,

Ömrümi ýyllara mugtuna satdym,

Şu gysga pursatda kän menzil ötdüm,

Indi ýetjek ýerme ýetdigimmikän.


Menem söýdüm, söýgi başym aýlady,

Tenim oda döndi sowuk duýmady,

Yşk derýasy boýum bilen boýlady,

Şeýdip söýgi suwna batdygymmykan.


Kän ýüzmedim söýgiň suwy gurady,

Akja gaýyk gara ýere diredi,

Ýelkenleri gün nuruna çüýredi,

Ine şeýdip dogry etdigimmikän.


Telbe bolup gezdim söýgimden dänip,

Ýüregimem barýar gursagmy ýaryp,

Eý Hudaý! Gül bagtyň üstünden gaýyp,

Baky hassa bolup galdygymmykan.


Ýalňyzlyk ýanyna alyp göterdi,

Sowuk şemallara aýdypdym derdi,

Wagt lukman eken derrew bejerdi,

Gözüň aýdyň indi geçdigimikän.


Ýekelik halymy edipdi harap,

Ýürek ýalňyzlyga durýarmy garap,

Gitdim bir gözeliň ýanyndan ýöräp,

Indi bir hak söýgä duşdygymmykan.


Bu söýgem sowaşyp gitdi günsaýyn,

Gara bulutlarda gizlendi aýym,

Ýazgytdan gaçma ýok çekmäge kaýyl,

Maňlaýym şor bolup galdygymykan.


Ýüzüm sallap geldim, söýgimi jaýlap,

Üç gün gülüp gezdim, bäş günem aglap,

Näçe gün gezmeli göwnüňi aldap,

Adam pahyr şeýdip ölmelimikän


Ejizläp gezmedim, tutdum galamy,

Ýagşyny wasp etdim, basdym ýamany,

Uçgun berip tutaşdyrdym söneni,

Indi dogry ýola düşdigimmikän.


Mekanym ýalňyzlyk syrdaşym galam,

Bu bolşuma haýran bolandyr ilem,

Daşdan görseň menden sagatdyr dälem,

Çyndanam dälliräp ýördügimmikän.


Müň kitap okadym, müňüsi ýatyr,

Her kitap içinde bir dünýä otyr,

Şundan ylham alyp döredip setir,

Meňem indi şahyr boldugymmykan.


Şahyr ili jandan söýüp bilmeli,

Toýun toýlap ýasyn sowup bilmeli,

Hak şahyr il üçin ölüp bilmeli,

Ýa borjumy berjaý etmedimmikän.


Agyr işden çekinib-ä ýörmedim,

Başa iş düşende ilden görmedim,

Öz-özüme şahyr diýip gürledim,

Toba-toba uly gürledimmikän.


Köwşüm süýräp gezýän sähraň ýakasyn,

Kä-te çeşme bolup gelýär akasym,

Şahyr diýip, il-gün bersin bahasyn,

Ine onsoň rahat ýatarynmykam.


Halkym şahyr diýip adymy tutsa,

Goşgulam hoşboý ys gül bolup çyksa,

Ölemde il-günüm topragmy atsa,

Şeýle ägirt bagta ýeterinmikäm.


Aşyrow Osman

99
64
alma___
7 Awgust 2023
Gowy gošgy .goşgylaryñdan hoşboý ys gùl bolyp çykar
9404
7 Awgust 2023
👍👍👍👍👍
dayaw
7 Awgust 2023
Gowy👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.