elya
05.08.2023 10:09

Sensiz


Maña sensiz ýaşamaklyk kyn gelýär,

Günsaýyn gursagym barýar ejizläp.

Ýaş ýüregim lawlap ýanyp soñ sönýär,

Ýatlamañ gatyndan galýan ezizläp.


Maña sensiz bu ömrüme kyn gelýär,

Duýgularym alasarmyk pikirde.

Dogry, öñkim deýin ýene-de gülýän,

Emma müñ derdim bar ýazyk setirde.


Maña sensiz ýüregime kyn gelýär,

Barýan ykbal ajysyna garyşyp.

Bar zady unudup täzeden söýjek,

Arman, ýüregimi bilmen çalyşyp.


Maña sensiz ýekelegim kyn gelýär,

Senli hakydamy goşga baglaýan.

Çañ basan gussalañ üfläp tozanyn,

Geçmese-de "Geçdi" diýip aldaýan.


Jemşit Hajymämmedow

99
99
milasxka
5 Awgust 2023
Gou bolupdr🌹
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.