elya
05.09.2023 16:06
Hyýal içre çagalygňa dolanmak
Niçik lezzet eken hem ezýet eken.
Kakam her bazara giden mahaly,
Getiren gurjagy hemem kagyza
buýr-bulaşyk edip Güneşi çeken
galamlarym. Asyl, men däl-de, göýä
olar meniň tes-tegelek durmuşym
bulam-bujar pikirlerden dolduryp
öýjük-öýjük oýny ýaly hut şolar
düzen ýaly ykbalymyň gurluşyn.
Iş tapmasam kagyzlara bir zatlar,
çekjek bolup çyzym-çyzym edişim.
Gör-ä, bu gün olar ar alýan ýaly
Maňlaýyma çyzyk çyzyp gidişin.
Hasapsyz zat ýok ekeni durmuşda,
Edeniň alnyňa gelýän ekeni.
Ykbalyň bir zady eliňden alsa,
Ol hökman başga zat berýän ekeni.
Çagalygmy penjesine gysansoň,
Ýaşlygyň ýelgini ýel bolup geldi.
Käwagt aýnada tanaman keşbim,
diýýän “Şu menmi”?

Gülnar GELDIMYRADOWA.
54
56
elya
04.09.2023 21:28
„Şu gün köp ýadadyň ýat“ diýip maňa,
Bu halyma dözmän yşgy öçürýäň.
Wah, nädeýin, janym ejem, jan ejem,
Ýazanlarmy men täzeden göçürýän.

Sen öçürip gidýäň, bagyşla, käbäm,
Kejirligim bilen kejiňe gidýän.
Çyrany ýakňan-da gapyny ýapyp,
Şygyrlaň içinde ýaňadan ýitýän.

Eje jan, ylhamyň diýenin etmesem,
Öýkelek ol, menden öýkelär juda.
Ýanymdaka onuň gadryn bilmesem,
Meni şygyrýetden düşürer jyda.

Bilýän öýkeli sen, keşbiňden aňýan,
Halyma dözeňok düşünýän, käbäm.
Ýöne bir gün şu ukusyz gijeleň
Maňa bagt bolup geljegini aňýan.

Gülnar GELDIMYRADOWA.
51
104
elya
04.09.2023 00:37
Sen gitdiň, şemlerem durkun ýitirdi,
Gelmediň, garaşdym, gideliň bäri.
Indi öňküler deý ýazamok goşgy,
Ýalňyzlyga dözendigňi bilýäňmi?!

Seniň ýollaryňa intizar gözler,
Garaşypdy aýtmak üçin syryny.
Senden özgelere dözmedim men-ä
Gursakda çaň basyp giden syrymy.

Bilýän köp täzelik toplansyň maňa,
Ýellerden, güllerden habar ugratgyn.
Ne-hä seň özüň bar, ne-de ses-selem
Aýt, sen arzuwlamy nirä ugratdyň?!

Gülnar GELDIMYRADOWA.
56
54
elya
03.09.2023 03:56
Ylham näme?

Siz-ä bilemok welin,

Şahyr üçin bu bir bagty getirmek.

Tutjak bolup köňle gonan sözleri,

Awçy kimin şol galpyldap oturmak.

 

Ylham näme?

Bu bir Arhimed ýaly

Özüň atmak suwdan doly legene.

Hem gygyrmak suwuň çoguşyn synlap,

«Tapdym!» diýip, şol begene-begene.

 

Ylham näme?

Bu bir hamyla gelniň,

Wagty ýetip güzap içre dogruşy.

Soňra dünýä inen körpesin synlap,

Ysgynsyz dodaklaň ýylgyryp durşy.

 

Ylham näme?

Bu bir garry ene üçin,

Geçmezek sapagy iňňä ötürmek.

…Şahyr üçin gije tapan sözlerine,

Ertir turup, haýran galyp oturmak.

Hudaýar DEŇLIÝEW.
60
106
elya
03.09.2023 00:06
Uçradym söýgiňe — ýitdi özlügim,
Çyndan duýdum söýülmänem, söýmänem.
Gelip, dolduň ähli ýetmezligimi,
Asyl ýaşap bolýan eken köýmänem.

Indi has süýjedi ömrüň tagamy,
Aýdymlary has üýtgeşik serçeleň.
Göwnüme itleriň üýrüşem ajap,
Göwnüme hol kaktuslaram — ter çemen.

Söýýän çogly Güni, söýýän buludy,
Ýagşyny, ýamany söýýän gyradeň.
Dünýäde milliardlap adam ýaşaýar,
A meň üçin olaň sany bire deň.

Gijeler gündiz deý ýap-ýagty indi,
Gündizler gije deý eredip barýar.
Seň söýgiň gussaly Sapaň içinde
Başga bir Sapany döredip barýar.

Güýzüň duýgularyn duýgulam bilen
Bezeýän bolanja yhlasym bilen.
Bir uly YKBALY dünýä getirsin,
Ykbalyň birleşip ykbalym bilen.

Sözüm söz, melegim, artykmaçlygyň
Kemçiligiň bilen bolar gyradeň.
Çünki sen iki däl, on däl, ýüz-müň däl,
Meniň üçin tapylgysyz BIRE deň!

Sapa Hommadow
67
432
elya
02.09.2023 04:08
“Sen ýok. Bir gün gadryň biliner…”
(aýdymdan)

Sen ýok — gadryň hut şu wagtdan bilinýär…
Sen ýok — günler goňras reňke boýandy.
Jübütlere hemdem bolan Aý solup,
Guşlar eýýäm öňküden giç oýandy.

Sen ýok — ses ýok, meýmiredýän hyjuw ýok,
Sen ýok — dünýä tukatlandy (eýesiz!)
Sen ýok — ömür dowam etdi biperwaý,
Sen ýok — bu duýgulam galdy söýesiz.

Pasyllar ornuny çalşyp geldiler,
Ýaz-a ýaz däl,
Özün unutdy tomsam.
Ýatamda bagrymy kerçedi “Sen ýok”,
“Sen ýok” ýüregimi gyýdy oýansam.

Ýaşlyk köýdi, höwes köýdi, yşk köýdi…
Gör, ýene nämeler terk eder meni!..
Düşünýänem ýogsa, ahyrsoňunda,
Hawa, şu “Sen ýok”-lar berkider meni.

Adam-da… küýsegden bagryň dilinýär…
Sen ýok, dünýäm, gadryň eýýäm bilinýär…

Sapa Hommadow
62
71
elya
02.09.2023 00:30

Mydar edýän ýürek bilen

Müň ýamaly.

Aglasyň gelende aglap bilmeseň

Iň ýamany.

Aýaň, yşka duşmadygy,

Synlap öň ýanany.

Aşyk ýöne ýerden gysmaz

Galamy.

Undup bolýa ähli derdem,

Unutma ýok,

Dert salany.

Bar zat ýazgydyňa görä,

Pozup bilmersiň

Sen ony…

Noldan başlap ýene nola

Getirýän yşkyň jemini.

Bu bir durmuş kadasy

Görüp gelen ýok

Soňuny…

Çaklaýşymdan juda ýeser,

Gör, ony.

Mydama söýüp ýaşadym,

A sen meni?


Ogulnur ATAÝEWA.

59
152
elya
01.09.2023 20:08
Eje

Söýgim  saklap  ýüregimiň  töründe,

Gujagňa  dolaýyn  bagra  bas  eje.

Elleriň  yzy  bar  şamar  örümde,

Serhoş  boldum  mähiriňden  tas eje.

 

Geçmişimde,  geljegimde,  ertämde,

Saçym  çöşlän şemal  ýüzüm  ýelpände,

Hyýallarym  gujagyňda  entände,

Şonda  özüm  bagtly  duýýan  has  eje.

 

Azan  sesi  ýaň  berip  dur  äleme,

Aý  görküni  saljak  bolýar  tärimden,

Ýetmek  üçin  arzuwlanan  kärime,

Ýollarymyz  biraz  aradaş  eje.

 

Roýuň  görüp  ýene  gezmäge  geldim,

Teşne  kalbym  mähre  ezmäge  geldim,

Çagalyk  tapmaçam  çözmäge  geldim,

Gündeligem,  durmuşymam bäş, eje!

 

Gujagyň  aç  gujagyňda  gowşaýyn,

Bagryňa  bas ýaňagyňdan  ogşaýyn,

Ýene  lälik  günlerime  ogşaýyn,

Bir  çene  baranam  bolsa  ýaş,  eje!

 

Endigim,  terbiýäm  goýup  bolmaýan,

Mahriňi  küýsedim doýup  bolmaýan,

Söýgüňe  batyrlan  temmiň  küýseýän,

Özgeleň  igenji göýä daş, eje!

 

Senli  günlerimde  ýaşaýan  erkin,

Gurupsyň  biz  üçin  jennetiň  berkin,

Binesip  bolmasyn  bu  bagtdan  herkim,

Gojalaram ene üçin ýaş, eje!

Bibi TAGANOWA
61
47
elya
01.09.2023 03:40
Saýlan käriňiziň eýesi boluň
Mähriban joralam eziz joralam
Bagtlylaň beýgi seresi boluň
Mähriban joralam eziz joralam

Elmydama gowşamasyn gadamyň
Sizde ünsi galsyn her bir bakanyň
Nesip boluň buýsanjy siz watanyň
Mähriban joralam eziz joralam

Oba hojalygyn ösdürjek Aýnam (
@ay_kiz)
Arzuwym žurnalist kärini saýlan(@a_shayymowa)
Ikiňizem ediň älemi haýran
Mähriban joralam eziz joralam

Bu gün sizi gutlaýaryn ýürekden
Buýsanýaryn keşbiňize seretsem
At-abraý sylagňyz bolsun belentden
Mähriban joralam eziz joralam

A💫E💫A
71
99
elya
31.08.2023 13:57
Günbe günden saña artýar has zarym
Ýeke ýalnyz galdym dünýäde kakam
Darykýar,
Haraba öwrülen kalbym,
Sensiz ýalñyz galdym dünýäde kakam

Arzuwlarym arzuw edip ýörerdi,
Arkamda dag bolup durañda kakam.
Señ barlygyñ meñ umydym ahyryn...
Sensiz ýalñyz galdym dünýäde kakam

Ysyñy duýýaryn, dünýäñ ýüzunden,
Emma...
Ýok...
Hiç ynsanda duýamok.
Nebsiagyrjy ejem sypap ýüzümden,
Sessiz, gizlin...
sensiz  aglaýar kakam.

\"Kakasyz diýdirmern söz berýän gyzym\"
Diýip başym sypap ogşanda käbam
Ýene diýer \"Gama batma jan gyzym\"
Şondada nädeýin gaty kyn kakam

Süýjü syrlaşmana sözlerñe zar men
Arkamy gyzdyrjak mähriñe zar men
Jan Kyblam ýalñyzlykdan bizar men
Sensiz ýalñyz galdym dünýäde kakam

Aglamda ýaşymy syranym sendiñ
Ejizkam ýanymda duranam sendiñ
Ýagşyny dogryny öwreden sendiñ
Sensiz ýalñyz galdym dünýäde kakam

Üstünligi gazanaryn sen bolup.
Halal zähmet çekerin men sen bolup,
Sen bolup, ýaşaryn, diñe sen bolup,
Ýalñyzlykdan ýalñyz  men sensiz kakam!
124
415