elya
02.09.2023 00:30

Mydar edýän ýürek bilen

Müň ýamaly.

Aglasyň gelende aglap bilmeseň

Iň ýamany.

Aýaň, yşka duşmadygy,

Synlap öň ýanany.

Aşyk ýöne ýerden gysmaz

Galamy.

Undup bolýa ähli derdem,

Unutma ýok,

Dert salany.

Bar zat ýazgydyňa görä,

Pozup bilmersiň

Sen ony…

Noldan başlap ýene nola

Getirýän yşkyň jemini.

Bu bir durmuş kadasy

Görüp gelen ýok

Soňuny…

Çaklaýşymdan juda ýeser,

Gör, ony.

Mydama söýüp ýaşadym,

A sen meni?


Ogulnur ATAÝEWA.

59
152
arsi97
2 Sentýabr 2023
Play marketda yok bolsa Google girip bilesigeliji.apk diýip yazsaň cykyar
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.