elya
03.09.2023 03:56
Ylham näme?

Siz-ä bilemok welin,

Şahyr üçin bu bir bagty getirmek.

Tutjak bolup köňle gonan sözleri,

Awçy kimin şol galpyldap oturmak.

 

Ylham näme?

Bu bir Arhimed ýaly

Özüň atmak suwdan doly legene.

Hem gygyrmak suwuň çoguşyn synlap,

«Tapdym!» diýip, şol begene-begene.

 

Ylham näme?

Bu bir hamyla gelniň,

Wagty ýetip güzap içre dogruşy.

Soňra dünýä inen körpesin synlap,

Ysgynsyz dodaklaň ýylgyryp durşy.

 

Ylham näme?

Bu bir garry ene üçin,

Geçmezek sapagy iňňä ötürmek.

…Şahyr üçin gije tapan sözlerine,

Ertir turup, haýran galyp oturmak.

Hudaýar DEŇLIÝEW.
60
106
arzuvym_talyp
3 Sentýabr 2023
@orazow96, dogry
ylham_gurbanaly
3 Sentýabr 2023
@orazow96, adam ýetmän alnan men))
orazow96
3 Sentýabr 2023
@arzuvym_talyp, howwa olara barda açykdäl eken şondan gyzyklandym
arzuvym_talyp
3 Sentýabr 2023
@ylham_gurbanaly, berk meňki çekiçlemeseň dovulenok ✓
arzuvym_talyp
3 Sentýabr 2023
@orazow96, Adynyň gyrasynda meshurluk derejaniň nyşana bar
orazow96
3 Sentýabr 2023
@ylham_gurbanaly, hm aý bolýa üýtgeşik bolsan gowda
ylham_gurbanaly
3 Sentýabr 2023
@arzuvym_talyp, şonam döwseň, toba nätjek:))
ylham_gurbanaly
3 Sentýabr 2023
@elya, bilseň bolýa)
arzuvym_talyp
3 Sentýabr 2023
@ylham_gurbanaly, protezam bolsa dovuk yokdur:)
ylham_gurbanaly
3 Sentýabr 2023
@orazow96, üýtgeşiklerden men)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.