elya
03.09.2023 00:06
Uçradym söýgiňe — ýitdi özlügim,
Çyndan duýdum söýülmänem, söýmänem.
Gelip, dolduň ähli ýetmezligimi,
Asyl ýaşap bolýan eken köýmänem.

Indi has süýjedi ömrüň tagamy,
Aýdymlary has üýtgeşik serçeleň.
Göwnüme itleriň üýrüşem ajap,
Göwnüme hol kaktuslaram — ter çemen.

Söýýän çogly Güni, söýýän buludy,
Ýagşyny, ýamany söýýän gyradeň.
Dünýäde milliardlap adam ýaşaýar,
A meň üçin olaň sany bire deň.

Gijeler gündiz deý ýap-ýagty indi,
Gündizler gije deý eredip barýar.
Seň söýgiň gussaly Sapaň içinde
Başga bir Sapany döredip barýar.

Güýzüň duýgularyn duýgulam bilen
Bezeýän bolanja yhlasym bilen.
Bir uly YKBALY dünýä getirsin,
Ykbalyň birleşip ykbalym bilen.

Sözüm söz, melegim, artykmaçlygyň
Kemçiligiň bilen bolar gyradeň.
Çünki sen iki däl, on däl, ýüz-müň däl,
Meniň üçin tapylgysyz BIRE deň!

Sapa Hommadow
67
432
wolf
3 Sentýabr 2023
👍🔥👍🔥👍
2580
3 Sentýabr 2023
👏👏👏👍👍👍
milasxka
3 Sentýabr 2023
👍🏻❤
moonlight
3 Sentýabr 2023
Hasap hesiwe ökdeje ekeni)
arzuvym_talyp
3 Sentýabr 2023
@lalijek_07, 🤦21
moonlight
3 Sentýabr 2023
@garlawac_, zehinini ogurlaýmasañ galamyny ogurlanyñ bilen bolmazla ol)
ylham_gurbanaly
3 Sentýabr 2023
Sapa Hommadowky
moonlight
3 Sentýabr 2023
Sapa mollum awtory hakykatdanam)
moonlight
3 Sentýabr 2023
@garlawac_, Sapa mollumy tanaýan bolsañ onda sen başgada saýtlara girýän bolmaly) ýa diñe şuña girýäñmi?
moonlight
3 Sentýabr 2023
@garlawac_, düşünmedim)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.