elya
31.08.2023 13:57
Günbe günden saña artýar has zarym
Ýeke ýalnyz galdym dünýäde kakam
Darykýar,
Haraba öwrülen kalbym,
Sensiz ýalñyz galdym dünýäde kakam

Arzuwlarym arzuw edip ýörerdi,
Arkamda dag bolup durañda kakam.
Señ barlygyñ meñ umydym ahyryn...
Sensiz ýalñyz galdym dünýäde kakam

Ysyñy duýýaryn, dünýäñ ýüzunden,
Emma...
Ýok...
Hiç ynsanda duýamok.
Nebsiagyrjy ejem sypap ýüzümden,
Sessiz, gizlin...
sensiz  aglaýar kakam.

\"Kakasyz diýdirmern söz berýän gyzym\"
Diýip başym sypap ogşanda käbam
Ýene diýer \"Gama batma jan gyzym\"
Şondada nädeýin gaty kyn kakam

Süýjü syrlaşmana sözlerñe zar men
Arkamy gyzdyrjak mähriñe zar men
Jan Kyblam ýalñyzlykdan bizar men
Sensiz ýalñyz galdym dünýäde kakam

Aglamda ýaşymy syranym sendiñ
Ejizkam ýanymda duranam sendiñ
Ýagşyny dogryny öwreden sendiñ
Sensiz ýalñyz galdym dünýäde kakam

Üstünligi gazanaryn sen bolup.
Halal zähmet çekerin men sen bolup,
Sen bolup, ýaşaryn, diñe sen bolup,
Ýalñyzlykdan ýalñyz  men sensiz kakam!
124
415
1155
6 Sentýabr 2023
Registrasiya et
huliganka
6 Sentýabr 2023
@milasxka, gowmy
asxk
6 Sentýabr 2023
🤕🥺
Lilia_
5 Sentýabr 2023
@gula, Mendede sheyle yzyna zynya tazeden nomer kod yazyp girmeli sebabni blmk bashga tanshymdada sheyle
gula
5 Sentýabr 2023
Men agza bolyan yada myhman bolup girip goryan velin 1 gezeklikce girya sonundan girenok programma zynya son basdan skacat etmeli bolyan her gezek girjek bolamda name ucinka
november_05
2 Sentýabr 2023
Herkimiňki herhili
milasxka
1 Sentýabr 2023
❤👍🏻
Lilia_
1 Sentýabr 2023
@shajan01, Salam, howwa shol Elýa:)
0331
1 Sentýabr 2023
Kakalamyzyň jany sag başy dik bolsun
shajan01
31 Awgust 2023
Bilesigelijidaki ĚĹÝÁ my sen?🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.