elya
17.10.2023 12:17
Söýsene sen meni öz söýşüm ýaly,
Bagryňa bas, gursagňa gys, goýberme!
Söýsene sen meni şu diýşim ýaly,
Hatda maňa söýmäge-de maý berme.

Bahargül Mejidowa
57
42
elya
17.10.2023 04:25
ADAMLAR
Ýalňyzlykdan halys iripdir başym,
Maňa artyk sorag bermäň, adamlar.
Gybat gurşap aldy töwerek-daşym,
Maňa artyk sorag bermäň, adamlar.

Men zyba däl, ak ýürekli hem sada,
Gül ömrüm kül bolup ýanandyr oda,
Söýmesem-de, ýar etdiler bir ýada,
Maňa artyk sorag bermäň, adamlar.

Durmuş akymyndan dogry akmanym,
Köplere geň boldy meniň ykbalym,
Duşman gepi beterletdi ahwalym,
Maňa artyk sorag bermäň, adamlar.

Borçlumy men gizlemäge duýgymy,
Dost diýenim ogurlady söýgimi,
Goşgym bilen paýlaşýaryn gaýgymy,
Maňa artyk sorag bermäň, adamlar.

Bahargül Mejidowa
55
35
elya
17.10.2023 00:08
Indi
Düýnüň gapysyny kakyp ýöremok,
O ýer indi kalbyň ýaly ýa:t maňa.
Indi seniň hatlaryňam döremok,
Nämä gerek nep bermejek ýatlama?!

Sen hakdaky hyýallarym ýitirdi,
Ömrümdäki "ýeke-täklik kärini".
Bagtyň özi gollaryma getirdi,
Sensizlikde ýanmazlygyň tärini.

O:t deý ýanýan ýüregimi güýmäre,
Emel tapdym takat bilen sabyrdan.
Kalbyň maňa, men kalbyňa bigäne,
Ony düýnüň salgymyna öwürdim.

Soňsuz pikirleriň düýbüne çümüp,
Gezemok men öz-özüme düşünmän.
Suwsuz elewrämde dodaga damyp,
Çalyşdy meň aram tapýan düşelgäm.


Aşyr Hanow
49
31
elya
16.10.2023 23:58
Haýyş
Rugsat ber,gözüňde baky galaýyn,
Galaýyn men gursagyňda yşk bolup.
Mähriň gujagyna oklanan söýgüm,
Seriňi sämetsin anbar-müşk bolup.
Ejaza ber düýşleriňe girmäge,
Sal meni hyýallaň goýnuna,dünýäm.
Görküň gözlem üçin synagdyr,şertdir,
Men bagt diýlende saňa düşünýän

Beren güllerimi algyn,ezizim,
Olar yşgyň mähri bilen idelen.
Köl suwy deý gujagyňa ýygna sen,
Gögüň Aýy bolup baksam gijeler.

Agzym gurap,yşk çölünde gezmişem,
Käsä guýup kalbyň uzat,ganaýyn.
Bagtyňy bagtyma bagla sen,dünýäm,
Rugsat ber,gözüňde baky galaýyn.

Aşyr Hanow
51
30
elya
16.10.2023 16:32
Aşyk men!
Ýylgyrşyñy görsemem her duşamda,
Edil öñler görmedikdeý aşyk men.
Ogryn bakyp, näzler etseñ düýşümde,
Şol ukudan turmadykdeý aşyk men.

Oýlaýşymdan uzak çekdi gözlegim,
Allam ony nirelerde gizlediñ?
Şükür hernä bagş eýlemän özgesin,
Berdi, ýöne bermedikdeý aşyk men.

Aýbym däl, syrym däl, ýanypdym öñem,
Aýralyk mukamyn çalypdym öñem,
Söýgiñ zarbasyndan "ölüp" görsemem,
Ynha ýene ölmedikdeý aşyk men.

Tizleşen zamanda,agras gözele,
Duşmagyñ özem bir uly mesele.
Kän duşýan söýgüden yza tesene,
Menem tesdim, tesmedikdeý aşyk men.

Iter meni durmuş, onuñ gujagna,
Çydaman güleýin bagtyñ gyjygna,
Indi bir duş etme söýgiñ gylçygna,
Halys bezdim, bezmedikdeý aşyk men.

Sen özüñe "Asmandaky guş" diýme,
"Başarsañ ganatlap bile uç" diýme,
Sen hakdaky ýazan hut şu goşgyma,
Edil özüm ýazmadykdeý aşyk men.
50
54
elya
16.10.2023 00:48
Söýgiñ bilen goýalanym
Bile oýnap ulananym
Bir jäjegi ulananym
Mähribanym aýal dogan...

Kuwwat Ýazmuhammedow
55
29
elya
15.10.2023 20:50
Durmuşa çykansoñ gyzlar ýat bolar,
Obam seni küýsäp ýürek ot bolar,
Seň goýnuňda ýatlara kän ýatlamam,
Jigimiñ buşlugyn seçen ýerlerim,
Ejeli günlermiň geçen ýerleri.

Meýdanlañda aýagymyñ yzy bar,
Şemalyñda ýüregimiñ sazy bar,
Duýga çümen on ýedimiñ ýazy bar,
Käte ýanyp, käte öçen ýerlerim,
Ejeli günlermiñ geçen ýerleri.

Buýra saçym gireninde örüme,
Ullakan gyzmykam diýdim özüme,
Bagrym oýkap tamdyrdaky közüñe,
Ene ýabyň suwun içen ýerlerim,
Ejeli günlermiñ geçen ýerleri.

Arkamy sypanda ejemin eli,
YIham ganatyna alypdy meni,
Kiçijek goşgulañ ullakan kemin,
Okap, pelleriñde açan ýerlerim,
Ejeli günlermiñ geçen ýerleri.

Adamlaram günler ýaly akyp dur,
Ýok didarlar jigeriñi ýakyp dur,
Şükür hossar gözler ýolum bakyp dur,
Gyzyl kürte atyp göçen ýerlerim,
Ejeli günlermiñ geçen ýerleri.

Gülşirin Hanowa
51
44
elya
15.10.2023 15:30
Duýgusyza beren mylaýym söýgiñ ,
Alan demi bilen çykarda gider.
Deriñ döküp, guran yşgyñ köşgini,
Ýeke sözi bilen ýykarda gider.

Hajymyrat Goşaýew.
46
47
elya
15.10.2023 00:06
Duýguly dünýäde sermenýän tentek...
Çaga kalbyň bilen gelip dünýäme,
Gussalarmy oýun bilen ýapansyň.
Joşgun berip, röwşen berip her ýana,
Güýzde gelen müdümilik baharsyň.

Enaýy, eýjejik gözellik sendiň,
Senden görk alan deý gülleriň bary.
Garaşmadyk wagtym, duýdansyz geldiň,
Ykbalyň näbelli sowgady ýaly.

Dürli soraglardan bulaşýar kelle,
Duýguly dünýäde sermenýän tentek.
Jemin jemlemeli, aýtmaly pille,
Ynjarsyň öýdübem eýmenýän entek.

Kalbyn görkezmäge pursat araýar,
Ilkibaşdan gödek diýip öýdeniň.
Günbe-günden has tutaşýan, köreýän,
Neneň aýdyp bolar "seni söýdüm"-i?


Ylham GURBANALYÝEW
48
27
elya
14.10.2023 23:40
Nirde sen nirde
Elýetmez arzuwlar elýetmez asman,
Ýetmesi kyn zady kändirle islän,
Ýüregmiň töründe gutarmaz kyssam,
Eý ilkinji söýgüm nirde sen nirde.

Ýaşlygyma gara ýele sowurdyň,
Ýakyn barsam sen ýüzüňi öwürdiň,
Golum bagly bir telbäňe öwrüldim,
Eý ilkinji söýgüm nirde sen nirde.

Mekdep ýyllarymdan galan ýadygär,
Setirlemde ýatlamaň ady bar,
Ýüregimde aýralygyň ody bar,
Eý ilkinji söýgüm nirde sen nirde.

Kalba kürsäp girip başym aýladyň,
El ýetmez ýyldyzy ýarym saýldym,
Dertlerimi şygrym bilen paýladym,
Eý ilkinji söýgüm nirde sen nirde,

Ýygralykdan söýgüm galdy içimde,
Ne hoş bordy gulplaryny açamda,
Sen dälminä menden ara açanda,
Eý ilkinji söýgüm nirde sen nirde.

Bir bagty çüweniň bijesi bolduň,
Kän gamly günlermiň gijesi bolduň,
Ýatlama günlermiň süýjüsi bolduň,
Eý ilkinji söýgüm nirde sen nirde.

Bir ýerlerde barmyň çykanok sesiň,
Sensiz bu durmuşa gaçdy höwesim,
Kim dolar ýitirlen zatlaň öwezin,
Eý ilkinji söýgüm nirde sen nirde.

Bagt seňki bolsun aýralyk meňki,
Aşygyňam ýalňyz däl indi öňki,
Sensiz soldy gitdi ömrümiň reňki,
Eý ilkinji söýgüm nirde sen nirde.

Süleýman Tekäýew
49
35