elya
15.10.2023 20:50
Durmuşa çykansoñ gyzlar ýat bolar,
Obam seni küýsäp ýürek ot bolar,
Seň goýnuňda ýatlara kän ýatlamam,
Jigimiñ buşlugyn seçen ýerlerim,
Ejeli günlermiň geçen ýerleri.

Meýdanlañda aýagymyñ yzy bar,
Şemalyñda ýüregimiñ sazy bar,
Duýga çümen on ýedimiñ ýazy bar,
Käte ýanyp, käte öçen ýerlerim,
Ejeli günlermiñ geçen ýerleri.

Buýra saçym gireninde örüme,
Ullakan gyzmykam diýdim özüme,
Bagrym oýkap tamdyrdaky közüñe,
Ene ýabyň suwun içen ýerlerim,
Ejeli günlermiñ geçen ýerleri.

Arkamy sypanda ejemin eli,
YIham ganatyna alypdy meni,
Kiçijek goşgulañ ullakan kemin,
Okap, pelleriñde açan ýerlerim,
Ejeli günlermiñ geçen ýerleri.

Adamlaram günler ýaly akyp dur,
Ýok didarlar jigeriñi ýakyp dur,
Şükür hossar gözler ýolum bakyp dur,
Gyzyl kürte atyp göçen ýerlerim,
Ejeli günlermiñ geçen ýerleri.

Gülşirin Hanowa
51
44
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.