elya
17.10.2023 04:25
ADAMLAR
Ýalňyzlykdan halys iripdir başym,
Maňa artyk sorag bermäň, adamlar.
Gybat gurşap aldy töwerek-daşym,
Maňa artyk sorag bermäň, adamlar.

Men zyba däl, ak ýürekli hem sada,
Gül ömrüm kül bolup ýanandyr oda,
Söýmesem-de, ýar etdiler bir ýada,
Maňa artyk sorag bermäň, adamlar.

Durmuş akymyndan dogry akmanym,
Köplere geň boldy meniň ykbalym,
Duşman gepi beterletdi ahwalym,
Maňa artyk sorag bermäň, adamlar.

Borçlumy men gizlemäge duýgymy,
Dost diýenim ogurlady söýgimi,
Goşgym bilen paýlaşýaryn gaýgymy,
Maňa artyk sorag bermäň, adamlar.

Bahargül Mejidowa
55
35
gulshatayewa97
17 Oktýabr 2023
Waheý....
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.