Haýyş
Rugsat ber,gözüňde baky galaýyn,
Galaýyn men gursagyňda yşk bolup.
Mähriň gujagyna oklanan söýgüm,
Seriňi sämetsin anbar-müşk bolup.
Ejaza ber düýşleriňe girmäge,
Sal meni hyýallaň goýnuna,dünýäm.
Görküň gözlem üçin synagdyr,şertdir,
Men bagt diýlende saňa düşünýän
Beren güllerimi algyn,ezizim,
Olar yşgyň mähri bilen idelen.
Köl suwy deý gujagyňa ýygna sen,
Gögüň Aýy bolup baksam gijeler.
Agzym gurap,yşk çölünde gezmişem,
Käsä guýup kalbyň uzat,ganaýyn.
Bagtyňy bagtyma bagla sen,dünýäm,
Rugsat ber,gözüňde baky galaýyn.
Aşyr Hanow