elya
14.10.2023 23:40
Nirde sen nirde
Elýetmez arzuwlar elýetmez asman,
Ýetmesi kyn zady kändirle islän,
Ýüregmiň töründe gutarmaz kyssam,
Eý ilkinji söýgüm nirde sen nirde.

Ýaşlygyma gara ýele sowurdyň,
Ýakyn barsam sen ýüzüňi öwürdiň,
Golum bagly bir telbäňe öwrüldim,
Eý ilkinji söýgüm nirde sen nirde.

Mekdep ýyllarymdan galan ýadygär,
Setirlemde ýatlamaň ady bar,
Ýüregimde aýralygyň ody bar,
Eý ilkinji söýgüm nirde sen nirde.

Kalba kürsäp girip başym aýladyň,
El ýetmez ýyldyzy ýarym saýldym,
Dertlerimi şygrym bilen paýladym,
Eý ilkinji söýgüm nirde sen nirde,

Ýygralykdan söýgüm galdy içimde,
Ne hoş bordy gulplaryny açamda,
Sen dälminä menden ara açanda,
Eý ilkinji söýgüm nirde sen nirde.

Bir bagty çüweniň bijesi bolduň,
Kän gamly günlermiň gijesi bolduň,
Ýatlama günlermiň süýjüsi bolduň,
Eý ilkinji söýgüm nirde sen nirde.

Bir ýerlerde barmyň çykanok sesiň,
Sensiz bu durmuşa gaçdy höwesim,
Kim dolar ýitirlen zatlaň öwezin,
Eý ilkinji söýgüm nirde sen nirde.

Bagt seňki bolsun aýralyk meňki,
Aşygyňam ýalňyz däl indi öňki,
Sensiz soldy gitdi ömrümiň reňki,
Eý ilkinji söýgüm nirde sen nirde.

Süleýman Tekäýew
49
35
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.