ebru
25.11.2022 11:40
Ada­myň nä­me se­bäp­den pal­la­ýan­dy­gy he­ni­zem anyk bel­li däl, ýö­ne be­de­niň gyz­gyn­ly­gy­ny ka­da­laş­dyr­ma­ga kö­mek ed­ýän­di­gi­ çak­la­nyl­ýar.
Dem alyp-be­re­ni­miz­de ho­wa­nyň ag­ram­ly bö­le­gi bu­run de­şik­le­ri­niň di­ňe bi­rin­den gi­rip-çyk­ýar. Bu ýag­daý bel­li bir wagt­dan soň ça­lyş­ýar.
Ada­myň ag­ra­my­nyň 8 gö­te­ri­mi­ni ga­ny düz­ýär.
Ada­m tak­my­nan 1 tril­li­on ysy saý­ga­ryp bil­ýär.
Ada­myň bur­ny ys­lar­dan baş­ga zat­la­ry duý­ma­ga-da ukyp­ly. Me­se­lem gyz­gyn­ly­gy, ajy­ny, süý­ji­ni.
Ada­myň bar­mak­la­ry­nyň şy­kyr­dy­sy­nyň bo­gun­lar­da eme­le gel­ýän kö­pür­jik­ler­den çyk­ýar.
Ada­myň sa­çy ýyl­da 15 sm ös­ýär.
Her kim­de baş­ga­ça bol­ýan bar­mak yz­la­ry­nyň nä­mä ge­rek­li­gi­ni en­tek hiç kim bil­me­ýär, ýö­ne olar eli­miz­den çyg­ly­ly­gy sü­pür­mä­ge, çiş­le­riň öňü­ni al­ma­ga ýa-da el­le­mek ar­ka­ly duý­mak uky­by­na ýar­dam ed­ýär.
Ada­myň ýü­re­gi bü­tin öm­rün­de or­ta­ça 3 mil­liard­ ge­zek ur­ýar.
Adam gü­nüň do­wa­myn­da tak­my­nan 20 müň ge­zek dem al­ýar.
Ada­myň be­de­ni­ 10 tril­li­on öý­jük­­den eme­le ge­len­dir.
Bir adam öm­rü­niň do­wa­myn­da 30 ton­na­dan gow­rak azyk önüm­le­ri­ni iý­ýär. Bu bol­sa, 70-80 dü­ýä­niň ag­ra­my­na ba­ra­bar­dyr.
Ada­myň dyr­nak­la­ry gün­de 0,1 mil­li­metr, aý­da 3-4 mil­li­metr ös­ýär. Bu ýag­daý pas­la gö­rä üýt­gäp bil­ýär.
Ada­myň beý­ni­si kä­ma­hal uku­da wag­ty oýa wag­ty­na ga­ra­nyň­da­ky­dan has iş­jeň bol­ýar.

45
628
ebru
24.11.2022 14:33
Il arasyndaky aýtgylarda unaş barada şeýle setirler bar:

Unaş içip bolynçaň.

Ýarma ýatyp turynçaň.

Köje-göçüp gonynçaň.

 

Şeýle-de bolsa, unaş türkmeniň milli tagamlarynyň arasynda naýbaşylarynyň biri hasaplanylýar. Şonuň üçin-de, unaşa halkymyzda begler aşy hem diýilýär. Munuň, hakykatdan hem, şeýledigine halk hazynasynda öz mynasyp ornuny tapan şu aýtgylar hem şaýatlyk edýär:

 

Unaş — begler aşy.

Belke onuň gardaşy.

Keçi bilen bulamak,

Ýalta aýalyň işi.

 

Mährem enelerimiziň-mamalarymyzyň eli bilen kesilip taýýarlanylan unaşyň lezzeti-de, tagamy-da üp-üýtgeşik. Işden ýadap gelen ýa-da nähoşlap, sowuklaýsaň, daşyňda perwana bolýan enelerimiziň, derrew elýeterinde duran kendirige ýapyşyp: «Häzir derrewjek hamyr ýugrup, unaş kesip, içine-de burçuny, noýbasyny atyp, süzme çalyny garyp bererin! Içersiň welin, deriňi süpürip ýetişip bilseň bolany, nähoşlugyňdan nam-nyşan galmaz, balam!» diýip, enelerimiziň taýýarlap beren unaşynyň tagamy ýaşymyz ýetmişiň gyrasyndan gädip ugran-da bolsa, agzymyzdan gidenok. Onuň ýerem üýtgeşik, lezzetem, şypa berijiligem. Şonuň üçin-de, tenekar, melhem, tagam, nahar bolan unaş her bir türkmen maşgalasynda diýseň eý görülýär. Unaşy hemmelerem eý görýändir welin, ol barada şu setirleri ak kagyza geçiren şahyryň eý görşi hem gaty ýeser eken:

 

Atylmaly zatlarynyň kem etmän         hiç birisin,

Burç, noýba, gatygy-birikdirseň barysyn,

Çagyrmagy unutmaň, şahyrlaryň Çarysyn.

Noýbalyja, burçluja, eger unaş içseňiz.

 

Bu goşgy setirleri şahyr Çary Gurbangylyja degişli.


15
68
ebru
23.11.2022 11:40
Tebigat täsinliklerini, gözelliklerini söýmeýän, küýsemeýän bir barmyka? Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde agzalýan geografiki gurşawyň adalgalaryny günde birnäçe gezek agzap geçýäris. Bu adalgalar adamlaryň arasynda adaty gepleşik sözleri bolup galyberdi.

Ekwator — latynça “aeguator” bolup, “deňleýji, sazlaýjy” diýmek bolýar. Ekwator Ýer şarynyň tekiz üstüni kesip geçýän çyzyk bolup, Ýeriň merkezinden onuň okuny perpendikulýar kesip geçýär. Ekwator çyzygy Ýer şaryny Demirgazyk hem-de Günorta ýarym şaryna bölýär. Onuň uzynlygy 40 076 kilometre deňdir. Ekwator çyzygyndan demirgazyk hem-de günorta geografiki giňişlikler hasaplanýar. Ekwator çyzygynyň ugrunda 14 sany döwlet ýerleşýär.

Polýus — latynça “polus”, grekçe “polos” bolup, “ok” diýmekligi aňladýar. Ýer üstünde Ýeriň okunyň çetki Demirgazyk hem-de Günorta nokatlarydyr.

Meridian — latynça “meridianus” bolup — “günortan, günorta çyzygy” diýmekdir. Ýer şarynyň tekiz üstünde Demirgazyk hem-de Günorta polýuslary birleşdirýän we olaryň üstünden geçýän çyzyklardyr. Meridian çyzyklary Ýer şarynyň islendik nokadyndan demirgazykdan günorta aralyklaryna ýa-da tersine uzap gitmek bilen, geografiki uzaklygy emele getirýärler. Meridian çyzygynyň uzynlygy 40 009 kilometre deňdir. Her meridian çyzygynyň 10-nyň uzynlygy 111,1 kilometre deňdir.

Parallel — grekçe “parallelos” — “deň gidýän” diýmek bolup, Ýer şarynyň tekiz üstünde ekwator çyzygy bilen deň, ýanaşyk gidýän çyzyklardyr. Parallel çyzyklar Ýeriň islendik nokadyndan gündogardan günbatara ýa-da tersine uzap gitmek bilen geografiki giňişligi emele getirýärler.

Materik — latynça “kontinens” — “bitewi, üznüksiz” diýmekligi aňladýar. Ýer şarynyň örän uly, oňaýly bölegi bolup, onuň köp ýeri gury ýer, suw ýalpaklyklary hem-de dag gerişlerinden ybaratdyr. Olar daş-töweregi dünýä okeanlarynyň suwlary bilen gurşalan ýerdir. Häzirki wagtda Ýer togalagynda 6 sany materik hem-de emele gelişleri boýunça birmeňzeş bolan 6 sany dünýä bölekleri bar.

Anklaw — latynça “klawis” — “açar” diýmek bolup, döwletiň içinde ýerleşýän başga bir döwlet ýa-da deňze hiç hili çykalgasy bolmadyk döwletdir. San-Marino, Watikan döwletleri Italiýa döwletinde, Lesoto döwleti Günorta Afrika Respublikasynyň territoriýasynda ýerleşýär.

Karta — grekçe “khartes” — “kagyz, sahypa, külterlenen, düýrlenen kagyz” diýmekligi aňladýar. Ýer şarynyň üstüniň kiçeldilip, umumylaşdyrylyp şertli belgiler bilen matematiki hasaplamalar esasynda kagyz ýüzüne geçirilmegine karta diýilýär.

15
52
ebru
22.11.2022 14:49
Her bir janly-jandaryň kiçijigi has eýjejik bolýar.
Eýsem, jandarlar dünýä gelenlerinde nähili ýagdaýy başdan geçirýärkäler?

🐢 Deňiz pyşbagasy tennisiň topy ýalyrak ýumurtgadan çykanyndan soňra, deňziň golaýyndaky çägelikdäki hininden çykyp, deňze tarap süýşüp başlaýar. Ol suwa ýetýänçä guş, leňňeç ýaly duşmanlaryndan hem gaçmaly bolýar. Tolkunlara özüni atanyndan soňra bolsa, beýleki deňiz jandarlaryndan gaçmaly bolýar. Bu kiçijik jandar howpsuz ýere barmak üçin 24 sagatlap ýüzmeli bolýar. Olar ýumurtganyň gabygyny döwüp çykanlaryndan soňra näme etmelidigini we haýsy tarapa ýöremelidigini gowy bilýärler.
🐆 Geçigaplaňyň çagasy kiçi wagty onuň derisiniň nagşy ýaşaýan ýeriniň otlaryna meňzeýär. Şol sebäpli ony beýleki haýwanlar uzakdan görüp bilmeýär. Ulaldygysaýyn onuň reňki üýtgeýär. Iki ýaşyndan soňra bolsa, tüýi täzelenýär.
🦔 Ýedi müň töweregi tikeni bolan kirpijikleri näçe eýjejik bolsa-da sypalap bolmaýar. Sebäbi oňa golaýlaşsaň, ol togalanyp, tikenli topa öwrülýär. Kirpileri diňe tilkidir şagal däl, eýsem, ýyrtyjy guşlar hem awlamak isleýär. Emma bu jandarlar kiçidigine garamazdan, ýabany haýwanlardan aňsatlyk bilen goranyp bilýär.
🦌 Keýikler köplenç bir-birlerini tanamak üçin ysgaşýarlar. Olaryň derisiniň reňki dünýä inen wagtlary tokaýyň ýa-da ýaşaýan ýeriniň tebigatynyň reňkine meňzeýär. 3-4 aýdan soňra onuň tüýi täzelenip, has goňur reňkli bolup başlaýar. Täze çykan tüýleri bolsa has galyň bolup, ony ýetip gelýän gyşyň sowugyndan goraýar.
🐣 Ördegiň jüýjesi öýkünmekde örän ussat bolýar. Bu jüýjeler ýumurtgadan çykan gününden başlap, ene ördegiň iýmit çokuşyny, ýüzüşini we paýtyklap ýöreýşini bolşy ýaly gaýtalaýar. Olaryň sary ýelekleri iki aýdan soňra täzelenip, uly ördege meňzeýär.

Haýwanat dünýäsi barada ýene-de birnäçe gyzykly maglumatlar berip bolar:

Ägirt murawedler öz çagalaryny täzeden göwreli bolýançalar arkasyna göterýärler.
🦁Ýolbarsyň arryldysy 8 kilometr daşlykdan eşitmek bolýar.
🐅 Gaplaňlar adamdan takmynan 6 esse gowy görýär.
🐝 "Tetragonula karbonaria” görnüşindäki arylar höwürtgelerini spiral görnüşinde gurýarlar.
🐈 Pişikler ýüzden gowrak dürli ses çykaryp bilerler,
🐕 Itler bolsa takmynan 10 ses çykaryp bilýärler.
Her bir alajagaplaňyň reňki we menekleri özüne mahsusdyr.
🐊 Garny dok bolan krokodil ýanynda iýmitlenmek üçin zat bolsa hem topulmaýar.
🐒 Alymlaryň pikiriçe, maýmynlar suwuň beýikligini taýak bilen ölçäp bilerler.
🐦 Guşlaryň ýelekleri, adatça, süňklerinden has köp bolýar.


Toplan: #Ebru# Amangözel A.
20
121
ebru
21.11.2022 18:47
👞 Statistika maglumatlara görä, köp adam, iň bolmanda aýallar, erkek bilen duşuşanda ilki bilen aýakgaplara üns berýärler, eger bir erkek aýakgabyna ideg edip, yzygiderli arassalasa, ýoldaşynyň öňünde mümkinçilikleri 2 esse artýar.
👞 Meşhur aýdymçy Madonna köp dürli aýakgap ýygnaýar. Aýdymçynyň ýygyndysynda hiç haçan geýmedik jübüt aýakgap bar, sebäbi olar näzik we gymmat materiallardan ýasalypdyr.
👞 Iň köp aýakgap öndürýän ýurt Italiýa. Hat-da kartada Italiýanyň territoriýasy aýal-gyzlaryň aýakgabynyň görnüşine meňzeýär.
👞 2002-nji ýylyň başynda iň uly aýakgap Filippinlerde öndürildi. Onuň uzynlygy 5,5 metr, ini 2,25 metr, beýikligi bolsa 1,85 metr bolupdyr.
👞 Basketbolçy Şakir Oniliň aýaklarynyň ululygy 55.
👞 Aýalyň ortaça aýagy 39, Parij Hilton bolsa 44 aýakgap geýýär.
👞 Taryhçylar Isa Mesihiň aýak ululygynyň 45 bolandygyny kesgitlediler.
👞 Deňze düşen sport aýakgaplary, takmynan 10 ýyl suwuň üstünde ýüzýär.
👞 Köp adamyň 2 dürli aýak ululygy bar.
👞 Nikany kanunlaşdyrmak üçin gadymy inkler aýakgap çalşypdyrlar.
👞 Tunis adaty däl däpleri bilen tanalýar. Olarda oglan geljekki ýanýoldaşyna ak terlik bermeli. Gelin sowgady kabul edip, terlik we ak ellik geýse, bu onuň makullanmagynyň alamaty.
👞 Latyn Amerikasyndaky maşgalalaryň köpüsi garyplyk zerarly çagalar aýakgapsyz gezýän ekenler. Günleriň birinde köp aýakgap fabriklerine eýe bolan Bleýk Maikoski ýurda gelýär we çagalaryň ýalaňaç gezip ýörenlerini görüp, bu ýerde aýakgap öndürýän başga bir kärhana açmagy ýüregine düwýär. Maikoski kärhanasyny ýola goýýar we mahabatlandyryş yglan edýär: 1 jübüt aýakgap satyn alsaň, sowgat berilýär. Şondan soň ýüzlerçe müň garyp maşgala täze aýakgaplar satyn alyp bilipdir.
👞 Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda köne aýakgaplary gaýtadan işleýän kärhana bar. Ýöriteleşdirilen merkezlerinde ulanylan köne aýakgaplar kabul edilýär we sport esbaplaryny ýasamak üçin ulanylýar. Aýakgabyň her böleginiň öz maksady bardyr.
29
126
ebru
20.11.2022 16:24
Birleşen Milletler Guramasyna girmeýän döwletler.

1. Watikan🇻🇦 döwleti.
Paýtagty: Watikan.
Meýdany: 0,44 km2.
Ilaty: 825 adam.
Resmi dili: Italýan, latyn dilleri.
Garaşsyzlygyny alan ýyly: 11.02.1929 ý.

2. Palestina🇵🇸 döwleti.
Paýtagty: Ramalla(Ierusalim).
Meýdany: 6020 km2.
Ilaty: 5.2 mln adam.
Resmi dili: Arap dili.
Garaş.alan ýyly: 15.11.1988 ý.

3. Demirgazyk Kipriň Türki respublikasy🇹🇳 döwleti.
Paýtagty: D.g Nikosiýa.
Meýdany: 3355 km2.
Ilaty: 326 müň adam.
Resmi dili: Türk dili.
Garaş.alan ýyly: 1974-nji ýylyň iýuly.

4. Hytaý Taýpeýi(Taiwan)🇹🇼 döwleti.
Paýtagty: Taýbeý.
Meýdany: 36 197 km2.
Ilaty: 23.3 müň adam.
Resmi dili: Hytaý dili.
Garaş.alan ýyly: 10.10.1911 ý.

5. Abhaziýa respublikasy döwleti.
Paýtagty: Suhum.
Meýdany: 8665 km2.
Ilaty: 8243 müň adam.
Resmi dili: Abhaz, rus dili.
Garaş.alan ýyly: 26.11.1994 ý.

6. Günorta Osetiýa döwleti.
Paýtagty: Shinwal.
Meýdany: 3900 km2.
Ilaty: 56 müň adam.
Resmi dili: Osetin, rus dilleri.
Garaş.alan ýyly: 21.12.1991 ý.

7. Sahara Arap demokratik respublikasy🇪🇭 döwleti.
Paýtagty: El-Aýun.
Meýdany: 266 müň km2.
Ilaty: 267 müň adam.
Resmi dili: Arap dili.
Garaş.alan ýyly: 27.02.1976 ý.

🌍🌍🌍🌍🌍🌍🌍🌍🌍🌍🌍🌍🌍🌍

Birleşen Milletler Guramasynyň resmi dilleri.
1. Iňlis dili.
2. Arap dili.
3. Ispan dili.
4. Hytaý dili.
5. Rus dili.
6. Fransuz dili.
12
65
ebru
ebru
19.11.2022 15:38
Dowamy. 141. Papaua Täze Gwineýa🇵🇬 döwleti. Paýtagty: Port-morsbi. Meýdany: 462 840 km2. Ilaty: 9 mln adam. Resmi dili: Iňlis dili. Garaşsyzlygyny alan ýyly: 16.09.1975 ý. 142. Russiýa🇷🇺 döwleti.
ebru
ebru
18.11.2022 22:24
Dowamy. 101. Liberiýa🇱🇷 döwleti. Paýtagty: Monrowiýa. Meýdany: 111 369 km2. Ilaty: 4 mln adam. Resmi dili: Iňlis dili. Garaşsyzlygyny alan ýyly: 26.07.1847 ý. 102. Lesoto🇱🇸 döwleti. Paýtagty: Maseru.
ebru
ebru
17.11.2022 17:08
Dowamy.. 51. Gyrgyzystan🇰🇬 döwleti. Paýtagty: Bişkek. Meýdany: 199 951 km2. Ilaty: 6,5 mln adam. Resmi dili: Gyrgyz, rus dilleri. Garaşsyzlygyny alan ýyly: 31.08.1991 ý. 52. Gruziýa🇬🇪 döwleti.
ebru
ebru
16.11.2022 18:03
Birleşen Milletler Guramasyna girýän döwletler. 1. Albaniýa🇦🇱 döwleti. Paýtagty: Tirana. Meýdany:28 748 km2. Ilaty: 3.9 mln adam. Resmi dili: Alban dili. Garaşsyzlygyny alan ýyly: 28.11.1912 ý. 2.