ebru
23.11.2022 11:40
Tebigat täsinliklerini, gözelliklerini söýmeýän, küýsemeýän bir barmyka? Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde agzalýan geografiki gurşawyň adalgalaryny günde birnäçe gezek agzap geçýäris. Bu adalgalar adamlaryň arasynda adaty gepleşik sözleri bolup galyberdi.

Ekwator — latynça “aeguator” bolup, “deňleýji, sazlaýjy” diýmek bolýar. Ekwator Ýer şarynyň tekiz üstüni kesip geçýän çyzyk bolup, Ýeriň merkezinden onuň okuny perpendikulýar kesip geçýär. Ekwator çyzygy Ýer şaryny Demirgazyk hem-de Günorta ýarym şaryna bölýär. Onuň uzynlygy 40 076 kilometre deňdir. Ekwator çyzygyndan demirgazyk hem-de günorta geografiki giňişlikler hasaplanýar. Ekwator çyzygynyň ugrunda 14 sany döwlet ýerleşýär.

Polýus — latynça “polus”, grekçe “polos” bolup, “ok” diýmekligi aňladýar. Ýer üstünde Ýeriň okunyň çetki Demirgazyk hem-de Günorta nokatlarydyr.

Meridian — latynça “meridianus” bolup — “günortan, günorta çyzygy” diýmekdir. Ýer şarynyň tekiz üstünde Demirgazyk hem-de Günorta polýuslary birleşdirýän we olaryň üstünden geçýän çyzyklardyr. Meridian çyzyklary Ýer şarynyň islendik nokadyndan demirgazykdan günorta aralyklaryna ýa-da tersine uzap gitmek bilen, geografiki uzaklygy emele getirýärler. Meridian çyzygynyň uzynlygy 40 009 kilometre deňdir. Her meridian çyzygynyň 10-nyň uzynlygy 111,1 kilometre deňdir.

Parallel — grekçe “parallelos” — “deň gidýän” diýmek bolup, Ýer şarynyň tekiz üstünde ekwator çyzygy bilen deň, ýanaşyk gidýän çyzyklardyr. Parallel çyzyklar Ýeriň islendik nokadyndan gündogardan günbatara ýa-da tersine uzap gitmek bilen geografiki giňişligi emele getirýärler.

Materik — latynça “kontinens” — “bitewi, üznüksiz” diýmekligi aňladýar. Ýer şarynyň örän uly, oňaýly bölegi bolup, onuň köp ýeri gury ýer, suw ýalpaklyklary hem-de dag gerişlerinden ybaratdyr. Olar daş-töweregi dünýä okeanlarynyň suwlary bilen gurşalan ýerdir. Häzirki wagtda Ýer togalagynda 6 sany materik hem-de emele gelişleri boýunça birmeňzeş bolan 6 sany dünýä bölekleri bar.

Anklaw — latynça “klawis” — “açar” diýmek bolup, döwletiň içinde ýerleşýän başga bir döwlet ýa-da deňze hiç hili çykalgasy bolmadyk döwletdir. San-Marino, Watikan döwletleri Italiýa döwletinde, Lesoto döwleti Günorta Afrika Respublikasynyň territoriýasynda ýerleşýär.

Karta — grekçe “khartes” — “kagyz, sahypa, külterlenen, düýrlenen kagyz” diýmekligi aňladýar. Ýer şarynyň üstüniň kiçeldilip, umumylaşdyrylyp şertli belgiler bilen matematiki hasaplamalar esasynda kagyz ýüzüne geçirilmegine karta diýilýär.

15
52
ebru
23 Noýabr 2022
Ineedyoutostay,best_person,sanjar_officiall, saolun kop
Ineedyoutostay
23 Noýabr 2022
👍👍👍 berekella
sanjar_officiall
23 Noýabr 2022
Bravo👏👏👏
ebru
23 Noýabr 2022
Aýdymçyoglan, saol kop agam
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.