ebru
21.11.2022 18:47
👞 Statistika maglumatlara görä, köp adam, iň bolmanda aýallar, erkek bilen duşuşanda ilki bilen aýakgaplara üns berýärler, eger bir erkek aýakgabyna ideg edip, yzygiderli arassalasa, ýoldaşynyň öňünde mümkinçilikleri 2 esse artýar.
👞 Meşhur aýdymçy Madonna köp dürli aýakgap ýygnaýar. Aýdymçynyň ýygyndysynda hiç haçan geýmedik jübüt aýakgap bar, sebäbi olar näzik we gymmat materiallardan ýasalypdyr.
👞 Iň köp aýakgap öndürýän ýurt Italiýa. Hat-da kartada Italiýanyň territoriýasy aýal-gyzlaryň aýakgabynyň görnüşine meňzeýär.
👞 2002-nji ýylyň başynda iň uly aýakgap Filippinlerde öndürildi. Onuň uzynlygy 5,5 metr, ini 2,25 metr, beýikligi bolsa 1,85 metr bolupdyr.
👞 Basketbolçy Şakir Oniliň aýaklarynyň ululygy 55.
👞 Aýalyň ortaça aýagy 39, Parij Hilton bolsa 44 aýakgap geýýär.
👞 Taryhçylar Isa Mesihiň aýak ululygynyň 45 bolandygyny kesgitlediler.
👞 Deňze düşen sport aýakgaplary, takmynan 10 ýyl suwuň üstünde ýüzýär.
👞 Köp adamyň 2 dürli aýak ululygy bar.
👞 Nikany kanunlaşdyrmak üçin gadymy inkler aýakgap çalşypdyrlar.
👞 Tunis adaty däl däpleri bilen tanalýar. Olarda oglan geljekki ýanýoldaşyna ak terlik bermeli. Gelin sowgady kabul edip, terlik we ak ellik geýse, bu onuň makullanmagynyň alamaty.
👞 Latyn Amerikasyndaky maşgalalaryň köpüsi garyplyk zerarly çagalar aýakgapsyz gezýän ekenler. Günleriň birinde köp aýakgap fabriklerine eýe bolan Bleýk Maikoski ýurda gelýär we çagalaryň ýalaňaç gezip ýörenlerini görüp, bu ýerde aýakgap öndürýän başga bir kärhana açmagy ýüregine düwýär. Maikoski kärhanasyny ýola goýýar we mahabatlandyryş yglan edýär: 1 jübüt aýakgap satyn alsaň, sowgat berilýär. Şondan soň ýüzlerçe müň garyp maşgala täze aýakgaplar satyn alyp bilipdir.
👞 Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda köne aýakgaplary gaýtadan işleýän kärhana bar. Ýöriteleşdirilen merkezlerinde ulanylan köne aýakgaplar kabul edilýär we sport esbaplaryny ýasamak üçin ulanylýar. Aýakgabyň her böleginiň öz maksady bardyr.
29
126
ilyas
28 Dekabr 2023
Oran govy
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
12 Dekabr 2022
👏🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
ideallider
21 Noýabr 2022
Ovezova_, köwşi hapa gezýäni görseň, bilgin mendirin😊👍
Ovezova_
21 Noýabr 2022
Öňümdaki adamyň köwusine menem bek üns berýän👍🏻
ebru
21 Noýabr 2022
olia,maral, saolun ikinem kop kop like ün
maral
21 Noýabr 2022
Gaty gowy👍👍👍
olia
21 Noýabr 2022
1njide men diňe özüme şeýlemikäm diýýädim munuň statistik maglumatlaram ba ekenä😅😅
olia
21 Noýabr 2022
beeet👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.