ebru
25.11.2022 11:40
Ada­myň nä­me se­bäp­den pal­la­ýan­dy­gy he­ni­zem anyk bel­li däl, ýö­ne be­de­niň gyz­gyn­ly­gy­ny ka­da­laş­dyr­ma­ga kö­mek ed­ýän­di­gi­ çak­la­nyl­ýar.
Dem alyp-be­re­ni­miz­de ho­wa­nyň ag­ram­ly bö­le­gi bu­run de­şik­le­ri­niň di­ňe bi­rin­den gi­rip-çyk­ýar. Bu ýag­daý bel­li bir wagt­dan soň ça­lyş­ýar.
Ada­myň ag­ra­my­nyň 8 gö­te­ri­mi­ni ga­ny düz­ýär.
Ada­m tak­my­nan 1 tril­li­on ysy saý­ga­ryp bil­ýär.
Ada­myň bur­ny ys­lar­dan baş­ga zat­la­ry duý­ma­ga-da ukyp­ly. Me­se­lem gyz­gyn­ly­gy, ajy­ny, süý­ji­ni.
Ada­myň bar­mak­la­ry­nyň şy­kyr­dy­sy­nyň bo­gun­lar­da eme­le gel­ýän kö­pür­jik­ler­den çyk­ýar.
Ada­myň sa­çy ýyl­da 15 sm ös­ýär.
Her kim­de baş­ga­ça bol­ýan bar­mak yz­la­ry­nyň nä­mä ge­rek­li­gi­ni en­tek hiç kim bil­me­ýär, ýö­ne olar eli­miz­den çyg­ly­ly­gy sü­pür­mä­ge, çiş­le­riň öňü­ni al­ma­ga ýa-da el­le­mek ar­ka­ly duý­mak uky­by­na ýar­dam ed­ýär.
Ada­myň ýü­re­gi bü­tin öm­rün­de or­ta­ça 3 mil­liard­ ge­zek ur­ýar.
Adam gü­nüň do­wa­myn­da tak­my­nan 20 müň ge­zek dem al­ýar.
Ada­myň be­de­ni­ 10 tril­li­on öý­jük­­den eme­le ge­len­dir.
Bir adam öm­rü­niň do­wa­myn­da 30 ton­na­dan gow­rak azyk önüm­le­ri­ni iý­ýär. Bu bol­sa, 70-80 dü­ýä­niň ag­ra­my­na ba­ra­bar­dyr.
Ada­myň dyr­nak­la­ry gün­de 0,1 mil­li­metr, aý­da 3-4 mil­li­metr ös­ýär. Bu ýag­daý pas­la gö­rä üýt­gäp bil­ýär.
Ada­myň beý­ni­si kä­ma­hal uku­da wag­ty oýa wag­ty­na ga­ra­nyň­da­ky­dan has iş­jeň bol­ýar.

45
628
ideallider
27 Noýabr 2022
Adam beteninde hem atom bölejikleri barmydy!?👍
🤪CrAzYGIRLL🤪
26 Noýabr 2022
GaýypgulyBaýramow,salam:)
GaýypgulyBaýramow
26 Noýabr 2022
Salam hemma
GaýypgulyBaýramow
26 Noýabr 2022
Malades
Marýam
26 Noýabr 2022
Gowy post 👍
ebru
26 Noýabr 2022
Myhman Myhman, saoluň kop
Myhman Myhman
26 Noýabr 2022
Malades gowy zat adamlan anyny osdurmane
ebru
26 Noýabr 2022
Aýdymçyoglan, hä bolýa agam. Haçan işlejegi belli däl onna hä
Myhman Myhman
26 Noýabr 2022
Janlasyp otyran adamyn pallasada gecyarhoww pallamak
Nurmuhammedow
26 Noýabr 2022
Gaty gowy post👍🏻👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.