Il arasyndaky aýtgylarda unaş barada şeýle setirler bar:
Unaş içip bolynçaň.
Ýarma ýatyp turynçaň.
Köje-göçüp gonynçaň.
Şeýle-de bolsa, unaş türkmeniň milli tagamlarynyň arasynda naýbaşylarynyň biri hasaplanylýar. Şonuň üçin-de, unaşa halkymyzda begler aşy hem diýilýär. Munuň, hakykatdan hem, şeýledigine halk hazynasynda öz mynasyp ornuny tapan şu aýtgylar hem şaýatlyk edýär:
Unaş — begler aşy.
Belke onuň gardaşy.
Keçi bilen bulamak,
Ýalta aýalyň işi.
Mährem enelerimiziň-mamalarymyzyň eli bilen kesilip taýýarlanylan unaşyň lezzeti-de, tagamy-da üp-üýtgeşik. Işden ýadap gelen ýa-da nähoşlap, sowuklaýsaň, daşyňda perwana bolýan enelerimiziň, derrew elýeterinde duran kendirige ýapyşyp: «Häzir derrewjek hamyr ýugrup, unaş kesip, içine-de burçuny, noýbasyny atyp, süzme çalyny garyp bererin! Içersiň welin, deriňi süpürip ýetişip bilseň bolany, nähoşlugyňdan nam-nyşan galmaz, balam!» diýip, enelerimiziň taýýarlap beren unaşynyň tagamy ýaşymyz ýetmişiň gyrasyndan gädip ugran-da bolsa, agzymyzdan gidenok. Onuň ýerem üýtgeşik, lezzetem, şypa berijiligem. Şonuň üçin-de, tenekar, melhem, tagam, nahar bolan unaş her bir türkmen maşgalasynda diýseň eý görülýär. Unaşy hemmelerem eý görýändir welin, ol barada şu setirleri ak kagyza geçiren şahyryň eý görşi hem gaty ýeser eken:
Atylmaly zatlarynyň kem etmän hiç birisin,
Burç, noýba, gatygy-birikdirseň barysyn,
Çagyrmagy unutmaň, şahyrlaryň Çarysyn.
Noýbalyja, burçluja, eger unaş içseňiz.
Bu goşgy setirleri şahyr Çary Gurbangylyja degişli.