ebru
05.12.2022 15:29
Dowamy.

Oglan atlary:

201. Allabaý- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Allanyň beren çagasy döwletli bolsun’’ diýmek.

202. Allaberdi- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Allanyň beren çagasy’’ diýmek.

203. Allaberen-bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Allanyň beren çagasy’’ diýmek.

204. Aksakgal- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,, Oba ýaşulysy, kethuda bolsun’’ diýmek.

205. Aktelpek- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Ak telpekli ýigit bolup ýetişsin’’ diýmek.

206. Akhümmet- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,, Maşgalada ilkinji doglan bagtly we hümmetli ogul’’ diýmek.

207. Akynyýaz- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Dilenip alnan sahy ogul’’ diýmek.

208. Alaw-bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Ot ýaly ogul’’ diýmek.

209. Akmuhammet- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,, Bagtly we öwgüli ogul’’ diýmek.

210. Akmyrat- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Bagtly çaga myrat-maksadyna ýetsin’’ diýmek.

211. Aknazar- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Öýümize nazar eden bagtly ogul’’ diýmek.

212. Aknepes- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Allanyň nepesi bilen doglan bagtly çaga’’ diýmek.

213. Akram-bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Iňňän sahawatly, örän sahy jomart’’ diýmek.

214. Akjagurban- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy,, Gurban aýynda doglan bagtlyja çaga’’ diýmek.

215. Akly- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Bagtly’’ diýmek.

216. Akmaňlaý- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Alny-maňlaýy açyk, bagtly gyz’’ diýmek.

217. Akmeret- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Meret aýynda doglan bagtly çaga’’ diýmek.

218. Akmolla-bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Bagtly we sowatly ogul bolup ýetişsin’’ diýmek.

219. Akguzy- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,, Ilkinji doglan çaga bagtly we guzy ýaly görmegeý, ýakymly bolsun’’ diýmek.

220. Akgurban- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Gurban aýynda doglan bagtly çaga’’ diýmek.

221. Akgylyç- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,, Uzak ýaşasyn’’ ýa-da ,,Gylyç ýaly keser akyly bolsun’’ diýmek.

222. Akdöwlet- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Bagtly we döwletli çaga’’ diýmek.

223. Akjabaý-bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Eýjejik çaga bagtly we döwletli bolsun’’ diýmek.

224. Akbaý– bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Ilkinji doglan ogul bagtly we döwletli bolsun’’ diýmek.

225. Akberdi– bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Ilkinji gezek bagtly ogul berdi’’ diýmek.

226. Akweli – bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Keramatly, Allanyň ýakyny ýa-da ,,Düşbi, öňden görüji’’’’ diýmek.

227. Akga– bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Aga’’ diýmek.

228. Akgenje-bu at oglanlara dakylýan at. ,,Genje’’- ,,Körpe çaga’’ diýmek.

229. Aýytmyrat– bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Baýramçylykda doglan ogul maksat-myradyna ýetsin’’diýmek.

230. Aýytmuhammet– bu at oglanlara dakylýan at. Manysy,,Baýramda doglan öwgüli ogul’’ diýmek.

231. Aýytnyýaz– bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Baýramçylykda doglan we dilenip alnan çaga’’ diýmek.

232. Ak– bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Bagtly,bagtyýar’’ diýmek.

233. Akat-bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Bir ýa-da ýeketäk’’ diýmek.


Agzalar dowamy kän. Eger dowamyny gormek isleseniz. Adym programmadan gorup bilersiniz😊😊
7
33
ebru
04.12.2022 14:10
Dowamy.

Oglan atlary:

131. Annaberdi- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Anna güni doglan çaga’’ diýmek.

132. Annabäş- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Anna güni doglan bäşinji çaga’’ diýmek.

133. Annabäşim-bu at oglanlara  dakylýan at. Manysy,,Anna güni doglan bäşinji oglumyz’’diýmek.

134. Anna- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Anna güni doglan’’ diýmek.

135. Annaaman- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,, Anna güni doglan çaga uzak ýaşasyn, sag-aman ömür sürsün’’ diýmek.

136. Annabagşy- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Anna güni doglan ogul bagşy bolsun’’ diýmek.

137. Annabazar- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Anna güni doglan oglanyň durmuş ýoly bazar ýaly şagalaňly bolsun’’ diýmek.

138. Annabaý-bu at oglanlara  dakylýan at. Manysy,,Anna güni doglan oglan döwletli bolsun’’diýmek.

139. Amansähet- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Sähetli gün doglan ogul sag-aman ýaşasyn’’ diýmek.

140. Amantagan- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Sag-aman we uzak ýaşasyn, ölmesin’’ diýmek.

141. Amanşa- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Sag-aman ömür sürsün, at-abraýly, hökmürowan bolsun’’ diýmek.

142. Amannylla- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Alla penasynda saklasyn, aman-sag ýaşasyn’’ diýmek.

143. Andalyp-bu at oglanlara dakylýan at. Türkmen şahyry Nurmuhammet Andalybyň edebi lakamy. Manysy,,Bilbil,hoşowaz’’diýmek.

144. Amanöwez- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Öňki ýoldan çaganyň ornuna gelen ogul sag-aman ýaşasyn, ölmesin’’ diýmek.

145. Amansapar- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Sapar aýynda doglan çaga aman-sag ýaşasyn’’ ýa-da ,,Sapara gidenler sag-aman dolansyn’’ diýmek.

146. Amansary- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Sary, nurana ogul sag-aman ýaşasyn’’ diýmek.

147. Amansaçly – bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Saçly doglan çaga sag-aman we uzak ýaşasyn’’ diýmek.

148. Amanseýit-bu at oglanlara dakylýan at. Manysy,,Sag-aman ömür sürsin, bagtly bolsun’’ diýmek.

149. Amannazar- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Ogul sag-aman dünýä indi’’ diýmek.

150. Amannepes- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Allanyň nepesi bilen doglan çaga sag-aman ömür sürsün’’ diýmek.

151. Amannur- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Nurana çaga sag-aman ýaşasyn’’ diýmek.

152. Amannyýaz- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Dilenip alnan çaga sag-aman we uzak ýaşasyn, ölmesin’’ diýmek.

153. Amanoraz-bu at oglanlara dakylýan at. Manysy,,Sag-aman ýaşasyn we bagtly bolsun’’ diýmek.

154. Amanlyk- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Sag-amanlyk, salamatlyk bilen ýaşasyn’’ diýmek.

155. Amanmeňli- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Bedeninde meňi bolan çaga sag-aman uzak ýaşasyn’’ diýmek.

156. Amanmeret- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Meret aýynda doglan ogul sag-aman uzak ýaşasyn’’ diýmek.

157. Amanmuhammet- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Öwgüli ogul aman ýaşasyn’’ diýmek.

158. Amanmyrat-bu at oglanlara dakylýan at. Manysy,,Sag-aman ýaşap, myrat-maksadyna ýetsin’’ diýmek.

159. Amanguly- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Ogul sag-aman ýaşasyn’’ diýmek.

160. Amangylyç- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Sag-aman ýaşasyn, ölmesin’’ diýmek.

161. Amandöwlet- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Sag-aman uzak ýaşasyn, dursun, ölmesin’’ diýmek.

162. Amandurdy- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Sag-aman ýaşasyn, dursun ölmesin’’ diýmek.

163. Amanesen-bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Aman-esen uzak ýaşasyn’’ diýmek.

164. Amanbaý- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Aman sag uzak ýaşasyn we döwletli bolsun’’ diýmek.

165. Amanbeg- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Aman sag we abraýly ýaşasyn’’ diýmek.

166. Amanberdi- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Çaga sag-aman dünýä indi’’ diýmek.

167. Amanweli- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Sag-aman uzak ýaşasyn we akylly ogul bolsun’’ diýmek.

168. Amangeldi-bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Sag-aman dünýä indi’’ diýmek.

169. Alyhan- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Belent derejeli we hökmürowan ogul’’ diýmek.

170. Alyşir- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Ýolbars, şir’’ diýmek.

171. Alyýar- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Aly ýar bolsun, Aly penasynda saklasyn, uzak ýaşasyn’’ diýmek.

172. Aman- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Sag esen,dynç, aman’’ ýa-da ,,Çaganyň başy aman bolsun, uzak ýaşasyn’’ diýmek.

173. Amanaly-bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Alynyň ady dakylan ogul sag-aman uzak ýaşasyn’’ diýmek.

174. Aly- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Belent derejeli, ýokary’’ diýmek.

175. Alybaý- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Alynyň ady dakylan ogul döwletlibolsun’’ diýmek.

176. Alybeg- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Alynyň ady dakylan abraýly, beg ogul’’ diýmek.

177. Alyguly- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Alynyň guly’’ diýmek.

178. Alym-bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Ylymly, sowatly, bilimli,akylly, alym’’ diýmek.

179. Altybaý- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Altynjy ýa-da alty barmakly doglan ogul döwletli bolsun’’ diýmek.

180. Altyly- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Alty barmakly’’ diýmek.

181. Altymuhammet- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Altynjy öwgüli ogul’’ diýmek.

182. Altymyrat- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Altynjy ýa-da alty barmakly ogul maksat-myradyna ýetsin’’ diýmek.

183. Altynazar-bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Öýümize nazar eden altynjy ýa-da alty barmakly ogul’’ diýmek.

184. Allaýar- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Çaga uzak ýaşasyn, ölmesin,oňa Alla ýar bolsun’’ diýmek.

185. Alpan- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Batyr, pälwan, iňňän güýçli we ýürekli’’ diýmek.

186. Altaý- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Gymmat baha ogul’’ diýmek.

187. Altmyş- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Kakasy 60 ýaşyndaka doglan ogul’’ diýmek.

188. Alty-bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Alty barmakly doglan’’ ýa-da ,,Altynjy ogul’’ diýmek.

189. Allanazar- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Allanyň nazar eden çagasy’’ diýmek.

190. Allanepes- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Allanyň nepesi’’ diýmek.

191. Allanur- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Allanyň nury bilen doglan çaga’’ diýmek.

192. Allahan- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Alla tarapyndan berlen han ogul’’ diýmek.

193. Allaşükür-bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Ogul beren üçin Allaga şükür, kanagatlandyk’’ diýmek.

194. Allaguly- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,, Allanyň guly’’ diýmek.

195. Alladat- bu at oglanlara dakylýan at. Pars dilinden gelip çykan. Manysy ,,Alladan dilenip alnan ogul’’ diýmek.

196. Alladurdy- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Allanyň beren çagasy uzak ýaşasyn, ölmesin’’ diýmek.

197. Allamyrat- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Allanyň isläni’’ diýmek.

198. Allanazar-bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Allanyň nazar eden çagasy’’ diýmek.

199. Alaşa- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,, Uzak ýaşasyn we çydamly bolsun’’ diýmek.

200. Aldar köse- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Aldawçy köse’’ diýmek.


Dowamy bar..😉
10
37
ebru
03.12.2022 15:49
Dowamy.

Oglan atlary:

156. Asadulla- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Allanyň şiri’’ diýmek.

157. Asameddin- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Diniň diregi daýanjy’’ diýmek.

158. Asgar- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Kiçi, ýaşkiçi’’, ýa-da ,,Maşgalada körpe ogul’’ diýmek.

159. Asman –bu at oglanlara  dakylýan at. Manysy,, Mertebesi belent’’diýmek.

160. Artyksapar- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Bedeninde artykmaç ösüntgi bolan we sapar aýynda doglan’’ diýmek.

161. Arça- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Arça ýaly berk bolsun, kynçylyga döz gelsin, uzak ýaşasyn’’ diýmek.

162. Arçaweli- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Sagdyn berk janly we akylly ogul bolsun’’ diýmek.

163. Arçman- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Arçmanda doglan’’ diýmek.

164. Arçyn –bu at oglanlara  dakylýan at. Manysy,,Oba kethudasy’’diýmek.

165. Artykgylyç- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Bedeni artykmaç ösüntgili ogul uzak ýaşasyn, ölmesin’’ diýmek.

166. Artykmuhammet- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Bedeninde artykmaç ösüntgisi bolan öwgüli ogul’’ diýmek.

167. Artykmyrat- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Bedeni artykmaç ösüntgili ogul maksat-myradyna ýetsin’’ diýmek.

167. Artyknur- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Bedeni artykmaç ösüntgili nurana ogul’’ diýmek.

168. Artyknyýaz –bu at oglanlara  dakylýan at. Manysy,,Bedeni artykmaç ösüntgili, dilenip alnan çaga’’diýmek.

169. Artyk- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Bedeninde artykmaç ösüntgi bolan ogul’’ diýmek.

170. Artykbaý- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Artykmaç ösüntgi bilen doglan ogul döwletli bolsun’’ diýmek.

171. Artykweli- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Bedeninde artykmaç ösüntgisi bolan akylly ogul’’ diýmek.

172. Artykguly- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Bedeninde artykmaç ösüntgisi bolan ogul’’ diýmek.

173. Artykgurban –bu at oglanlara  dakylýan at. Manysy,,Bedeninde artykmaç ösüntgisi bolan we gurban aýynda doglan ogul’’diýmek.

174. Arzymet- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Arzyly we öwgä mynasyp ogul’’ diýmek.

175. Arzysähet- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Arzyly , arzuw edilip ýetilen we sähetli gün doglan ogul’’ diýmek.

176. Arpapolat- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Aşly-nanly , jany hem polat ýaly berk bolsun’’ diýmek.

177. Arryk- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Hor, çepiksi ogul’’ diýmek.

178. Arslan-bu at oglanlara  dakylýan at. Manysy,,Arslan ýaly güýçli, batyr bolsun’’diýmek.

179. Aran- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Ölmesin, uzak ýaşasyn, aran ýaly ýaşaýşa berk ilişsin’’ diýmek.

180. Aranbaý- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Uzak ýaşasyn, ölmesi we döwletli bolsun’’ diýmek.

181. Arbap- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Hojaýyn, aga, jenep’’ diýmek.

182. Arzuw- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Arzuw edilip ýetilen ýa-da arzuwymyzy hasyl eden çaga’’ diýmek.

183. Arzuwgeldi-bu at oglanlara  dakylýan at. Manysy,,Arzuwymyz amala aşdy’’diýmek.

184. Apbas- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Gazaply,uruşgan’’ diýmek.

185. Araz- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Bagtly çaga’’ ýa-da ,,Oraza aýynda doglan çaga’’ diýmek.

186. Arazbaý- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Bagtly we döwletli’’ diýmek.

187. Arazgylyç- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Bagtly ogul uzak ýaşasyn,ölmesin’’ diýmek.

188. Arazseýit-bu at oglanlara  dakylýan at. Manysy,,Iňňän bagtly ogul’’diýmek.

189. Annaýagşy- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Anna güni doglan ýagşy ogul’’ diýmek.

190. Annaýar- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Anna güni doglan ogul doganlaryna ýar bolsun’’ diýmek.

191. Aňňal- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Uzak ýaşasyn ölmesin’’ diýmek.

192. Aňňalgurt- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Uzak ýaşasyn, ölmesin, çydamly bolsun, ölmesin’’ diýmek.

193. Apbak-bu at oglanlara  dakylýan at. Manysy,,Ap-aak, ýagny akja ogul ýa-da bagtly ogul’’diýmek.

194. Annatuwak- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Anna güni tuwakly doglan çaga’’ diýmek.

195. Annahal- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Anna güni doglan hally çaga’’ diýmek.

196. Annahan- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Anna güni doglan at-abraýly ogul’’ diýmek.

197. Annaçary- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Anna güni doglan dördünji ogul’’ diýmek.

198. Annaesen-bu at oglanlara  dakylýan at. Manysy,,Anna güni doglan çaganyň başy esen bolsun’’diýmek.

199. Annasary- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Anna güni doglan nurana ogul’’ diýmek.

200. Annaseýit- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Anna güni doglan bagtly ogul’’ diýmek.

201. Annasöýün- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Anna güni doglan we Söýüniň ady dakylan ogul’’ diýmek.

202. Annasähet- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Anna güni, sähetli gün doglan’’ diýmek.

203. Annatagan-bu at oglanlara  dakylýan at. Manysy,,Anna güni doglan üçünji çaga beýleki doganlaryna söýget bolsun, olary goldasyn’’diýmek.

204. Annaöwez- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Anna güni doglan we öňki giden çaganyň ornuna, öwezine gelen ogul’’ diýmek.

205. Annapolat- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Anna güni doglan ogul çydamly bolsun’’ diýmek.

206. Annarejep- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Rejep aýynyň anna güni doglan’’ diýmek.

207. Annarozy- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Anna güni doglan bagtly ogul’’ diýmek.

208. Annasapar-bu at oglanlara  dakylýan at. Manysy,,Sapar aýynda anna güni doglan ogul’’diýmek.

209. Annamyrat- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Anna güni doglan ogul maksat-myradyna ýetsin’’ diýmek.

210. Annanazar- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Anna güni nazar eden ogul’’ diýmek.

211. Annanepes- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Allanyň nepesi bilen anna güni doglan ogul’’ diýmek.

212. Annanyýaz- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Anna güni sowgat berlen çaga’’ diýmek.

213. Annaoraz-bu at oglanlara  dakylýan at. Manysy,,Anna güni doglan bagtly ogul’’diýmek.

214. Annakadyr- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Allanyň anna güni beren çagasy’’ diýmek.

215. Annakerim- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Anna güni doglan keremli, jomart, sahawatly ogul’’ diýmek.

216. Annakişi- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Anna güni doglan är ogul’’ diýmek.

217. Annameret- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Meret aýynyň anna güni doglan’’ diýmek.

218. Annamuhammet-bu at oglanlara  dakylýan at. Manysy,,Anna güni doglan öwgüli ogul’’diýmek.

219. Annagurban- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Gurban aýynyň anna güni doglan’’ diýmek.

220. Annagurt- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Anna güni doglan ogul gurt ýaly çydamly bolsun’’ diýmek.

221. Annagylyç- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Anna güni doglan ogul uzak ýaşasyn’’ diýmek.

222. Annadöwlet- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Anna güni doglan döwletli ogul’’ diýmek.

223. Annadurdy-bu at oglanlara  dakylýan at. Manysy,,Anna güni doglan çaga dursun, ölmesin’’diýmek.

224. Annaweli- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Anna güni doglan ogul akylly, dana, weli bolsun’’ diýmek.

125. Annagarry- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Anna güni doglan we ýaşuly garyndaşynyň ady dakylan’’ diýmek.

126. Annageldi- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Anna güni doglan ogul’’ diýmek.

127. Annagoç- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Anna güni doglan goç ogul’’ diýmek.

128. Annaguly-bu at oglanlara  dakylýan at. Manysy,,Anna güni doglan ogul’’diýmek.

129. Annabaýram- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Kamary aý hasaby boýunça 10-njy aýynyň anna güni doglan çaga’’ diýmek.

130. Annabegenç- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Anna güni doglup, ene-atasyny begendiren çaga’’ diýmek.


Agzalar dowamy bar..😉
10
49
ebru
02.12.2022 15:55
Dowamy.

Oglan atlary:

100. Ahun- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Molla uly molla, okumyş, mugallym’’ diýmek.

101. Açyl- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Keselden açyl, gutul’’ diýmek.

102. Açyldurdy- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Keselinden açylsyn,dursun ölmesin’’ diýmek.

103. Açyldy –bu at oglanlara  dakylýan at. Manysy,,Keselinden açylsyn we myrat-maksadyna ýetsin’’diýmek.

104. Ahmedaly- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Alynyň şöhratly, öwgüli kişisi’’ diýmek.

105. Ahmedylla- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Allanyň şöhratly, öwgüli, kişisi’’ diýmek.

106. Ahmet- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Iňňän şöhratly,öwgüli’’ diýmek.

107. Ahmetguly- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Şanly –şöhratlynyň guly’’ diýmek.

108. Ahmetnazar-bu at oglanlara dakylýan at. Manysy,,Şanly-şöhratlynyň nazary bilen doglan ogul’’diýmek.

109. Atsyz- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Ady ýok , at dakylmadyk,atsyz ogul’’ diýmek.

110. Atçapar- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Ýigit bolup ýetişsin, at çapsyn’’ diýmek.

111. Afzal- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Örän ýagşy, ajaýyp’’ diýmek.

112. Ahal- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Ahalda doglan’’ diýmek.

113. Ahally-bu at oglanlara dakylýan at. Manysy,,Ahalda doglan’’diýmek.

114. Atabakan- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,At baksyn, edermen bolsun’’ diýmek.

115. Atabakar – bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,At baksyn, edermen, çaparman ogul bolsun’’ diýmek.

116. Atbaşy- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Ilden öňe saýlansyn’’ diýmek.

117. Atjan- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,At janly, çydamly’’ diýmek.

118. Atly-bu at oglanlara dakylýan at. Manysy,,Edermen ýigit bolup ýetişsin’’diýmek.

119. Ataoraz- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Bagtly ata bolsun’’ diýmek.

120. Ataöwez- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Atasynyň öwezine gelen ogul’’ diýmek.

121. Ataseýit- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Bagtly ata bolsun’’ diýmek.

122. Atahan- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Abraýly ata bolsun’’ diýmek.

123. Ataş-bu at oglanlara dakylýan at. Manysy,,Ot ýaly, ýiti ogul bolsun’’diýmek.

124. Atamyrat- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Atasynyň maksat-myrady, arzuwy’’ diýmek.

125. Atamyş- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,At gazanan , adygan meşhur’’ diýmek.

126. Atan- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Düýäniň bir görnüşi, iş maly’’ diýmek.

127. Atanurly- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Atasynyň ady dakylan, nurana çaga’’ diýmek.

128. Atanyýaz-bu at oglanlara dakylýan at. Manysy,,Dilenip alnan ogul ata bolsun’’diýmek.

129. Atakişi- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Atasy ýaly kişi bolup ýetişsin’’ diýmek.

130. Atakörpe- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Atasynyň ornuna gelen körpe ogul’’ diýmek.

131. Ataly- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Atasynyň ornuna gelen çaga’’ diýmek.

132. Atalyk- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Şazadalaryň terbiýeçisi’’ diýmek.

133. Atameret-bu at oglanlara dakylýan at. Manysy,,Atasynyň ady dakylan we meret aýynda doglan ogul’’diýmek.

134. Atagurban- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Atasynyň ady dakylan we gurban aýynda doglan ogul’’ýa-da ,,Gurban aýynda doglan ogul ata bolsun’’ diýmek.

135. Atagylyç- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Atasynyň ady dakylan ogul uzak ýaşasyn’’ diýmek.

136. Atadurdy- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Atasynyň ady dakylan ogul dursun, ölmesin’’ diýmek.

137. Atajan- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Atasynyň jany-jigeri ýa-da agasynyň ady dakylan söýgüli ogul’’ diýmek.

138. Atajuma-bu at oglanlara dakylýan at. Manysy,,Atasynyň ady dakylan we juma güni doglan ogul’’diýmek.

139. Ataberdi- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Atasynyň yzyny tutjak çagany berdi’’ýa-da ,,Ata boljak ogul doguldy’’ diýmek.

140. Ataweli- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Atasynyň ady dakylan ogul akylly weli bolsun’’ diýmek.

141. Atagarry- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Garry atasynyň ady dakylan ogul’’ diýmek.

143. Atageldi- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Atasynyňornuna gelen ogul’’ diýmek.

144. Ataguly-bu at oglanlara dakylýan at. Manysy,,Atasynyň guly, atasynyň ogly’’diýmek.

145. Ata- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Atasynyň ady dakylan’’ diýmek.

146. Atabaý- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Atasynyň ady dakylan ogul döwletli bolsun’’ diýmek.

147. Atabal- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Atasynyň ady dakylan süýji dilli çaga’’ diýmek.

148. Atabally- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,, Atasynyň ady dakylan süýji dilli çaga’’ diýmek.

149. Atabeg –bu at oglanlara  dakylýan at. Manysy,,Ata terbiýesini birinji beg bolup ýetişsin’’diýmek.

150. Asrar- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Syrlar, gizlinler’’ diýmek.

151. Astan- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Astanababa öwlüýäsinden dilenip alnan’’ diýmek.

152. Asyl- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Asylly çaga’’ diýmek.

153. Asylbek- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Asylly we jany berk çaga’’ diýmek.

154. Asylmyrat-bu at oglanlara dakylýan at. Manysy,,Asylly ogul maksat-myradyna ýetsin’’diýmek.

155. Aryp-bu at oglanlara dakylýan at. Manysy "Bilimli, sowatly, akylly" diýmek.


Agzalar dowamy bar..😉


9
41
ebru
01.12.2022 11:21
Dowamy.

Oglan atlary:

60. Babahan- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Babasynyň han ogly’’ diýmek.

61. Babaşir- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Uzak ýaşasyn we şir, ýolbars ýaly dogumly güýçli bolsun’’ diýmek.

62. Babaýar- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Babasyna hemra boljak we oňa hyzmat etjek ogul’’ diýmek.

63. Babyr- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Ýolbars ýaly güýçli we batyr bolsun’’ diýmek.

64. Bagdan –bu at oglanlara  dakylýan at. Manysy ,,Baharda bagda doglan ogul’’diýmek.

65. Babamyrat- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Babasynyň myradyny, arzuwyny hasyl eden ogul’’ diýmek.

66. Babanazar- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Babasynyň nazary düşen ogul’’ diýmek.

67. Babatagan- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Baba bolsun,uzak ýaşasyn’’ diýmek.

68. Ahmetýar -- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy "Şanly-şöhratly şahs ýar bolsun" diýmek.

69. Babaesen –bu at oglanlara dakylýan at. Manysy,,Aman-esen uzak ýaşasyn, baba bolsun’’diýmek.

70. Babaguly- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Babasynyň guly, hyzmatkäri’’ diýmek.

71. Babagylyç- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Babasynyň ady dakylan ogul uzak ýaşasyn’’ diýmek.

72. Babadurdy- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Baba bolsun, uzak ýaşasyn’’ diýmek.

73. Babakişi- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Babasynyň ornuny tutjak kişi’’ diýmek.

74. Babaly-bu at oglanlara dakylýan at. Manysy,,Babaly, babasyna gowşan ogul’’diýmek.

75. Aýaz- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Aýazly gün doglan çaga’’ diýmek.

76. Baba- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Babasynyň ady dakylan’’ diýmek.

77. Babaata- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Maşgala ýaşulysynyň ady dakylan ’’ diýmek.

78. Babagarry- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Garry babasynyň ady dakylan ogul’’ diýmek.

79. Babageldi –bu at oglanlara dakylýan at. Manysy,,Babasy gelen güni doglan ogul’’diýmek.

80. Aşyrnur- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Aşyr aýynda doglan nurana’’ diýmek.

81. Aşyrnyýaz- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Aşyr aýynda sowgat berlen çaga’’ diýmek.

82. Aşyrpolat- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Aşyr aýynda doglan çaga polat ýaly berk bolsun, kesellemesin’’ diýmek.

83. Aşyrtagan- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Aşyr aýynda doglan çaga uzak ýaşasyn, ölmesin’’ diýmek.

84. Aýaw –bu at oglanlara  dakylýan at. Manysy,,Aýalýan ogul’’diýmek.

85. Aşyrgylyç- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Aşyr aýynda doglan ogul uzak ýaşasyn, ölmesin ýa-da ýiti, akylly bolsun’’ diýmek.

86. Aşyrdöwlet- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Aşyr aýynda doglan ýigit döwletli bolsun’’ diýmek.

87. Aşyrdurdy- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Aşyr aýynda doglan çaga dursun, uzak ýaşasyn, ölmesin’’ diýmek.

88. Aşyrmuhammet- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Aşyr aýynda doglan şanly-şöhratly, öwgüli ogul’’ diýmek.

89. Aşyrmyrat –bu at oglanlara  dakylýan at. Manysy,,Aşyr aýynda doglan şanly-şöhratly ogul myrat-maksadyna ýetsin’’diýmek.

90. Aşyrbaý- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Aşyr aýynda doglan döwletli ogul’’ diýmek.

91. Aşyrberdi- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Aşyr aýynda berlen ogul’’ diýmek.

92. Aşyrweli- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Aşyr aýynda doglan ogul bilimli, weli bolsun’’ diýmek.

93. Aşyrgeldi- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Aşyr aýynda gelen ogul’’ diýmek.

94. Aşyrguly –bu at oglanlara  dakylýan at. Manysy,,Aşyr aýynda doglan ogul’’diýmek.

95. Aşgabat- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Aşgabatda doglan’’ diýmek.

96. Aşyk- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Durmuşy gözelligi söýýän’’ diýmek.

97. Aşykguly- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Durmuşy, gözelligi söýýän ogul’’ diýmek.

98. Aşyr- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Onluk’’ diýmek.

99. Aşyraly-bu at oglanlara dakylýan at. Manysy,,Aşyr aýynda doglan belent derejeli ogul’’diýmek.


Agzalar dowamy bar..😉
8
49
ebru
30.11.2022 16:41
Oglan atlary:

1. Didar- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Öýe ýüzi düşen çaga’’ diýmek.

2. Dinmuhammet- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Muhammet pygamberiň dinini eýeriji’’ diýmek.

3. Diýar- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Watan’’ diýmek.

4. Döwlet- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Döwletli bolsun’’ diýmek.

5. Durdy-bu at oglanlara dakylýan at. Manysy,,Uzak ýaşasyn’’diýmek.

6. Daniýar- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Akylly, bilimli, dana dost’’ diýmek.

7. Daňatar- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Daňdan doglan çaga’’ diýmek.

8. Daýanç- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Maşgalasynyň daýanjy’’ diýmek.

9. Deňiz- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Deňiz ýaly giň’’ diýmek.

10. Derýa –bu at oglanlara  dakylýan at. Manysy,,Derýa ýaly giň’’diýmek.

11. Bezirgen- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Söwdagär’’ diýmek.

12. Bähbit- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Ene – atasyna bähbitli kömek etsin’’ diýmek.

13. Bäşim- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Maşgalada doglan bäşinji ogul’’ diýmek.

14. Çary- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Maşgalada doglan dördünji ogul’’ diýmek.

15. Dawut –bu at oglanlara dakylýan at. Manysy,,Ýakyn söýgüli dost’’diýmek.

16. Baky- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Ömürlik we hemişe ýaşasyn’’ diýmek.

17. Batyr- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Batyr ýürekli bolsun’’ diýmek.

18. Begenç- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Maşgalasyny begendiren’’ diýmek.

19. Begler- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Begleriň begi’’ diýmek.

20. Begmyrat –bu at oglanlara  dakylýan at. Manysy,,Beg ýaly ogul arzuwyna ýetsin’’diýmek.

21. Baýramgylyç- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Baýramçylykda doglan ogul uzak ýaşasyn, ölmesin’’ diýmek.

22. Baýramdurdy- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Baýramçylykda doglan çaga dursun, ölmesin, uzak ýaşasyn’’ diýmek.

23. Baýrammuhammet- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Baýramçylykda doglan öwgüli ogul’’ diýmek.

24. Baýrammyrat- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Baýramçylykda doglan ogul maksat-myradyna ýetsin’’ diýmek.

25. Baýramnazar-bu at oglanlara dakylýan at. Manysy,,Baýramçylykda nazar alan" diýmek.

26. Baýramgeldi- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy “Baýramçylykda gelen oglan’’ diýmek.

27. Baýramguly- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy “Baýramçylykda doglan ogul’’ diýmek.

28. Baýramgurban-bu at oglanlara dakylýan at. Manysy “Gurban baýramçylygynda doglan çaga’’ diýmek.

29. Baýnyýaz- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Dilenip alnan döwletli çaga’’ diýmek.

30. Baýpolat- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Döwletli we jany hem polat ýaly berk bolsun’’ diýmek.

31. Baýram- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Baýramçylykda doglan çaga’’ diýmek.

32. Baýrambaý- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Baýramçylykda doglan döwletli ogul’’ diýmek.

33. Baýramberdi-bu at oglanlara dakylýan at. Manysy,,Baýramçylykda doglan belent derejeli gyz’’diýmek.

34. Baýly- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Baýlykly, döwletli ogul’’ diýmek.

35. Baýmuhammet- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Döwletli we öwgüli ogul’’ diýmek.

36. Baýmyrat- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Döwletli ogul myrat-maksadyna ýetsin’’ diýmek.

37. Baýnazar- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Öňümize baý, döwletli ogul nazar etdi’’ diýmek.

38. Baýnepes –bu at oglanlara  dakylýan at. Manysy,,Baýyň nepesi bilen doglan ogul’’diýmek.

39. Baýguly- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Baý, döwletli ogul’’ diýmek.

40. Baýgurban- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Gurban aýynda doglan döwletli ogul’’ diýmek.

41. Baýgylyç- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Döwletli, baý bolsun, uzak ýa’asyn, ölmesin’’ diýmek.

42. Baýdak- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Durmuşy baýýdak ýaly parlaýarsyn’’ diýmek.

43. Baýdöwlet-bu at oglanlara dakylýan at. Manysy,,Baý we döwletli ogul’’diýmek.

44. Bazarguly- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Bazar güni doglan ogul’’ diýmek.

45. Bazarmyrat- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Bazar güni doglan ogul myrat-maksadyna ýetsin’’ diýmek.

46. Baý- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Baý, döwletli bolsun’’ diýmek.

47. Baýbaba- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Döwletli, baý baba bolsun, uzak ýaşasyn’’ diýmek.

48. Baýgeldi –bu at oglanlara  dakylýan at. Manysy,,Baý, döwletli ogul geldi’’diýmek.

49. Badal- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Erjel’’ diýmek.

50. Baetddin- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Diniň gymmatly sowgady, şöhlesi nury’’ diýmek.

51. Bazar- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Bazar güni doglan ogul’’ diýmek.

53. Bazarbaý- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Bazar güni doglan döwletli ogul’’ diýmek.

54. Bazargeldi –bu at oglanlara  dakylýan at. Manysy,,Bazar güni gelen ogul’’diýmek.

55. Bagmät- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Bagly, daňylgy, bagy bek ogla Muhammede ýar bolsun, uzak ýaşasyn’’ diýmek.

56. Bagtgeldi- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Bagtly ogul dünýä indi’’ diýmek.

57. Bagtyýar- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Hemişe bagt ýar bolsun’’ diýmek.

58. Bagşy- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Bagşy ýaly atly-abraýly, ile ýaramly ogul bolsun’’ diýmek.

59. Bagyr-bu at oglanlara dakylýan at. Manysy,,Aýypsyz, şikessiz’’diýmek.


Agzalar dowamy bar..😉
14
77
ebru
29.11.2022 14:25
Şaşka gyzykly we tolgundyryjy tagta oýny hasaplanýar. Şaşka  barada gyzykly maglumatlary şu makalada belläp geçmekçi:
1. Şaşka oýuny gadymy döwürlerden bäri meşhurdyr ( Onuň Gadymy Müsürde barlygynyň subutnamasy bar).

2. Bilermenler şaşka oýnunyň Alkirk oýnundan (Mawritaniýada) dörän bolsa gerek diýip çaklaýarlar. Oýnuň Iki tarapynda 12 çöp ulanylýardy we bir düzgün bardy – başga biriniň şekilini almak üçin onuň üstünden “bökmeli”.

3. 1591-nji ýylda şaşka baradaky ilkinji kitap Ispaniýada neşir edildi. Ýöne 1547-nji ýylda Ispaniýada hem şaşka oýnuna bagyşlanan işler barada maglumat bar. Emma bu kitap ýitipdir.

4. Şaşka boýunça ilkinji çempionat 1847-nji ýylda geçirildi. Şondan bäri bu sportda yzygiderli ýaryşlar geçirilýär.

5. Şaşka oýnamak ukyby rysar biliminiň möhüm bölegi bolupdyr.

6.Moskwa şaşka oýnunda iň güýçli şäher hasaplanylýar. Moskwadaky bazarlaryň biri yzygiderli şaşka janköýerlerini ýygnanýan ýeri hasaplanylýar.


Agzalar şaşka gyzyklanýanyñyz bamy😉
12
58
ebru
28.11.2022 10:36
“Samsung”-dan täze funksiýa garaşylýar

Häzirki wagtda akylly telefonlaryň ulanyjylary, özleriniň telefonlarynda barmak yzy skaneri ýa-da paroly bolmazdan ýüzüni çalt açyp bolýan funksiýa öwrenişdi. Indi bolsa dünýä belli “Samsung” kompaniýasy bu funksiýany, täze biometrik tanamak usuly bilen döwrebaplaşdyrjak bolýa. Has takygy kompaniýanyň täze öndürjek “Galaxy S21” akylly telefonynda, telefonyň gulpyny sesiň bilen açyp bolar. Bu barada kompaniýanyň “Sammobile” muşdaklarynyň jemgyýeti habar berýär. Häzirki zaman akylly telefonlary adamlaryň sesini tapawutlandyrmagy başarýar. 2013-nji ýylda ses tanamak üçin aýratyn çipli “Moto X” telefony peýda bolupdy. “Samsung” kompaniýasy bolsa bu tehnologiýany, gysga sözlem bilen telefony çalt açmak üçin ulanmak isleýär. Meselem ulanyjy awtoulagda oturan mahaly bu ses bilen açmak usuly örän peýdaly bolup biler. Kompaniýa ses bilen telefony dolandyrmak üçin has köp mümkinçiligi durmuşa geçirmek isleýär. Bu usul nähili derejede howpsuz bolup biljekdigi barada akylly telefonyň tanyşdyrylyş dabarasynda nygtalyp geçiler. “Samsung Galaxy S21” akylly telefony indiki ýylyň ýanwar aýynda peýda bolup biler.


“Google”-dan peýdaly funksiýa

Adamlaryň köpüsi aýdymlary diňlemegi söýýärler, hat-da käbir aýdymlary diňläp, özleriniň durmuşynda bolan wakalaryny hem ýada salýarlar. Aýdym adamynyň ýadawsyzlygy aýyrmak üçin hem uly kömek berýär. Adamlarda käwagtlar bir aýdymy gowy görüp heňini kellelerinde hiňlenýärler we ol aýdym hakda sözlerini hem bilmän biler we bular ýaly ýagdaýda internet aýdym saýtlarynda gowy gören aýdymyňy saýlap tapmak hem kynçylyk döredýär. Şu nukdaýnazardan “Google” özüniň “Google Assistant” programmasyny täzeledi, şonuň bilen aýdym-saz muşdaklary hiňlenýän aýdymlarynyň sözlerini we haýsy aýdymçy ýerine ýetirýändigini bilmeýänleri üçin bu programma kömek eder. Munuň üçin akylly telefon ulanyjylar özleriniň “Google” programmasynyň soňky wersiýasyny ýüklemeli, soňra “Google” programmasynyň içindäki mikrofonyny işledip özüňiziň halan aýdymyňyzy hiňlenmeli. “Google Assistant” programmasy siziň hiňlenen aýdymyňyzy 10-15 sekunt diňlär, soňra bolsa siziň aýdymyňyzy saýlamak üçin birnäçe görnüş hödürlär. “Google”, aýdymyň-sazy barmak yzy ýalydygy we hersiniň öz şahsyýeti bardygyny belläp geçýär. Häzirki wagtda “Google” programmasynyň bu täze funksiýasy işleýär, olar “iOS” ulgamynyň iňlis dili görnüşinde we “Android” ulgamlarynyň 20 dillerinde elýeterli bolup durýar.

15
53
ebru
27.11.2022 12:23
“Samsung”: ilkinji gezek meýilnamasyna ýetip bilmedi

2020-nji ýylda “Samsung” kompaniýasy 300 million sany akylly telefonyny satyp bilmedi, emma bu görkezijini 2021-nji ýylda durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär diýip, metbugat neşirleri habar berýär. Mundan başga-da, Günorta Koreýanyň “Samsung” kompaniýasy eýýäm birnäçe ýyllardan bäri akylly telefonlary satmakda birinji orny eýeläp gelýär. Bu netije gowy bolup biler, emma kompaniýanyň şu ýylda öz kemçilikleri hem ýeterlik bolupdyr. Munuň sebäbi bolsa kompaniýa şu ýylda 300 million sany akylly telefonyny satyp bilmedi we bu bolsa soňky 10 ýylda ilkinji pes satuw netijesini alamatlandyrdy. Geçen ýylyň ilkinji 9 aýynda “Samsung” kompaniýasy 189,4 million enjam satdy we käbir maglumatlara görä, şu ýylyň ahyryna çenli 270 million töweregi akylly telefony, şeýle hem düwmeli telefonyny satyp biler. 2021-nji ýylda kompaniýa takmynan 307 million enjam satmagy meýilleşdirýär, şolaryň 287 million sanysy akylly telefon boljakdygy bellenilip geçildi.


“Xiaomi” kompaniýasyndan täze telefon

“Xiaomi” kompaniýasy özüniň täze akylly telefonyň tanyşdyrylyş dabarasynyň senesini yglan etdi. Bu barada Hytaýyň “Weibo” jemgyýetçilik tory habar berýär. 28-nji dekabrda “Xiaomi” kompaniýasy “Mi 11” atly akylly telefonyny hödürlär. Bu telefon täze “Snapdragon 888” sistemasynyň esasynda işlejek ilkinji telefon bolar. Daş görnüşi boýunça, aýratyn täzeliklere garaşmaly däl, häzirki zaman ülňülerine boýunça adaty görünýär. Tanyşdyryljak telefonyň başlangyç bahasy barada anyk maglumat berilmeýär. Ýöne kompaniýa ýokary derejeli akylly telefonlarynyň bahalaryny kem-kemden ýokarlandyrýar. “Mi 11” akylly telefony bilen bilelikde onuň “Pro” görnüşini hem görkezer. Golaýda kompaniýada 200Mp kamerasyny synagdan geçirilýändigi barada habar berilipdi. Bu kamerany “Mi 11 Pro” akylly telefonynda görüp bileris.


Dowamy bar..
10
58
ebru
26.11.2022 11:44
“Mi 11 Pro” we “Mi 11 Ultra” akylly telefonlary tanyşdyryldy

Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Leý Szýun birnäçe täze enjamlary bilen tanyşdyrdy. Kompaniýa özüniň tanyşdyrylyş dabarasynda “Mi 11 Lite 5G”, “Mi 11 Pro”, “Mi 11 Ultra” akylly telefonlary, şeýle hem “Mi Band 6” akylly sagady tanyşdyryldy.

Iň inçe 5G ulgamy bilen işleýän “Mi 11 Lite 5G” telefony, dizaýni, reňk görnüşleri we elýeterli satuw bahasy bilen köpleriň ünsüni özüne çekmegi başardy. “Mi 11 Ultra” akylly telefony bolsa dünýäniň iň gowy kamerasy hökmünde kabul edildi. “Mi 11 Pro” akylly telefony bolsa 2021-nji ýylda iň güýçli telefonlaryň biri bolmagyna garaşylýar.

Täze çykan telefonlaryň aýratynlyklary şeýleräk:

 “Xiaomi Mi 11 Lite 5G” telefony:

Sistemasy – Snapdragon 780 G, Android 11, MIUI 12

RAM – 8GB

Içki ýady – 128/256GB

Ekrany – Full HD+AMOLED

Selfi kamerasy – 20Mp, Arka tarapyndaky kamera – 64 Mp

Batareýasy – 4.250 mAh

Telefonyň reňkleri – Gara, gök, gülgüne

“Xiaomi Mi 11 Pro” telefonyň aýratynlyklary:

Sistemasy – Snapdragon 888, Android 11, MIUI 12

RAM – 8/12GB

Içki ýady – 128/256 GB

Ekrany – Super AMOLED

Selfi kamerasy – 20 Mp

Arka tarapyndaky kamera – 50 Mp

Ultra kamerasy – 13 Mp

Batareýasy – 5.000 mAh

Telefonyň reňkleri – Ýaşyl,ak, gara

“Xiaomi Mi 11 Ultra” telefonyň aýratynlyklary:

Sistemasy – Snapdragon 888, Android 11, MIUI 12

RAM– 8/12GB

Içki ýady – 256/512GB

Ekrany – Super AMOLED

Selfi kamerasy – 20 Mp

Arka tarapyndaky kamera – 50 Mp

Ultra kamerasy – 48 Mp

Batareýasy – 5.000 mAh

Telefonyň beýleki telefonlardan ütýgeşik tapawudy, “Xiaomi Mi 11 Ultra” telefony 10% göterim zarýady bilen 55 sagat, ýagny iki gündenem köp işläp bilýär.


Iň gowy akylly telefonlar.

2021-nji ýylda pandemiýa sebäpli dünýädäki “CES 2021” atly iň uly tehnologiýa söwda sergisi, ilkinji gezek onlaýn tertipde geçiriler. Şu ýylky sanly görnüşde geçiriljek “CES 2021” sergide onlarça täze nesil tehnologiýa önümleri hödürlendi. Şeýle hem sergide “akylly telefon” kategoriýasynda iň gowulary yglan edildi. “OnePlus 8 Pro” atly akylly telefon sanawda birinji orny eýeledi. Mundan başga-da bu sanawa giren akylly telefonlar bilen tanyşdyrmagy makul bildik.

Akylly telefon ugurda iň gowulary:

“Asus ROG Phone 3” we “Asus ROG Kunai 3 Geýmpad”

“LG Wing”

“LG Velvet 5G”

“TCL 10 5G UW”

“Samsung Galaxy Z Flip 5G”

“Samsung Galaxy Note 20 5G/ Note 20 Ultra 5G”

“Samsung Galaxy A51 5G”

“OnePlus 8 Pro”


Dowamy bar.
Beýleki akylly telefonlar barada hem indiki postlarymda paýlaşýan.
11
66