“Samsung”: ilkinji gezek meýilnamasyna ýetip bilmedi
2020-nji ýylda “Samsung” kompaniýasy 300 million sany akylly telefonyny satyp bilmedi, emma bu görkezijini 2021-nji ýylda durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär diýip, metbugat neşirleri habar berýär. Mundan başga-da, Günorta Koreýanyň “Samsung” kompaniýasy eýýäm birnäçe ýyllardan bäri akylly telefonlary satmakda birinji orny eýeläp gelýär. Bu netije gowy bolup biler, emma kompaniýanyň şu ýylda öz kemçilikleri hem ýeterlik bolupdyr. Munuň sebäbi bolsa kompaniýa şu ýylda 300 million sany akylly telefonyny satyp bilmedi we bu bolsa soňky 10 ýylda ilkinji pes satuw netijesini alamatlandyrdy. Geçen ýylyň ilkinji 9 aýynda “Samsung” kompaniýasy 189,4 million enjam satdy we käbir maglumatlara görä, şu ýylyň ahyryna çenli 270 million töweregi akylly telefony, şeýle hem düwmeli telefonyny satyp biler. 2021-nji ýylda kompaniýa takmynan 307 million enjam satmagy meýilleşdirýär, şolaryň 287 million sanysy akylly telefon boljakdygy bellenilip geçildi.
“Xiaomi” kompaniýasyndan täze telefon
“Xiaomi” kompaniýasy özüniň täze akylly telefonyň tanyşdyrylyş dabarasynyň senesini yglan etdi. Bu barada Hytaýyň “Weibo” jemgyýetçilik tory habar berýär. 28-nji dekabrda “Xiaomi” kompaniýasy “Mi 11” atly akylly telefonyny hödürlär. Bu telefon täze “Snapdragon 888” sistemasynyň esasynda işlejek ilkinji telefon bolar. Daş görnüşi boýunça, aýratyn täzeliklere garaşmaly däl, häzirki zaman ülňülerine boýunça adaty görünýär. Tanyşdyryljak telefonyň başlangyç bahasy barada anyk maglumat berilmeýär. Ýöne kompaniýa ýokary derejeli akylly telefonlarynyň bahalaryny kem-kemden ýokarlandyrýar. “Mi 11” akylly telefony bilen bilelikde onuň “Pro” görnüşini hem görkezer. Golaýda kompaniýada 200Mp kamerasyny synagdan geçirilýändigi barada habar berilipdi. Bu kamerany “Mi 11 Pro” akylly telefonynda görüp bileris.
Dowamy bar..