“Mi 11 Pro” we “Mi 11 Ultra” akylly telefonlary tanyşdyryldy
Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Leý Szýun birnäçe täze enjamlary bilen tanyşdyrdy. Kompaniýa özüniň tanyşdyrylyş dabarasynda “Mi 11 Lite 5G”, “Mi 11 Pro”, “Mi 11 Ultra” akylly telefonlary, şeýle hem “Mi Band 6” akylly sagady tanyşdyryldy.
Iň inçe 5G ulgamy bilen işleýän “Mi 11 Lite 5G” telefony, dizaýni, reňk görnüşleri we elýeterli satuw bahasy bilen köpleriň ünsüni özüne çekmegi başardy. “Mi 11 Ultra” akylly telefony bolsa dünýäniň iň gowy kamerasy hökmünde kabul edildi. “Mi 11 Pro” akylly telefony bolsa 2021-nji ýylda iň güýçli telefonlaryň biri bolmagyna garaşylýar.
Täze çykan telefonlaryň aýratynlyklary şeýleräk:
“Xiaomi Mi 11 Lite 5G” telefony:
Sistemasy – Snapdragon 780 G, Android 11, MIUI 12
RAM – 8GB
Içki ýady – 128/256GB
Ekrany – Full HD+AMOLED
Selfi kamerasy – 20Mp, Arka tarapyndaky kamera – 64 Mp
Batareýasy – 4.250 mAh
Telefonyň reňkleri – Gara, gök, gülgüne
“Xiaomi Mi 11 Pro” telefonyň aýratynlyklary:
Sistemasy – Snapdragon 888, Android 11, MIUI 12
RAM – 8/12GB
Içki ýady – 128/256 GB
Ekrany – Super AMOLED
Selfi kamerasy – 20 Mp
Arka tarapyndaky kamera – 50 Mp
Ultra kamerasy – 13 Mp
Batareýasy – 5.000 mAh
Telefonyň reňkleri – Ýaşyl,ak, gara
“Xiaomi Mi 11 Ultra” telefonyň aýratynlyklary:
Sistemasy – Snapdragon 888, Android 11, MIUI 12
RAM– 8/12GB
Içki ýady – 256/512GB
Ekrany – Super AMOLED
Selfi kamerasy – 20 Mp
Arka tarapyndaky kamera – 50 Mp
Ultra kamerasy – 48 Mp
Batareýasy – 5.000 mAh
Telefonyň beýleki telefonlardan ütýgeşik tapawudy, “Xiaomi Mi 11 Ultra” telefony 10% göterim zarýady bilen 55 sagat, ýagny iki gündenem köp işläp bilýär.
Iň gowy akylly telefonlar.
2021-nji ýylda pandemiýa sebäpli dünýädäki “CES 2021” atly iň uly tehnologiýa söwda sergisi, ilkinji gezek onlaýn tertipde geçiriler. Şu ýylky sanly görnüşde geçiriljek “CES 2021” sergide onlarça täze nesil tehnologiýa önümleri hödürlendi. Şeýle hem sergide “akylly telefon” kategoriýasynda iň gowulary yglan edildi. “OnePlus 8 Pro” atly akylly telefon sanawda birinji orny eýeledi. Mundan başga-da bu sanawa giren akylly telefonlar bilen tanyşdyrmagy makul bildik.
Akylly telefon ugurda iň gowulary:
“Asus ROG Phone 3” we “Asus ROG Kunai 3 Geýmpad”
“LG Wing”
“LG Velvet 5G”
“TCL 10 5G UW”
“Samsung Galaxy Z Flip 5G”
“Samsung Galaxy Note 20 5G/ Note 20 Ultra 5G”
“Samsung Galaxy A51 5G”
“OnePlus 8 Pro”
Dowamy bar.
Beýleki akylly telefonlar barada hem indiki postlarymda paýlaşýan.