ebru
05.12.2022 15:29
Dowamy.

Oglan atlary:

201. Allabaý- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Allanyň beren çagasy döwletli bolsun’’ diýmek.

202. Allaberdi- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Allanyň beren çagasy’’ diýmek.

203. Allaberen-bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Allanyň beren çagasy’’ diýmek.

204. Aksakgal- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,, Oba ýaşulysy, kethuda bolsun’’ diýmek.

205. Aktelpek- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Ak telpekli ýigit bolup ýetişsin’’ diýmek.

206. Akhümmet- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,, Maşgalada ilkinji doglan bagtly we hümmetli ogul’’ diýmek.

207. Akynyýaz- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Dilenip alnan sahy ogul’’ diýmek.

208. Alaw-bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Ot ýaly ogul’’ diýmek.

209. Akmuhammet- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,, Bagtly we öwgüli ogul’’ diýmek.

210. Akmyrat- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Bagtly çaga myrat-maksadyna ýetsin’’ diýmek.

211. Aknazar- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Öýümize nazar eden bagtly ogul’’ diýmek.

212. Aknepes- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Allanyň nepesi bilen doglan bagtly çaga’’ diýmek.

213. Akram-bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Iňňän sahawatly, örän sahy jomart’’ diýmek.

214. Akjagurban- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy,, Gurban aýynda doglan bagtlyja çaga’’ diýmek.

215. Akly- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Bagtly’’ diýmek.

216. Akmaňlaý- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Alny-maňlaýy açyk, bagtly gyz’’ diýmek.

217. Akmeret- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Meret aýynda doglan bagtly çaga’’ diýmek.

218. Akmolla-bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Bagtly we sowatly ogul bolup ýetişsin’’ diýmek.

219. Akguzy- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,, Ilkinji doglan çaga bagtly we guzy ýaly görmegeý, ýakymly bolsun’’ diýmek.

220. Akgurban- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Gurban aýynda doglan bagtly çaga’’ diýmek.

221. Akgylyç- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,, Uzak ýaşasyn’’ ýa-da ,,Gylyç ýaly keser akyly bolsun’’ diýmek.

222. Akdöwlet- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Bagtly we döwletli çaga’’ diýmek.

223. Akjabaý-bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Eýjejik çaga bagtly we döwletli bolsun’’ diýmek.

224. Akbaý– bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Ilkinji doglan ogul bagtly we döwletli bolsun’’ diýmek.

225. Akberdi– bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Ilkinji gezek bagtly ogul berdi’’ diýmek.

226. Akweli – bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Keramatly, Allanyň ýakyny ýa-da ,,Düşbi, öňden görüji’’’’ diýmek.

227. Akga– bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Aga’’ diýmek.

228. Akgenje-bu at oglanlara dakylýan at. ,,Genje’’- ,,Körpe çaga’’ diýmek.

229. Aýytmyrat– bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Baýramçylykda doglan ogul maksat-myradyna ýetsin’’diýmek.

230. Aýytmuhammet– bu at oglanlara dakylýan at. Manysy,,Baýramda doglan öwgüli ogul’’ diýmek.

231. Aýytnyýaz– bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Baýramçylykda doglan we dilenip alnan çaga’’ diýmek.

232. Ak– bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Bagtly,bagtyýar’’ diýmek.

233. Akat-bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Bir ýa-da ýeketäk’’ diýmek.


Agzalar dowamy kän. Eger dowamyny gormek isleseniz. Adym programmadan gorup bilersiniz😊😊
7
33
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.