“Samsung”-dan täze funksiýa garaşylýar
Häzirki wagtda akylly telefonlaryň ulanyjylary, özleriniň telefonlarynda barmak yzy skaneri ýa-da paroly bolmazdan ýüzüni çalt açyp bolýan funksiýa öwrenişdi. Indi bolsa dünýä belli “Samsung” kompaniýasy bu funksiýany, täze biometrik tanamak usuly bilen döwrebaplaşdyrjak bolýa. Has takygy kompaniýanyň täze öndürjek “Galaxy S21” akylly telefonynda, telefonyň gulpyny sesiň bilen açyp bolar. Bu barada kompaniýanyň “Sammobile” muşdaklarynyň jemgyýeti habar berýär. Häzirki zaman akylly telefonlary adamlaryň sesini tapawutlandyrmagy başarýar. 2013-nji ýylda ses tanamak üçin aýratyn çipli “Moto X” telefony peýda bolupdy. “Samsung” kompaniýasy bolsa bu tehnologiýany, gysga sözlem bilen telefony çalt açmak üçin ulanmak isleýär. Meselem ulanyjy awtoulagda oturan mahaly bu ses bilen açmak usuly örän peýdaly bolup biler. Kompaniýa ses bilen telefony dolandyrmak üçin has köp mümkinçiligi durmuşa geçirmek isleýär. Bu usul nähili derejede howpsuz bolup biljekdigi barada akylly telefonyň tanyşdyrylyş dabarasynda nygtalyp geçiler. “Samsung Galaxy S21” akylly telefony indiki ýylyň ýanwar aýynda peýda bolup biler.
“Google”-dan peýdaly funksiýa
Adamlaryň köpüsi aýdymlary diňlemegi söýýärler, hat-da käbir aýdymlary diňläp, özleriniň durmuşynda bolan wakalaryny hem ýada salýarlar. Aýdym adamynyň ýadawsyzlygy aýyrmak üçin hem uly kömek berýär. Adamlarda käwagtlar bir aýdymy gowy görüp heňini kellelerinde hiňlenýärler we ol aýdym hakda sözlerini hem bilmän biler we bular ýaly ýagdaýda internet aýdym saýtlarynda gowy gören aýdymyňy saýlap tapmak hem kynçylyk döredýär. Şu nukdaýnazardan “Google” özüniň “Google Assistant” programmasyny täzeledi, şonuň bilen aýdym-saz muşdaklary hiňlenýän aýdymlarynyň sözlerini we haýsy aýdymçy ýerine ýetirýändigini bilmeýänleri üçin bu programma kömek eder. Munuň üçin akylly telefon ulanyjylar özleriniň “Google” programmasynyň soňky wersiýasyny ýüklemeli, soňra “Google” programmasynyň içindäki mikrofonyny işledip özüňiziň halan aýdymyňyzy hiňlenmeli. “Google Assistant” programmasy siziň hiňlenen aýdymyňyzy 10-15 sekunt diňlär, soňra bolsa siziň aýdymyňyzy saýlamak üçin birnäçe görnüş hödürlär. “Google”, aýdymyň-sazy barmak yzy ýalydygy we hersiniň öz şahsyýeti bardygyny belläp geçýär. Häzirki wagtda “Google” programmasynyň bu täze funksiýasy işleýär, olar “iOS” ulgamynyň iňlis dili görnüşinde we “Android” ulgamlarynyň 20 dillerinde elýeterli bolup durýar.