ebru
25.12.2022 10:36
Ananasyň watany Günorta Amerika hasaplanylýar. Olary uly göwrümde ösdürip ýetişdirmek XIX  asyryň başlarynda ýüze çykypdyr. 1950-njy ýyllardan başlap ananasy ösdürip ýetişdirmek ýokary derejelere eýe bolupdyr.

Häzirki wagtda ýer ýüzi boýunça öndürilýän ananasyň esasy bölegini Taýlandda, Flippinlerde we Braziliýada öndürilýär. Göräýmäge ananasyň daşky örtüginiň dokalan deri we gök öwüsýän ýaşyl ýapraklarynyň barlygy sebäpli ol özüne çekiji däl ýaly bolup görünse-de, onuň süýji, ýakymly ysly we şireli miwesiniň bolanlygy sebäpli köpleriň islegini gazanan miwedir.

Adamyň bedenindäki artykmaç ýaglary ýakmakda we içegeleriň, iýmit siňdiriş ulgamynyň we aşgazan asty mäziniň işleýşini gowlandyrmakda ananas esasy iýmitlik miwe hasaplanylýar. Horlanmak isleýän adamlar bu miweleri iýseler maksadyna ýeterler.

Ananasyň ýetişen miweleri iýilende düzümindäki kaliýniň köp mukdarda jemlenmegi sebäpli bedende bar bolan artykmaç suwlar çaltlyk bilen çykýar. Mundan başgada ananasyň düzüminde köp mukdarda witaminler we minerallar bardyr. Şeýle hem bu miwede bromelain (ýörite ferment toplumy) bardyr. Bu ferment toplumynyň kömegi bilen beloklaryň we ýaglaryň çalt bölünmegi bolup geçýär, şonuň üçin ananas çalt horlanmklyga kömek edýär.

Bromelain täze ösüp ýetişen miwelerde bolýar. Şonuň üçin hem berhiz saklanan ýagdaýynda täze miweleri iýmeklik has-da netijeli bolar.

Ananas özüniň berhizlik häsiýeti bilen birlikde ol ýokary gan basyşyny peseltmäge, ýürek-damar ulgamynda döreýän keselleriň öňüni almaga, bedenden artykmaç suwuklygy aýyrmaga, merkezi nerw ulgamynyň işini kadalaşdyrmaga kömek edýär.

Ananasda fermentler bardyr. Olar iýmitiň has gowy siňmegine kömek edýän maddalardyr. Şeýle hem bu miwe bedeniň wiruslara garşy durmaklygyna ýardam berýär.

Bu tropiki miwe dürli minerallaryň hakyky “hazynasydyr”. Onda ýod, marganes, magniý, kalsiý, fosfor, kaliý, sink we mis ýaly elementler bardyr. Bulardan başga-da onda A, B we C witaminleri bardyr.

Ananasyň 100 gram iýmitlik gymmaty 49 kkal-dyr. Onuň düzüminiň 15 göterimi şeker we 86 göterimi suw bolanlygy sebäpli ananasyň sary eti örän süýji we şirelidir.

Alymlaryň aýtmagyna görä, bu süýji miwäniň düzüminde altmyşdan gowrak dürli ysly maddalar bardyr.

6
25
ebru
24.12.2022 15:23
Greýpfrut düzüminde garramagy haýalladýan maddany saklaýar, bu barada rus berhiz lukmany Swetlana Zelensowa beýanat berdi diýip, Lenta.ru ýazýar.

Lukman greýpfrutda, esasan hem, С ýokumynyň we kremniniň köpdügini aýtdy, bu bolsa bedeniň immunitetini berkidýär, kollageniň sintezini ýokarlandyryp, garramagyň öňüni alýar. Onuň düzümindäki naringenin çişe, wirusa we sowuklama garşy antibakterial täsire eýe bolup, ýüregiň we damarlaryň ýagdaýyny gowulandyrýar diýip, diýetolog aýdýar.

Zelensowa şeýle-de ady agzalan miwede nobiletin antioksidantynyň köpdügini, onuň bolsa semremäniň öňüni alýandygyny, aşgazan-içege ulgamy, öt, bagyr üçin oňyn täsirlidigini belledi.

Russiýaly lukman zenan bu miwäni hepdede bir gezek iýmegi maslahat berdi, ony şeýle hem aşgazan-içege keselleriniň ýiti görnüşlerinde ulanmakdan saklanylsa gowy diýip, sözüniň üstüne goşdy.


Agzalar bu sitrus miwe bolup limon ýalak daşy sary, içi bolsa gyzyldyr.😊
8
46
ebru
23.12.2022 12:48
Sitrus miweleriniň biri bolan laým – genetiki gelip çykyşy boýunça limona meňzeşdir. Ylmy ady “Citrus aurantifolia” diýlip atlandyrylýar. Esasan hem Hindistan, Şri-Lanka, Indoneziýa, Mýanma, Braziliýa, Wenesuela, Günbatar Afrika ýurtlarynda köpçülikleýin ösdürilip ýetişdirilýär. Dünýä bazaryna bolsa esasan Meksikadan, Müsürden, Hindistandan hem-de Kubadan gelýär. Maglumatlara görä, 1759-njy ýylda Angliýanyň korollyk deňiz flotynda onuň şiresi uzak wagtlyk ýola çykylanda berhiz hem-de derman üçin ulanylypdyr. Ondan has irki döwürde H.Kolumbyň 1493-nji ýylda geçiren ekspedisiýasynda Günbatar Hindistana laýmyň tohumlary getirilipdir we tiz wagtdan laým köp sanly adalara, Meksika, ABŞ ýaly ýurtlara ýaýrapdyr. Häzirki güne çenli laýmyň birnäçe sortlary döredilip, olardan palestina süýji laým, sary laým, eýran limetta laýmy, günbatar hindi laýmy, pars laýmy ýaly sortlary has meşhurdyr.

Laým agajyny öý şertlerinde hem ýetişdirmek bolýar. Şeýle şertde onuň boýy 1-2,5 metre ýetýär, esasan tohumdan köpeldilýär. Ilkinji baldajyklary ekilenden soň 2-3 hepdede peýda bolýan laým agajy ýagtylygy söýýär. Açyk şertlerde bolsa onuň boýy 5 metre çenli ýetýär. Ýapraklary ýumurtga şekilli, ýylmanak, goýy ýaşyl reňkli, uzynlygy 6 sm, ini bolsa 4 sm deň. Gülleri ownuk, ak reňkli, diametri 2 sm. Miwesi ýaşyl reňkde bolup, etlek hem-de şireli, ýakymly ysly we ýokary turşulyklydyr. 100 gram şireli miwesinde 30 kkal energiýa gymmaty saklanýar.

Laýmyň miwesiniň saglyga peýdasy onuň düzümindäki diňe bir C witamini däl-de, özünde limon, alma kislotalaryny, pektin maddalaryny, mis, kaliý duzlaryny, fitonsidleri, karotinleri, P we B witaminler toparyny hem köp mukdarda saklamagydyr. Şeýle-de bedenden toksinleri aýyrmak üçin, berhizlik üçin iýmit siňdiriş ulgamyny arassalaýjy serişde bolup durýar. Ýöne käbir ýagdaýlarda laým miwesi ýiti allergiki täsiri hem ýüze çykaryp bilýär. Bu esasan laým agaçlaryny zyýankeşlerden we beýleki kesellerden goramak üçin zäherli himikatlar artykmaç berlen ýagdaýynda döreýär. Şonuň üçin laým miweleri iýilmezden öň gowy ýuwulmagy hökmany şertdir. Şeýle-de ýokary turşulyga eýe bolanlygy sebäpli laým miwesini aşgazan-içege kesellerinden ejir çekýän adamlara iýmek maslahat berilmeýär.


Agzalar laým atly sitrus miwe pyrtykala meñzeş sitrus miwedir. Onuñ reñki ýaşyl.
12
36
ebru
22.12.2022 08:48
Pyrtykal hakynda gyzykly maglumatlar sitrus miweleri hakda has köp zat öwrenmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Olar bütin dünýäde giňden ýaýrandyr. Pyrtykal agaçlar Ortaýer deňziniň kenar ýakasynda, şeýle hem Merkezi Amerikada ösýär. Miwe köp mukdarda witaminleri öz içine alýar, şonuň üçinem çagalara aýratyn maslahat berilýär.

Pyrtykalyň düzüminde B1 witamini, A prowitamini, foliý turşusy, magniý, kaliý, marganes, fosfor, demir, kümüş, sink we beýleki peýdaly maddalar bar. Bir pyrtykal özünde 45 milligram kalsini jemleýär.

Pyrtykal miwesini iýmek bedeniň artykmaç agramyny ýeňletmäge peýda berýär. Düzüminde köp mukdarda saklanýan inozit (B8 witamini) ýaglaryň alyş-çalşygyny sazlaýar. Ganda holesteriniň derejesini peseldýär. Içegäniň işjeňligini kadalaşdyrýar.

Pyrtykal barada gyzykly maglumatlar:

1. Pyrtykal her ýyl köpçülikleýin hasyl ýygnamakda dünýäde öňdebaryjydyr. Onuň hasylynyň köp mukdary ýygnalýar.
2. Pyrtykal Hytaýda miladydan öňki 2500-nji ýylda ösdürilip ýetişdirilipdir.
3. Käbir pyrtykal agaçlarynyň 150 ýyla çenli ýaşap biljekdigini bilýärdiňizmi?
4. Ýer ýüzünde iň köp ýaýran sitrus miwesi pyrtykaldyr.
5. Kaliforniýa (ABŞ) kanunyna görä, hammamda adamyň pyrtykal iýmäge hukugy ýok.
6. Pyrtykal bagyr, ýürek we ýürekdamar kesellerinden ejir çekýän adamlara, şeýle hem metabolizma ýagdaýy pes bolan adamlara iýmek maslahat berilýär.
7. Pyrtykal şiresi singa keseliniň öňüni almaga mümkinçilik berýän serişdedir. Bu kesel bedende C witaminiň ýetmezçiligi netijesinde ýüze çykýar.
8. Pyrtykallaryň diňe mämişi däl, eýsem ýaşyl hem bolup biljekdigi ýüze çykaryldy.
9. Ispaniýanyň çäginde takmynan 35 million pyrtykal agajy bar.
10. Häzirki wagtda pyrtykalyň 600 töweregi görnüşi bar.
11. Braziliýa her ýyl 18 million tonna çenli pyrtykal öndürmek bilen bu önümi öndürmekde dünýäde öňdebaryjy hasaplanýar.
12. Pyrtykalyň gabygy hem netijeli ulanylýar. Ondan dürli mürepbe we dürli hoşboý ysly tagam berijiler taýýarlanýar.
13. Pyrtykalyň “moro” sorty örän süýjüdir, onuň içi gyzyl reňkde bolýar.
14. Geň galmaly tarapy, dünýäde öndürilýän pyrtykallaryň 85 göterimi şire içgisini öndürmek üçin peýdalanylýar. Ol hem dünýäde iň meşhur içgileriň biridir.
15. Odessada pyrtykalyň ýadygärligi dikeldildi.
9
35
ebru
21.12.2022 14:26
Mandarin, esasan, gyş we Täze ýyl baýramçylygy bilen dahylly miwe hökmünde göz öňüňe gelýär. Häzirki wagtda söwda tekjelerini püre-pürlän bu sitrus miwesi hoşboý ysy bilen özüne çekýär. Ýurdumyzyň bazarlarynda hödürlenýän mandarin görnüşleriniň köp dürlüliligi tötänlik däldir – türkmen telekeçileri sitrus ekinlerini ösdürip ýetişdirmegi özleşdirdiler we bu miwäniň welaýatlara üznüksiz iberilip durulmagyny üpjün etdiler.

Geliň, hemişe gök öwsüp duran sitrus agajynyň miwesiniň nämä peýdasynyň bardygyny we olary nädip dogry saýlamalydygyny anyklamaga çalşalyň.

Kaloriýalylygy 100 gram önümde 40 kkal bolan mandariniň diňe süýji eti däl, eýsem antioksidantlary bolan gabygy hem peýdalydyr. Gabygyň iç ýüzündäki ak bardalarda çişmä garşy güýçli täsiri bolan flawanoid nobiletin bar, şonuň üçin miwäni ulanmazdan ozal gowy ýuwmalydyr.

Açyk mämişi ýa-da sarymtyk görnüşli mandarin satyn alanyňyzda, hökmany suratda, miwäniň gözenekli gabygyny dykgat bilen synlaň, onuň zaýalanan ýa çüýrän ýeri bolmaly däldir. Açyk reňkli miweleriň tagamy turşurak bolar, iň süýjisi bolsa açyk gyzylymtyl “don geýnenleridir”. Miwe näçe agyr bolsa, şonça-da şireli we süýjüdir.

Mandarin A, D, K witaminlerine-de baýdyr, bu miwede köp mukdarda askorbin kislotasy, şeýle hem gujury artdyrýan we ýadawlygy aýyrýan efir ýaglary bardyr. Kletçatkanyň mukdarynyň köplügi bolsa iýmit siňdiriş amallaryny sazlamaga kömek edýär.

Şeýle-de bolsa, mandarini aşa köp iýmek allergik täsirleri döredip biler, şonuň üçin günde üç-dört miweden köp iýmezlik maslahat berilýär. Mundan başga-da, mandarini ajöze iýmeli däldir, sitrusdaky kislotalar nemli aşgazan-içege ulgamyna zeper ýetirip biler.

Hytaýda mandarin maddy üpjünçiligiň, baýlygyň we üstünligiň nyşany hasaplanýar. Täze ýylda sitrus miwesini sowgat bermek däbi-de hut şol ýerde döräpdir.

11
33
ebru
20.12.2022 08:36
Kiwi witaminleriň we minerallaryň köp görnüşleriniň baý çeşmesi bolup durýar. Ony aýratyn hem ýokanç kesellerden goranmak, immunitetiňi berkitmek üçin güýz-gyş pasyllarynda ulanmak maksada laýykdyr.

Içki täsiri

Kiwiniň kaloriýalylygy pesdir (100 gramynda 48 kkal). Onuň düzüminiň 80 göterimi suwdan ybaratdyr. Düzüminde bary-ýogy 10 göterim şeker bardyr.

Hlorofillin bagryň howply täze döremeleriniň ýüze çykmak ähtimallygyny azaldýar. Lýutein prostatanyň we öýkeniň täze döremeleriniň öňüni almaga ýardam edýär. Kiwide bu maddalaryň ikisi-de bardyr.

Aşgazanda ýüze çykýan agyrlyk duýgusyndan dynjak bolsaň, nahardan soň 150 milligram çemesi kiwi şiresini içmeli. Ol fiziki agram salnandan soň bedeniň güýjüni dikeltmäge-de ýardam edýär.

Kiwiniň maňzynda we şiresinde köp mukdarda demir, sink, ýod, marganes, kaliý, kalsiý, fosfor bar.

Adatça ýokary kaloriýaly önümlerde: ýaglarda we hozlarda bar bolan E witamini kiwide hem köpdür.

Iýmit süýümleri, ýagny kletçatkalar inçe we ýogyn içegäniň işini gowulandyrýar, toksinleri daşary çykarýar, iýmitiň siňmegine itergi berýär. Kiwi olaryň baý çeşmesi bolup durýar.

Kiwini iýmäge garşy görkezmeler ýok diýen ýaly. Şeýle-de bolsa, allergiki reaksiýa meýilli bolan adamlar ätiýaçly bolmalydyr.

Günde 2 kiwi iýlende beden gemoglobiniň we leýkositiň emele gelmegi üçin zerur bolan foliý turşusy bilen doly üpjün edilýär.

Daşky täsiri

Kiwi ýüzüň derisini täzeleýär, oňa owadan öwüşgin berýär. Munuň üçin 1 kiwini mynjyradyp, bal we gaýmak (1 çaý çemçesi) bilen garmaly we ýüzüňe ýapmaly. 15 minutdan soň ýyly suw bilen ýuwup aýyrmaly.

Kiwiniň ekstrakty garylan diş pastasy kentlewügi pugtalandyrýar. Dişleri agardýar, syrçasyny zaýalamaýar.

Kiwiniň çigdinden taýýarlanan kosmetiki ýagy ýaşy goýalyşan adamlaryň ýüzüniň derisine garaşyk etmek üçin ulanyp bolýar. Ony gabaklaryň aşagyna çalmak hem mümkindir. Kiwi ýagy derini ýumşadýar we ýygyrtlary ýazýar.

Ýokary antioksidant häsiýetli flawonoidlere (meselem, beta-karotin) baý bolan kiwi garrama hadysasyny bökdeýär. Şona görä, bu iýmitiň ekstrakty garylan kremler derä garaşyk etmek üçin niýetlenen serişdeleriň arasynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär.

Kiwiniň düzümindäki enzimler kollageniň işlenilip çykarylmagyna itergi bermek bilen deriniň çeýeligini ýokarlandyrýar.

Kiwiniň ekstrakty garylan şampunlar saçyň düşmeginiň öňüni almaga ýardam edýär.


Kiwi🥝 halaýanyňyz bami😉
12
45
ebru
19.12.2022 15:14
Güýz paslynda ýetişip, gyşda saçaklarymyzy bezeýän gök önümler, datly miweler az däl. Şeýle datly miweleri boldan getirýän baglaryň biri-de nar agajydyr. Nar agajy Balkan welaýatynyñ Magtymguly, Etrek etraplarynda gowy ýetişýär. «Gözel Sumbaryň nary» diýlip goşguda waspy ýetirilen datly miwäni ösdürip ýetişdirýän babadaýhanlarymyzyň çekýän zähmeti ýerine-de düşýär.

Narlaryň tagamy süýji, turşy, turşumtykdyr. Olar däneli, ýumşak däneli we dänesi çigitsiz görnüşinde bolýar. Balkan welaýatynda däneli we ýumşak däneli narlar has giňden ýaýrandyr. Ýuka gabykly nar ýumşak däneli bolup, sowuga çydamsyz bolýar. Ony howa sowap başlanyndan sowuk urýar. Şonuň üçin ol maýyl subtropiki ýerlerde ekilýär. Dänesi çigitsiz nar welin seýrek duş gelýär.

Nar agajynyň, miwesiniň, gabygynyň, gülüniň ynsan saglygyny goramakda ähmiýeti örän ýokarydyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda giňişleýin maglumat berilýär.

Gabygyndan başlap, dänesine çenli peýdaly miweleriň biri hem nardyr. Onuň düzüminde peýdaly aminokislotalaryň 15 görnüşi, «C», «A», «B», «PP» witaminleri we kaliý bardyr. Nar ynsan saglygy üçin taýsyz melhemdir.

Naryň ganazlykda peýdasy örän köpdür. Ol ganyň düzümindäki gemoglobini ýokarlandyrýar. Ol gan basyşyny sazlaýar, damarlaryň daralmagynyň öňüni alýar. Nar ýatkeşligi gowulandyrýar, ünslüligi we beýniniň işjeňligini artdyrýar. Ýürek-damar ulgamynyň işini sazlaýar. Damarlaryň diwarlaryny berkidýär.

Naryň şiresi işdäni açýar we onuň düzüminde iýmit siňdiriş ulgamyna peýdaly turşulyklar bardyr. Ýöne aşgazan keseli bilen kesellän adamlar nary lukman bilen maslahatlaşyp iýmelidirler.

Nar bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar. Bogunlaryň çişmesinde agyryny ýeňilleşdirýär. Bedeniň garramagyny haýalladýar. Naryň gabygy gaýnadylyp içilende, içgeçme keseline peýdalydyr.


Nary halaýanyñyz bami😋🙂
14
37
ebru
18.12.2022 17:40
Häzirki wagtda internet ulanyjylarynyň arasynda habarlaşmak üçin iň köp ulanylýan programmalarynyň biri IMO diýsek ýalňyşmarys.

IMO näme?

IMO – internet arkaly online ýazyşmak(çatlaşmak) üçin niýetlenen mobil programma üpjünçiligi.

IMO-ny nireden  indirmek bolar?

Ony telefonyň degişliligine laýyklykda “Android” operasion ulgamly telefonlar üçin “PlayMarket”-den, “IOS” operasion ulgamly telefonlar üçin bolsa “AppStore”-dan indirip ýükläp bolar.

IMO-nyň kompýuterler üçin niýetlenen görnüşi hem barmy?

Hawa, bar. Soňky wagtlarda IMO programmasynyň kompýuterler üçin niýetlenen görnüşi hem çykdy. Ony internetden indirmek bolar.

IMO kim tarapyndan oýlanyp tapyldy we şu wagt kime degişli?

Internet maglumatlaryna görä, ol “Palo Alto” kompaniýasynda, “Google” kompaniýasynyň ilkinji 10 işgärleriniň biri bolan Georges Harik tarapyndan oýlanyp tapylypdyr. Ilkibada ol meşhur çat serwislerini birikdirýän ýönekeý serwis hökmünde işläpdir. Wagtyň geçmegi bilen bolsa, ol öz başyna aýratyn habarlaşmak programmasyna öwrülipdir.

Häzirki wagtda IMO-nyň eýeleri jigi-dogan Georges Harik we Ralph Harik diýlip internet çeşmelerinde aýdylýar.

Jigi-dogan: Ralph Harik we Georges Harik

IMO programmasynyň nähili mümkinçilikleri bar?

IMO ulanyjylara şu mümkinçilikleri berýär:

• Tekst habarlary ibermek we kabul etmek (ýazyşmak).
• Sesli habarlary ibermek we kabul etmek (audio jaňlar).
• Wideo habarlary ibermek we kabul etmek (wideo jaňlar).
• Surat we wideo ýüklemek we olary ibermek (multimediýa faýllary ibermek).
• Paýlaşylan pursatlary (история, лента) görmek (dostlaryňyzyň we dostlaryňyzyň dostlarynyň paýlaşylan pursatlaryny görmek).
• Birnäçe adam bilen birbada konferensiýa arkaly habarlaşmak

Ýokarda agzalan mümkinçilikleriň ählisi ýokary hilde hyzmat edýär. Meselem, IMO-da dostuňyz bilen audio jaň arkaly gürleşseňiz, hakyky jaňlaşylan ýaly hili ýokary bolýar.

IMO-nyň ulanylyşy kynmy ýa-da aňsat? Işleýşi nähili?

Ulanmasy aňsat, işleýşi ýeňil. Emma, ýeňil işlemegine garamazdan, käbir ulanyjylaryň bellemegine görä, IMO ulanylanda telefonlary käte haýallaýar.

IMO – täze programma bolup,  döredijileri ony gün-günden has kämilleşdirýärler we tiz-tizden onuň maglumatlar binýadyny täzeläp (обновление) durýarlar.

IMO-nyň işleýiş prinsipi nähili? Dostlaryňyz (kontaklar) nireden çykýar?

1. Haçan-da siz biriniň telefon belgisini öz telefonyňyzyň ýadyna (kontaktyna) goşsaňyz we şol kişiniň IMO-da hasaby (kontakty) bar bolsa, IMO awtomatiki usulda şol hasaby  siziň IMO-ňyza goşar we dostlaryňyzyň arasynda peýda bolar.

2. Eger-de goşmak isleýän adamyňyzyň IMO hasaby sizde ýok bolsa, onda onuň telefon belgisini gözletmek arkaly öz IMO-daky dostlaryňyzyň arasyna goşup bilersiňiz.

IMO-ny ulanmak töleglimi?

IMO programmasy tölegsiz. IMO-ny ulanan mahalyňyz diňe internet puluňyz gider.

IMO-da üns berilmeli zatlar

Habarlaşmak üçin ulanylýan beýleki programmalardan tapawutlylykda, IMO-da çatda ýazyşyp otyrkaňyz, ähli ýazýan simwollaryňyz onlaýn görnüşde garşyňyzdaky adama (dostuňyza) görünýändir. Ibereniňizden soň däl, ýazyp otyrkaňyz harpma-harp, nokatma-nokat sohbetdeşiňize görünýär.
11
76
ebru
17.12.2022 14:13
Internet ulgamy — bu sosial ulgamlar we dürli hili messenjerler arkaly garyndaşlaryň, dostlaryň we synpdaşlaryň bilen «aragatnaşykda» bolmak, şeýle hem iş meselelerini tiz çözmek bilen täzelikleri yzarlamak mümkinçiligidir.

Internet-trafigi ýetmeýärmi? Munuň üçin «Altyn Asyr» aragatnaşyk operatorynyň («TM CELL» haryt nyşanly) 30 günlük möhlet bilen ýetirilýän dürli mukdardaky internet bukjalaryndan peýdalanmak bolýar.

Internet-bukjasy USSD-buýrugyň, mobil goşundynyň we «Altyn Asyr» ÝGPJ-niň resmi saýtyndaky Şahsy otagyň üsti bilen birikdirilýär.

Internet-bukjalaryny birikdirmek üçin USSD-buýruklar:

• Internet 3 (50 Мb) — *0850*3#

• Internet 5 (100 Мb) — *0850*5#

• Internet 10 (250 Мb) — *0850*10#

• Internet 15 (500 Мb) — *0850*15# (Internet-bukja diňe «Sowgat 2000» nyrhnamasynda işleýär) 

• Internet 60 (1,5 Gb) — *0850*60#

• Internet 160 (4 Gb) — *0850*160#

• Internet 200 (20 Gb) — *0850*200#

Internet-bukja hyzmatynyň bahalaryna laýyklykdaky pul ýygymy we onuň möhleti birikdirilen wagtyndan başlanýar. Degişli möhlet dolanyndan soň, internet-bukjanyň galan megabaýtlaryny ulanyp bolmaýar.

Has giňişleýin maglumatlary «Altyn Asyr» ÝGPJ-niň resmi saýtyndan okap bilersiňiz.


Agzalar imo barada maglumatlar gerekmi 😉😉

10
43
ebru
16.12.2022 16:50
“Instagram”: täze programmasy barada.

“Instagram” jemgyýetçilik tory-gysga möhletli wideo aýratynlygy bolan “Reels” programmasyny işe girizdi. “Reels” programmasy bilen adamlar ses, effektler we täze döredijilik gurallary arkaly 15 sekuntlyk wideo düşürip we redaktirläp bilerler.

“Instagram Reels” programmasy hakynda…

“Reels” wideolary ýazgylar ýa-da hekaýalar bölüminde paýlaşylyp bilner we jemgyýetçilik wideolaryny programmanyň “Syn” bölüminde görüp bilerler. “Reels”  tarapyndan hödürlenýän döredijilik usullary we “Syn” sahypasyndaky bu täze bölüm bilen, “Instagram” ulanyjylara dörediji bolmak we dünýäniň çar künjeginden hemmeler üçin şähdiaçyk bolmak mümkinçiligini bermegi maksat edinýär. Bu programma bilen “Instagram” ulanyjylara özlerini beýan etmegiň täze döredijilik usullaryny, halaýan zatlaryndan has köp zatlary öwrenmek we dörediji bolmak isleýänler üçin ähli zady üpjün etmegi maksat edinýär.

“REELS” wideosyny nädip döredip bolar?

“Reels” wideolary klipler hökmünde, telefonyňyzda bir gezek surata düşürip ýa-da telefondaky galereýadan wideo ýüklemek arkaly döredip bolýar. Şeýle hem programma dürli döredijilik usullary üçin redaktirleme bölüminde hem hödürleýär.

Audio: Adamlar öz seslerinden peýdalanyp, “Instagram” aýdym-saz  kitaphanasyndan saýlap bilmek mümkinçiligi hem hödürlenýär. Asyl sesi ulanýanlar jemgyýetçilik hasaplarynda onuň sesi hasaba alynar we beýleki ulanyjylar ony “Reels “ wideolarynda hem ulanyp bilerler.

Effektler: Galereýada – “Instagram” we dünýädäki döredijiler tarapyndan döredilen dürli hakyky effektleri ýerleşdiriler.

Taýmer sanamak: Taýmeriň hasaplamagy bilen wideo öz-özi düşürip biler.

Deňleşdirme:  Kliplery aýratyn düşürip, soňra bolsa iki klipiň arasynda pasgelçiliksiz geçiş üpjün etmek üçin deňleşdirme ulanyp bilner.

Tizlik: Wideo we sesiň käbir bölekleri çaltlaşdyrylyp ýa-da haýallaşdyrylyp bilner.

“INSTAGRAM REELS" wideolaryny nädip paýlaşmak hakynda…

Jemgyýetçilik akkauntlary: “Reels” wideolaryny “Discover” goýmasynyň “Reels” bölüminde paýlaşyp bilerler. Şol bir wagtyň özünde, wideosyny öz  yzarlaýjylary bilen paýlaşyp bilýär. Belli aýdymlary, heştekleri ýa-da effektleri ulanyp, “Reel” wideolary şol aýdym, heştek we effektlere mahsus sahypalarda hem görkezilip bilner.

Şahsy hasaplar: “Reels” wideolaryny diňe yzarlaýjylary bilen paýlaşyp bilerler. Beýlekiler bu wideolaryň asyl sesini ulanyp bilmeýärler we belli bir şahsy yzarlamaýan adamlar bilen wideo paýlaşyp bilmeýärler. “Reels” wideolary hekaýa, ýakyn dostlar bilen hem paýlaşylyp bilner.


Instagrama girýäniň bami dostlarym😉

12
47