ebru
22.12.2022 08:48
Pyrtykal hakynda gyzykly maglumatlar sitrus miweleri hakda has köp zat öwrenmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Olar bütin dünýäde giňden ýaýrandyr. Pyrtykal agaçlar Ortaýer deňziniň kenar ýakasynda, şeýle hem Merkezi Amerikada ösýär. Miwe köp mukdarda witaminleri öz içine alýar, şonuň üçinem çagalara aýratyn maslahat berilýär.

Pyrtykalyň düzüminde B1 witamini, A prowitamini, foliý turşusy, magniý, kaliý, marganes, fosfor, demir, kümüş, sink we beýleki peýdaly maddalar bar. Bir pyrtykal özünde 45 milligram kalsini jemleýär.

Pyrtykal miwesini iýmek bedeniň artykmaç agramyny ýeňletmäge peýda berýär. Düzüminde köp mukdarda saklanýan inozit (B8 witamini) ýaglaryň alyş-çalşygyny sazlaýar. Ganda holesteriniň derejesini peseldýär. Içegäniň işjeňligini kadalaşdyrýar.

Pyrtykal barada gyzykly maglumatlar:

1. Pyrtykal her ýyl köpçülikleýin hasyl ýygnamakda dünýäde öňdebaryjydyr. Onuň hasylynyň köp mukdary ýygnalýar.
2. Pyrtykal Hytaýda miladydan öňki 2500-nji ýylda ösdürilip ýetişdirilipdir.
3. Käbir pyrtykal agaçlarynyň 150 ýyla çenli ýaşap biljekdigini bilýärdiňizmi?
4. Ýer ýüzünde iň köp ýaýran sitrus miwesi pyrtykaldyr.
5. Kaliforniýa (ABŞ) kanunyna görä, hammamda adamyň pyrtykal iýmäge hukugy ýok.
6. Pyrtykal bagyr, ýürek we ýürekdamar kesellerinden ejir çekýän adamlara, şeýle hem metabolizma ýagdaýy pes bolan adamlara iýmek maslahat berilýär.
7. Pyrtykal şiresi singa keseliniň öňüni almaga mümkinçilik berýän serişdedir. Bu kesel bedende C witaminiň ýetmezçiligi netijesinde ýüze çykýar.
8. Pyrtykallaryň diňe mämişi däl, eýsem ýaşyl hem bolup biljekdigi ýüze çykaryldy.
9. Ispaniýanyň çäginde takmynan 35 million pyrtykal agajy bar.
10. Häzirki wagtda pyrtykalyň 600 töweregi görnüşi bar.
11. Braziliýa her ýyl 18 million tonna çenli pyrtykal öndürmek bilen bu önümi öndürmekde dünýäde öňdebaryjy hasaplanýar.
12. Pyrtykalyň gabygy hem netijeli ulanylýar. Ondan dürli mürepbe we dürli hoşboý ysly tagam berijiler taýýarlanýar.
13. Pyrtykalyň “moro” sorty örän süýjüdir, onuň içi gyzyl reňkde bolýar.
14. Geň galmaly tarapy, dünýäde öndürilýän pyrtykallaryň 85 göterimi şire içgisini öndürmek üçin peýdalanylýar. Ol hem dünýäde iň meşhur içgileriň biridir.
15. Odessada pyrtykalyň ýadygärligi dikeldildi.
9
35
ideallider
22 Dekabr 2022
Şondada täze ýylyň simwoly mandarin boldy😊👍
wolf
22 Dekabr 2022
👍🔥👍🔥👍bet
k_25n
22 Dekabr 2022
🍊 pyrtykal
Leýla💔
22 Dekabr 2022
İ like
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.