ebru
24.12.2022 15:23
Greýpfrut düzüminde garramagy haýalladýan maddany saklaýar, bu barada rus berhiz lukmany Swetlana Zelensowa beýanat berdi diýip, Lenta.ru ýazýar.

Lukman greýpfrutda, esasan hem, С ýokumynyň we kremniniň köpdügini aýtdy, bu bolsa bedeniň immunitetini berkidýär, kollageniň sintezini ýokarlandyryp, garramagyň öňüni alýar. Onuň düzümindäki naringenin çişe, wirusa we sowuklama garşy antibakterial täsire eýe bolup, ýüregiň we damarlaryň ýagdaýyny gowulandyrýar diýip, diýetolog aýdýar.

Zelensowa şeýle-de ady agzalan miwede nobiletin antioksidantynyň köpdügini, onuň bolsa semremäniň öňüni alýandygyny, aşgazan-içege ulgamy, öt, bagyr üçin oňyn täsirlidigini belledi.

Russiýaly lukman zenan bu miwäni hepdede bir gezek iýmegi maslahat berdi, ony şeýle hem aşgazan-içege keselleriniň ýiti görnüşlerinde ulanmakdan saklanylsa gowy diýip, sözüniň üstüne goşdy.


Agzalar bu sitrus miwe bolup limon ýalak daşy sary, içi bolsa gyzyldyr.😊
8
46
ebru
25 Dekabr 2022
okayjy, salam catda ugradyp goydum
okayjy
24 Dekabr 2022
ebru, kyn gormesen
okayjy
24 Dekabr 2022
ebru, Okayjy.tm@gmail.com
ebru
24 Dekabr 2022
okayjy, google cata girsen ugradayyn suratyny
ebru
24 Dekabr 2022
okayjy, mnde suratyny goyup bolonokda
okayjy
24 Dekabr 2022
Bah suratyny goresim geldi...🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.