ebru
19.12.2022 15:14
Güýz paslynda ýetişip, gyşda saçaklarymyzy bezeýän gök önümler, datly miweler az däl. Şeýle datly miweleri boldan getirýän baglaryň biri-de nar agajydyr. Nar agajy Balkan welaýatynyñ Magtymguly, Etrek etraplarynda gowy ýetişýär. «Gözel Sumbaryň nary» diýlip goşguda waspy ýetirilen datly miwäni ösdürip ýetişdirýän babadaýhanlarymyzyň çekýän zähmeti ýerine-de düşýär.

Narlaryň tagamy süýji, turşy, turşumtykdyr. Olar däneli, ýumşak däneli we dänesi çigitsiz görnüşinde bolýar. Balkan welaýatynda däneli we ýumşak däneli narlar has giňden ýaýrandyr. Ýuka gabykly nar ýumşak däneli bolup, sowuga çydamsyz bolýar. Ony howa sowap başlanyndan sowuk urýar. Şonuň üçin ol maýyl subtropiki ýerlerde ekilýär. Dänesi çigitsiz nar welin seýrek duş gelýär.

Nar agajynyň, miwesiniň, gabygynyň, gülüniň ynsan saglygyny goramakda ähmiýeti örän ýokarydyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda giňişleýin maglumat berilýär.

Gabygyndan başlap, dänesine çenli peýdaly miweleriň biri hem nardyr. Onuň düzüminde peýdaly aminokislotalaryň 15 görnüşi, «C», «A», «B», «PP» witaminleri we kaliý bardyr. Nar ynsan saglygy üçin taýsyz melhemdir.

Naryň ganazlykda peýdasy örän köpdür. Ol ganyň düzümindäki gemoglobini ýokarlandyrýar. Ol gan basyşyny sazlaýar, damarlaryň daralmagynyň öňüni alýar. Nar ýatkeşligi gowulandyrýar, ünslüligi we beýniniň işjeňligini artdyrýar. Ýürek-damar ulgamynyň işini sazlaýar. Damarlaryň diwarlaryny berkidýär.

Naryň şiresi işdäni açýar we onuň düzüminde iýmit siňdiriş ulgamyna peýdaly turşulyklar bardyr. Ýöne aşgazan keseli bilen kesellän adamlar nary lukman bilen maslahatlaşyp iýmelidirler.

Nar bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar. Bogunlaryň çişmesinde agyryny ýeňilleşdirýär. Bedeniň garramagyny haýalladýar. Naryň gabygy gaýnadylyp içilende, içgeçme keseline peýdalydyr.


Nary halaýanyñyz bami😋🙂
14
37
Aynashka
19 Dekabr 2022
Men halayan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.