ebru
23.12.2022 12:48
Sitrus miweleriniň biri bolan laým – genetiki gelip çykyşy boýunça limona meňzeşdir. Ylmy ady “Citrus aurantifolia” diýlip atlandyrylýar. Esasan hem Hindistan, Şri-Lanka, Indoneziýa, Mýanma, Braziliýa, Wenesuela, Günbatar Afrika ýurtlarynda köpçülikleýin ösdürilip ýetişdirilýär. Dünýä bazaryna bolsa esasan Meksikadan, Müsürden, Hindistandan hem-de Kubadan gelýär. Maglumatlara görä, 1759-njy ýylda Angliýanyň korollyk deňiz flotynda onuň şiresi uzak wagtlyk ýola çykylanda berhiz hem-de derman üçin ulanylypdyr. Ondan has irki döwürde H.Kolumbyň 1493-nji ýylda geçiren ekspedisiýasynda Günbatar Hindistana laýmyň tohumlary getirilipdir we tiz wagtdan laým köp sanly adalara, Meksika, ABŞ ýaly ýurtlara ýaýrapdyr. Häzirki güne çenli laýmyň birnäçe sortlary döredilip, olardan palestina süýji laým, sary laým, eýran limetta laýmy, günbatar hindi laýmy, pars laýmy ýaly sortlary has meşhurdyr.

Laým agajyny öý şertlerinde hem ýetişdirmek bolýar. Şeýle şertde onuň boýy 1-2,5 metre ýetýär, esasan tohumdan köpeldilýär. Ilkinji baldajyklary ekilenden soň 2-3 hepdede peýda bolýan laým agajy ýagtylygy söýýär. Açyk şertlerde bolsa onuň boýy 5 metre çenli ýetýär. Ýapraklary ýumurtga şekilli, ýylmanak, goýy ýaşyl reňkli, uzynlygy 6 sm, ini bolsa 4 sm deň. Gülleri ownuk, ak reňkli, diametri 2 sm. Miwesi ýaşyl reňkde bolup, etlek hem-de şireli, ýakymly ysly we ýokary turşulyklydyr. 100 gram şireli miwesinde 30 kkal energiýa gymmaty saklanýar.

Laýmyň miwesiniň saglyga peýdasy onuň düzümindäki diňe bir C witamini däl-de, özünde limon, alma kislotalaryny, pektin maddalaryny, mis, kaliý duzlaryny, fitonsidleri, karotinleri, P we B witaminler toparyny hem köp mukdarda saklamagydyr. Şeýle-de bedenden toksinleri aýyrmak üçin, berhizlik üçin iýmit siňdiriş ulgamyny arassalaýjy serişde bolup durýar. Ýöne käbir ýagdaýlarda laým miwesi ýiti allergiki täsiri hem ýüze çykaryp bilýär. Bu esasan laým agaçlaryny zyýankeşlerden we beýleki kesellerden goramak üçin zäherli himikatlar artykmaç berlen ýagdaýynda döreýär. Şonuň üçin laým miweleri iýilmezden öň gowy ýuwulmagy hökmany şertdir. Şeýle-de ýokary turşulyga eýe bolanlygy sebäpli laým miwesini aşgazan-içege kesellerinden ejir çekýän adamlara iýmek maslahat berilmeýär.


Agzalar laým atly sitrus miwe pyrtykala meñzeş sitrus miwedir. Onuñ reñki ýaşyl.
12
36
ebru
23 Dekabr 2022
okayjy, suraty bar yone mn goyup bilmeyanda arman
Relax
23 Dekabr 2022
okayjy,Lime Limonyñ bişmedik görnişi yaşyl))
okayjy
23 Dekabr 2022
Birinji gezek eşitýän suraty ýokdymy🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.