dmoo
29.09.2023 13:03

Puşman


“Oraza geldi haý bile,

Bir meleje taý bile,

Taýym batga batanda,

Çykaryň haý-haý bile. ” – diýip aýlanýan ýaremezançylaryň sesleri küren obanyň dumly-duşunda ýaňlanyp durdy. Her kim täze dogan aýy ýüzüne sylyp, ýagşy dilegler edýärdiler.

Indi esli ýyldan bäri aýat-töwir edip, obanyň toýuna-ýasyna ýarap ýören, il içinde “Berdi kommunist” diýip tanalýan Halykberdi aga agşam namazyny okap, sekiniň üstünde öňüne alan çaýyny gaýtaryp otyrdy. Onýança-da, aýlanyp ýören ýaremezançylaryň bir bölegi howla girdiler. Sekä golaý gelen çagalaryň ekabyrragy öňräge süýşdi-de, sanawajyny aýtmaga durdy:

Biz-ä sizi baý gördük,

Tüýnügiňizden aý gördük,

Altyn bilen apardyk,

Kümüş bilen gopardyk – diýensoň, beýleki çagalaram goşulyşyp, “Ýa remezan” diýip gygyrdylar. Bularyň şowhunyny daş işige çykyp, diňläp duran Orazgül eje elindäki torbasyndan süýji-köke çykaryp, paýlap başlady:

−Alyň balalarym! Me, senem al!

Bulary synlap oturan Halykberdi aga çagalary gyzykdyrmak üçin sorag berdi:

−A-haw köşekler! Daşa gurt düşse, näme bilen aýyrýarlar?

−Düýäniň şahy bilen.

−Düýäňem bir şahy bolarmy?

−Daga-da bir gurt düşermi?

Halykberdi aga mys-mys edip güldi:

−Aý, berekella köşekler!

Uly gowur turuzşyp, gidip barýan çagalaryň yzyndan seredip galan Halykberdi aganyň näme üçindir, öňküligi ýokdy. Ol gussaly gözlerini bir ýere dikip, çuň oýa batyp oturşyna, birwagtky haý-haýly 60-nji ýyllary göz öňüne getirdi. . . .


. . . . . Leningradyň ýokary okuw jaýlarynyň birini gutaryp gelen Halykberdi, täze açylan obalaryň birindäki mekdepde taryh sapagyndan ýokary klasyň okuwçylaryna ders berýärdi. Bir gün mekdebe raýon ateistik guramanyň işgärleri barlaga geldiler. Hemme klaslara aýlanyp, okuwçylary ýeke-ýeke barladylar, ellerindäki alajalary, gözmonjuklary aýyrtdylar. Guramanyň başlygy Olýa Saparowna ýygnak edip, mekdepde kommunistik ruhy çagalaryň aňyna guýmakda haýal-ýagallyk edilýändigini belledi. Soňra:

−Ýoldaşlar, görşümiz ýaly täze gurýan kommunistik jemgyýetimizde henizem könäniň zyýanly endiklerinden saplanyp bilemizok. Şu günki geçirilen barlagyň netijesi hem çagalaryň we kolhozçylaryň arasynda wagyz-nesihat işleriniň geçirilişiniň örän pesdigini görkezýär. Men şeýle teklip edýärin: mekdep we kolhoz boýunça mydamalyk hereket edýän oba ateistik guramasyny döretmeli, ýaş mugallymlardan birini topara ýolbaşçy bellemeli, her hepdäniň soňunda topar bize hasabat bermeli, şu teklibi goldaýanyňyz eliňizi galdyryň! Garşy barmy? Saklanan? Ýok. Örän gowy.

Soň ýaş mugallymlaryň içinden üç-dört sanysyny saýlap, Halykberdinem topara başlyk etdiler. Şol günden soň ol düýbünden başga adam boldy. Geçýän taryh sapagynda diňe darwinizm ewolýusiýasyny we tebigatyň öz-özünden dörändigini düşündirjekl bolup, dürli çeşmelere ýüz urýardy. Ýokardakylara iş görkezip, abraý gazanjak bolup, ýygy-ýygydan kolhozçylary üýşürýärdi, olaryň öňünde uzak wagtlap leksiýa okaýardy. Indi esli wagtdan bäri adamlar onuň adynyň öňündäki “Halygyny” aýryp, yzyna “kommunist” lakamyny goşupdylar.

Remezan aýy ýetip gelipdi. Her kim agyz bekleýärdi. Pursat arap ýören Berdi mundan ýerlikli peýdalandy. Ol bir gün mekdebe gelende, ýanynda bir tegelek çörek bardy. Hemme okuwçylary ýygnap, agyz beklemegiň “zyýany” barada düşündiriş geçdi:

−Okuwçylar, agyz beklemek diýlen adaty öňki baýlaryň ýapjasy bolan işan-mollalar oýlap tapypdyrlar. Sebäbi bu adat halky ezmek we öz ýumruklarynyň içinde saklamak üçin örän bähbitli bolupdyr. Garamaýak adamlary aç saklajak bolup, öz mülklerinde işleýän batraklaryna berýän ujypsyzja iýmitlerini delile getirjek bolup, Hudaýyň adyndan agyz beklemegi buýrupdyrlar. “Agyz beklemedige Hudaý gazap eder” diýip, garyp halky Hudaýyň adyndan gorkuzypdyrlar. Özleri bolsa dürli-dümen iýip, mes ýaşapdyrlar. Siz olaryň miras goýup giden çüýrük adatlaryna aldanmaň! Bu zatlar biderek zatlardyr. Agyz bekläp, aç gezip ýörmäň.

Soňra bir eline suw, beýleki eline çörek alyp,okywçylary ýeke-ýekeden geçirip başlady. Her geçeniň agzyna bir döwüm çörek salyp, yzyndanam käsäni dolduryp suw berýärdi. Obanyň toýuny-ýasyny sowup ýören Abdyrahym aganyň sekizinji klas ogly Ýusuba gezek gelende, Berdi kommunistiň al-petinden alan garaşylmadyk ýagdaý boldy. Uzadylan suwly käsäni eline alan Ýusup ilki içjek ýaly etdi-de, birdenem bat bilen ýere pylçap urdy. Hemme kişi doňup galdy. Gahardan ýaňa gözleri gan guýlan ýaly bolan Berdi onuň saçyndan penjeläp tutdy:

−Ýeri, bu näme etdigiň boldy, haýwan? Öň oglandyň-da, indi ulalaýdyňmy? Halky aldap ýörenje mollaň haram puluna ösen mugtiýer diýerler saňa! Al, şuny iç, iç diýýän men saňa –diýip, bir eli bilen Ýusubyň kellesini gaňryp durşyna, beýleki elindäki kürüşgäni onuň agzyna tutdurdy. Ýusup agzyny pugta ýumup, kellesini onuň elinden sypdyrjak bolýardy. Onuň bolşy Berdi kommunisti dälilik hetdine ýetirdi. Ýusubyň iki gulagyndan tutup, diwara urup başlady. Munuň bilenem oňman, ýatyryp, içine depip ugrady. Onuň ýanyna ylgaşyp gelen mugallymlar Ýusuby elinden alanlarynda, öňem bitap oglanjyk özünden gidip ýykyldy. Dessine raýon keselhanasyna äkidilen Ýusubyň bagryna gan öýüpdi. Ol bu derdinden aýňalyp bilmän, iki günden soň jan berdi. Şondan soň Berdi kommuniste sud edilip, iň ýokary jeza berlipdi. Emma ateistik gurama we howpsyzlyk edaralary onuň bitiren işlerini, ýaş nesle kommunistik terbiýe bermekde görkezen hyzmatlaryny göz öňüne tutup, ony göz tussagy hökmünde uzak raýonlaryň birine ugradypdylar. Soýuzyň dürli ýerlerinde it ýaly kaňkan Berdi otuz ýyldan obasyna gaýdyp gelipdi. . . . .

29
189
dmoo
27.09.2023 12:56

“Aýallaryň” söweşi


Batyr goňşularynyň ogly Seýranjyk bilen jaýlarynyň ýeňsesinde oýnap otyrdylar. Gurlyşyk etmek üçin dökülen gumuň gyrasynda “maşyn-maşyn” oýnap, ulaglaryna “garaj” salýardylar. Çagalaryň güžürdeşip, dünýäni unudyp, oýnap oturyşlary özüňe çekijidi. Birdenem bolmasy bir iş boldy. Seýranjyk maşynyny bat bilen “sürüp”, “garajyna” saljak bolanda, eli Batyryň “garajyna” degip ýykyldy. Ekabyrja Batyr herreldi:

−Ana, ýykdyň. Barysyny pozduň.

−Getir-ow men täzeden edip bereýin – diýip, Seýranjyk müýnürgedi.

−Menem seňkini ýykjak – diýip, Batyr onuň “öýüniň” üstüne kesek oklady. Seýranjyk Batyry itekledi. Muňa gahary gelen Batyr elindäki maşyny bilen onuň kellesine urdy. Seýranyň çirkin sesine ejesi Maýa öýünden atylyp çykdy. Görse, ogly goňşusynyň oglunyň ýanynda bagyryp dur. Tasap gelen Maýa:

−Heý, ýaşy kesilen, näme üçin urduň oglumy? – diýip, gele-gelmäne Batyra şarpyk çaldy. Maýanyň şerraý sesine Batyryň ejesi Gözel hasanaklap geldi:

−Gyýw, goňşy! Beýdip durmaň näme? Çagadyr-da, haý-küş etmäň ýerine taýak ýaly eliňi galgadyp durmaň näme?

Maýa ýumrugyny çenäp herreldi:

−Beterem galgadaryn. Näme, seň sümükliň edenini edip durmalymy? Ejize ganym dogmaňa buýrup bileňok, gaýta eliňi bykynyňa uran bolup dursuň, şerraý heleý.

−Kim şerraý?

−Senden başga kim bolsun?

−Ine saňa, şerraý heleý – diýip, Gözel Maýanyň üstüne topuldy. Biri-biriniň saçyndan tutup, çem gelen ýerlerinden ýolmalaşyp başladylar. Bularyň zenzelesine daş çykan Maýanyň adamsy bilen Gözeliň äri Mekan iki bökenlerinde biri-biriniň alkymyna geldiler. Serdaryň sesi gödeksi çykdy:

−Ýok ed-eý heleýiňi!

−Sen ýok et heleýiňi! Erkek bolsaň buýur-da!

−Eý, heleýguly! Kimiň erkekdigini görkezerin saňa.

−Bol, görkez-dä!

Ýigrençdir gahar-gazapdan doly daýaw pyýadalar biri-birine geýdirildiler. Bireýýäm ýaraşyp, oýnap ýören çagalar bularyň boluşlaryna gözlerini mölerdişip, seredip galdylar

20
134
dmoo
25.09.2023 21:14

Ýylgyryñ. Ýylgyrmak size gelişýä!

32
322
dmoo
22.09.2023 21:07

Ýakynda öz durmuşumda bolup geçen gülkili pursatlar


Arada gije sagat 00:30 toweregi çilim gutaryp bir köp bilmişräk, paş-paşrak dostuma naçnoý magazin soraýyn diýip jañ etdim. Jañyny almady. Ertesi irden jañ edýä.

--Gowumy dos agşam jañ edipsiñ keýpinemi?

--Hawwalaý naçnoý magazin gerek boldy. Senä bilýänsiñ diýip jañ etdim.

--Hawa bilýän jañ edäýmeli ekeniñä.

--Jañ etdim almadyña.

--Aý irräk jañ etmelidä ýatyrdym...diýen bolýara, irräk naçnoý magazini näm edeýin🤣


Bir dilegçilik edip ýören biri öñinden çykandan ,,sadaka beräý" ,,sadakañ bamy" diýip soraýa, kä bir kişi berýä köp kişem berenokda welin, meñ ýanyma gelip arzyny aýdan bolýa.

--Adamlar nähilaý, sadakanam diläp almaly bollaý...diyen bolýa🤣



Şu gün işdeşlemmiñ biri diagnostika baryp özini barlatdy, bir ýerlerniñ işleýşine göwni ýetýän däldirdä.Onuñam medknişgesimi ýa enwalitni knişgesimi bar eken aptekdan kä bir dermanlarny mugt alypdyr.Biziñ ýanymyzda öwinen bolýa .

--Men nirä barsamam şu knişkam bilen mugt alýan. diýen bolup. ýene birem haýran galyp

--Bäh bazardanammy?🤔 diýen bolýa🤣


Durmuşda gülkili pursatlar kän bolýa häzirlikçe şular. Teswir ýazmagy unutmañ

53
478
dmoo
21.09.2023 10:18

Ýaşaýşyň ýaňy


Oglanjyk kakasy bilen dagyň içi bilen ýöräp barýarka büdräp ýykylýar. Bir ýerini bijaý agyrdyp: «Eýwaý» diýip gygyrýar. Şoňa mähetdel dagyň gerişlerindenem «Eýwaý» diýen ses eşidilýär. Oglanjyk muny geň görýär. Ol bilesigelijilik bilen: «Sen kim?» diýip gygyrýar. Dagyň gerişlerinden ýene «Sen kim?» diýen ses ýaňlanýar. Onsoň, oglanjyk gaharly sesi bilen: «Kim sen?» diýýär. Öz sesiniň ýene daglara ýaň salýandygyny eşip oglanjyk hasam gyzarylýar: «Sen-ä gorkak ekeniň». Dagdan ýene «Sen-ä gorkak ekeniň» diýen ses eşidilýär. Oglanjyk näme bolýandygyna düşünmän kakasyndan soraýar:


 – Kaka, näme bolýar-aý?!


Kakasy: «Oglum, diňle onda!» diýýär-de: «Men seni gowy görýärin!» diýip gygyrýar. Dagdan: «Men seni gowy görýärin!» diýen ses eşidilýär. Kakasy ýene gygyrýar: «Sen örän gowy!». Dagdan hem ýene şol bir ses eşidilýär: «Sen örän gowy!» Oglanjyk entegem näme bolýandygyna düşünmän, aňk-taňk bolup durmuş. Şonda kakasy oňa şeýle diýýär:


– Oglum, adamlar muňa «Sesiň ýaň salmagy» diýýärler. Aslynda welin bu «durmuşyň» hut özüdir. Sen näme beren bolsaň, durmuşam şony saňa yzyna gaýtaryp berýär. Durmuş diýilýän zat biziň hal-hereketlerimizi özümize görkezýän aýnadyr. Ol biziň bolşumyzy özümize görkezýär. Şonuň üçin söýlesiň gelse, ilki özüň söýmegi başar! Adamlardan mähre garaşýan bolsaň, ilki özüň mähirli bol! Ilden sylag-hormat tamakin bolsaň, ilki bilen özüň ile hormat goý! Özgäniň sabyrly bolmagyny isleýän bolsaň, ilki bilen özüň sabyrly bolmagy öwren

21
54
dmoo
19.09.2023 12:59

“AL MUNY PAÝLAŞ”


Üç ýaşlyja gyzym bilen ondan iki ýaş uly oglumy alyp, uzak diýarlara syýahata çykypdyk. Ýolda barýarkak çagalara miwe, şokolad ýaly zatlar almak üçin zol-zol durýardyk, her gezeginde-de alan zatlarymyzy yza, çagalara tarap oklap:


– Al muny, doganyň bilen paýlaş – diýýärdik.


Uly ýoly sypdyrman barşymyza, onuň ikä aýrylýan nokadyna baryp ýetdik. Gelnim sag tarapdan gitmelidigimizi aýtdy. Men bolsa, çepki ýoldan gitmelidigimizi aý gören dek anyk bilýändigimi aýtdym. Şeýdip, ol sag diýdi, men çep diýdim, mahlasy, aramyzda biraz sene-mene bolup geçdi.


Ruluň başynda oturan özüm bolamsoň, gaza basdym-da, özümçe dogry hasaplan ýolumdan ýöräberdim. Gelnimiň muňa örän gahary geldi, şondan soň meniň bilen ýeke agyz hem gürleşmedi.


Esli ýere çenli ikimizden hem ses çykmady. Biziň aramyzdaky ümsümlik çagalara-da ýokuşypdy. Olaram gepleşmän barýardylar. Ýöne biziň bu bolşumyz kiçijik gyzymyň juda içini gysdyran bolmaly, ol öňdäki oturgyja tarap egildi-de ejesiniň ýaňagyndan şapladyp ogşap goýberdi, yzyndan bolsa:


– Al muny, kakam bilen paýlaş – diýdi.


Maşynyň içindäki “sowuk howa” zym-zyýat boldy. Ýene öňküsi ýaly, gülşüp-degşip ýolumyzy dowam etdik. Ýüz kilometr töweregi ýöränimizden soň, gelnimiň aýdanynyň dogry, meniň aýdanymyň bolsa ýalňyş bolup çykmagy, şeýlelikde, meniň kesirligim sebäpli ýalňyş ýoldan ýörändigimizi bilmegimiz hem biziň keýpimize sogan dograp bilmedi. Çünki bolan zatlaryň hemmesi kiçijik gyzymyzyň bize beren sapagynyň ýanynda agzanyňa degmejek bir zatdy

30
97
dmoo
18.09.2023 10:51

IKI HILI HASAP


Günleriň bir güni bir çagajyk aşhanada nahar taýynlap ýören ejesiniň ýanyna gelip, elindäki ýüzüne bir zatlar çyrşalan kagyzy uzatdy. Ejesi elini polotensa süpürip guradandan soň, oglunyň ýazan zatlaryny okamaga başlady:


Howlunyň haşal otlaryny arassalanym üçin: 5 manat;


Bu hepde otagymy saýhallanym üçin: 1 manat;


Bir gezek seniň ýeriňe dükana gidenim üçin: 50 teňňe;


Bir gezek bazara zat almaga gideniňde jigime seredenim üçin: 50 teňňe;


Zir-zibili daşaryk hapa atylýana taşlap gelenim üçin: 1 manat;


Oňat bahalar alanym üçin: 5 manat;


Howluny arassalanym üçin: 2 manat;


Jemi: on bäş manat.




Oglanjygyň ejesi hasaby okap aljyrajak boldy. Çalarajyk gahary geldi, emma birsalymdan özüni dürsäp, kagyzyň arka ýüzüne bir zatlar garalamaga başlady:


Seni dokuz aý garnymda göterenim üçin: hiç zat almadym;


Başujyňda dik oturyp atyran daňlarym üçin: hiç zat almadym;


Seniň ugruňda alada baryny edip, ýadanym üçin: hiç zat almadym;


Saňa alan oýunjaklarym, eşiklerim, iýer-içer ýaly zatlarym üçin: hiç zat almadym;


Sapaklaryňa kömekleşenim üçin: hiç zat almadym;


Eşikleriňi ýuwup ütüklanim, saňa nahar bişirenim üçin: hiç zat almadym.




Ejesi ýazanlaryny ýeterlik görüp, kagyzy ogluna gaýtaryp berende, ogly olary okamaga başlady. Okadygyça-da ýüzi gyzarýardy.


Goýberen ýalňyşyna düşünipdi. Gözüniň okarasy ýaşdan doldy. Hernäçe utansa-da: “Men seni gowy görýän, eje jan…” diýmegi başardy, “Meni bagyşla”.


Soňra bolsa, eline syýagalam aldy-da, öz ýazan zatlarynyň aşagyna ullakan harpler bilen şeýle ýazdy:


“NAGT TÖLENDI”


(Ýazyjy nabelli

25
57
dmoo
17.09.2023 08:58

Gadymky öldi diýme, hasratdan el çeek


Hoş günler öwriler, ýapylar ýene çelpek.


Geýiler ýene haýbat bilen geýim, don, telpek.


Türkmen henizem diri özüñe gel gerçek!



Emin_Rasen

29
79
dmoo
15.09.2023 20:24

«Halas ediň!»


Beýgelmek üçin däl — dag boljak boldum


Barha köp synladym dagyn ýüzüni.


Çünki, ol uzakdan ýetirdi maňa


Bir bendäniň: «Halas edin!» sözüni.




Kim ol bende?


Haýsy darda asylýar?


Bogýar ony haýsy deňzin buzlary?


Ýatsam-tursam rahatlyk berenok


Ýüregimde: «Halas ediň!» sözleri.


Gözlerimi açdy asyryň güýzi,


Haýyram, şer işem açdy gözümi.


Menin galamymam antenna menzäp,


Tutdy durdy «Halas ediň!» sözüni.




Bagtly boluň, bagtly boluň, adamlar,


Ýöne bagt gözüňizi tutmasyn.


Şindi känkä «Halas ediň!» ýaňlary,


Bagt sizi körem,


Kerem etmesin.




Şu jedelde goýup biljek başymy,


Şol ýüregi ýag baglandyr bireýýäm,


Eşitmeýän bolsa «Halas ediňi!»


Bu çetinden,


O çetinden bu dünýäň!




Halas boluň, esgilerden, doklukdan.


Şum adamdan, köçelerin itinden.


Halas boluň, ähli artykmaçlykdan,


Ýöne halas bolmaň «Halas ediňden!»


Gurbannazar Ezizow

15
22
dmoo
14.09.2023 21:01

Surat-Ed geiniň adam derisinden ýasan zatlary


Ed Gein, belki-de, Amerikanyň jenaýat taryhynda iň problemaly şahsyýetleriň biridir. Meşhur medeniýete täsir eden, käbir halklar tarapyndan yzygiderli ganhor we beýlekiler tarapyndan diňe ganhor we agyr talaňçy hökmünde görülýän kynçylykly adam. Ed Gein kim? Ed Geiniň durmuşy Teodor Edward Gein hökmünde 1906-njy ýylyň 27-nji awgustynda Wiskonsin ştatynyň La Kros etrabynda dünýä indi. Kakasy Jorj Filip Gein, ejesi Awgusta Wilgelmine Gein. Gein jübütiniň iki ogly bardy. Birinjisi, 1901-nji ýylda doglan Genri Jorj Gein. Maşgala başlygy Jorj arakhordy we belli bir işi ýokdy. Wagtyň geçmegi bilen maşgala Wiskonsin ştatynyň Pleýnfilddäki 155 gektar fermasynda mesgen tutdy. Bu uly ýer Geinleriň izolýasiýa ýaşamagyna sebäp boldy. Ed Gein çagalygynda wagtyny mekdebiň daşyndan ekerançylyk bilen meşgullananda, uly lýuteran ejesiniň gözegçiligi astyndady. Ejesi Awgusta çagalaryna dünýäniň nähili ahlaksyzdygy, içginiň günädigi we özünden başga aýallaryň şeýtanyň guralydygy baradaky ynançlaryny çagalaryna berdi. Ed Gein utanjaň çagady we dost tapmak ugrundaky tagallalary ejesiniň garşylygy we jezasy bilen garşylanmaly boldy


1940-njy ýylyň 1-nji aprelinde Ed Geiniň kakasy Jorj alkogol zerarly öldi. Kakasy ölenden soň, Gein Doganlar gazanç etmek üçin şäherde dürli abatlaýyş işlerini edip başladylar. Bejeriş işlerinden başga-da, Ed Gein öýiň uly ogly Genri doganynyň ejesine aşa wepalylygyndan alada galýardy, ýöne Genri bu barada hiç zat etmezden 1944-nji ýylda aradan çykdy. Ilki bilen onuň ölümi ýürek näsazlygy ýaly bolup görünse-de, munuň adam öldürmek, betbagtçylyk ýa-da keseliň netijesi bolandygy hiç haçan belli däldi. Ed Gein we ejesi bu ýitgiden soň ýeke galdylar. Enesi Awgusta birnäçe wagtdan soň insult boldy we Ed ejesine uly wepalylyk bilen ideg edip başlady, ýöne saglyk ýagdaýy erbetleşip başlansoň, Awgusta 1945-nji ýylyň 29-njy dekabrynda aradan çykdy. Ed Gein bu yzygiderli ölümlere, esasanam ejesiniň ölümine uly täsir etdi. Ejesi ýitirilenden soň, Ed Gein ejesiniň ulanan otaglaryny zaýalamazdan gorap saklady, jaýyň beýleki bölekleri bolsa kem-kemden weýran boldy. Ed Gein wagtyny faşistleriň wagşyçylyklary we kanikullary hakda žurnallary okamak we okamak bilen geçirdi. Bu aralykda şäherde gyzykly wakalar bolup başlady. 1957-nji ýylyň 16-njy noýabrynda şäheriň apparat dükanynyň eýesi Bernis Worden ýitirim boldy. Wordeniň ogly şäher häkiminiň orunbasarydy we aýalyň girdejilerine esaslanyp, ejesi bilen iň soňky gören adamsy Ed Gein bolandygyny kesgitledi. Bu subutnamalardan soň Ed Gein tussag edildi we fermasynda gözleg başlandy. Gözleg wagtynda Wordeniň jesedi Geiniň fermasyndaky bir kabinada tapyldy. Aýalyň jesedi tersine asylgydy. Fermada geçirilen giňişleýin gözlegleriň netijesinde adam süňkleri, adam derisinden ýasalan bezegler we adam derisinden ýasalan aýal eşikleri ýaly elhenç materiallar tapyldy. Gein sorag wagtynda, ýaňy-ýakynda ölen adamlaryň mazarlaryndan adam jesetlerini alandygyny aýtdy. Aýallaryň mazarlaryny, esasanam ejesiniň ýaşyndakylaň mazarlarny talady we beden agzalaryny aldy. Gein sorag edilende, ejesi ölenden soň, aýal derisini adam derisinden ýasamaga synanyşandygyny aýtdy. Şeýdip, köýnek geýip bilerdi. Şeýle hem, 1954-nji ýyldan bäri ýitirim bolan Meri Hogany öldürendigini boýun aldy.


Ed Gein meselesi: Ed Gein 1957-nji ýylyň 21-nji noýabrynda tamamlanan kazyýet işinde şizofreniýa diagnozy sebäpli iň ýokary howpsuzlyk akyl hassahanasyna ýerleşdirildi. 1968-nji ýylda gaýtadan sud edilen Ed Gein akyl hassalygy sebäpli ömrüniň ahyryna çenli saklanjak hassahana iberildi. Ed Gein başda köp adamy öldüren seriýaly ganhor ýaly bolup görünse-de, hakykatdanam iki adam öldürdi we öýündäki jeset bölekleri talaňçylykdan gelip çykdy. Ed Gein 1984-nji ýylyň 26-njy iýulynda, öýken rakynyň kynçylyklary sebäpli 77 ýaşynda aradan çykdy

22
157