dmoo
27.09.2023 12:56

“Aýallaryň” söweşi


Batyr goňşularynyň ogly Seýranjyk bilen jaýlarynyň ýeňsesinde oýnap otyrdylar. Gurlyşyk etmek üçin dökülen gumuň gyrasynda “maşyn-maşyn” oýnap, ulaglaryna “garaj” salýardylar. Çagalaryň güžürdeşip, dünýäni unudyp, oýnap oturyşlary özüňe çekijidi. Birdenem bolmasy bir iş boldy. Seýranjyk maşynyny bat bilen “sürüp”, “garajyna” saljak bolanda, eli Batyryň “garajyna” degip ýykyldy. Ekabyrja Batyr herreldi:

−Ana, ýykdyň. Barysyny pozduň.

−Getir-ow men täzeden edip bereýin – diýip, Seýranjyk müýnürgedi.

−Menem seňkini ýykjak – diýip, Batyr onuň “öýüniň” üstüne kesek oklady. Seýranjyk Batyry itekledi. Muňa gahary gelen Batyr elindäki maşyny bilen onuň kellesine urdy. Seýranyň çirkin sesine ejesi Maýa öýünden atylyp çykdy. Görse, ogly goňşusynyň oglunyň ýanynda bagyryp dur. Tasap gelen Maýa:

−Heý, ýaşy kesilen, näme üçin urduň oglumy? – diýip, gele-gelmäne Batyra şarpyk çaldy. Maýanyň şerraý sesine Batyryň ejesi Gözel hasanaklap geldi:

−Gyýw, goňşy! Beýdip durmaň näme? Çagadyr-da, haý-küş etmäň ýerine taýak ýaly eliňi galgadyp durmaň näme?

Maýa ýumrugyny çenäp herreldi:

−Beterem galgadaryn. Näme, seň sümükliň edenini edip durmalymy? Ejize ganym dogmaňa buýrup bileňok, gaýta eliňi bykynyňa uran bolup dursuň, şerraý heleý.

−Kim şerraý?

−Senden başga kim bolsun?

−Ine saňa, şerraý heleý – diýip, Gözel Maýanyň üstüne topuldy. Biri-biriniň saçyndan tutup, çem gelen ýerlerinden ýolmalaşyp başladylar. Bularyň zenzelesine daş çykan Maýanyň adamsy bilen Gözeliň äri Mekan iki bökenlerinde biri-biriniň alkymyna geldiler. Serdaryň sesi gödeksi çykdy:

−Ýok ed-eý heleýiňi!

−Sen ýok et heleýiňi! Erkek bolsaň buýur-da!

−Eý, heleýguly! Kimiň erkekdigini görkezerin saňa.

−Bol, görkez-dä!

Ýigrençdir gahar-gazapdan doly daýaw pyýadalar biri-birine geýdirildiler. Bireýýäm ýaraşyp, oýnap ýören çagalar bularyň boluşlaryna gözlerini mölerdişip, seredip galdylar

20
134
razyyewa
1 Oktýabr 2023
Ey cagalar cagalar gor kim kimler siz ucin sogusya
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.