Ýaşaýşyň ýaňy
Oglanjyk kakasy bilen dagyň içi bilen ýöräp barýarka büdräp ýykylýar. Bir ýerini bijaý agyrdyp: «Eýwaý» diýip gygyrýar. Şoňa mähetdel dagyň gerişlerindenem «Eýwaý» diýen ses eşidilýär. Oglanjyk muny geň görýär. Ol bilesigelijilik bilen: «Sen kim?» diýip gygyrýar. Dagyň gerişlerinden ýene «Sen kim?» diýen ses ýaňlanýar. Onsoň, oglanjyk gaharly sesi bilen: «Kim sen?» diýýär. Öz sesiniň ýene daglara ýaň salýandygyny eşip oglanjyk hasam gyzarylýar: «Sen-ä gorkak ekeniň». Dagdan ýene «Sen-ä gorkak ekeniň» diýen ses eşidilýär. Oglanjyk näme bolýandygyna düşünmän kakasyndan soraýar:
– Kaka, näme bolýar-aý?!
Kakasy: «Oglum, diňle onda!» diýýär-de: «Men seni gowy görýärin!» diýip gygyrýar. Dagdan: «Men seni gowy görýärin!» diýen ses eşidilýär. Kakasy ýene gygyrýar: «Sen örän gowy!». Dagdan hem ýene şol bir ses eşidilýär: «Sen örän gowy!» Oglanjyk entegem näme bolýandygyna düşünmän, aňk-taňk bolup durmuş. Şonda kakasy oňa şeýle diýýär:
– Oglum, adamlar muňa «Sesiň ýaň salmagy» diýýärler. Aslynda welin bu «durmuşyň» hut özüdir. Sen näme beren bolsaň, durmuşam şony saňa yzyna gaýtaryp berýär. Durmuş diýilýän zat biziň hal-hereketlerimizi özümize görkezýän aýnadyr. Ol biziň bolşumyzy özümize görkezýär. Şonuň üçin söýlesiň gelse, ilki özüň söýmegi başar! Adamlardan mähre garaşýan bolsaň, ilki özüň mähirli bol! Ilden sylag-hormat tamakin bolsaň, ilki bilen özüň ile hormat goý! Özgäniň sabyrly bolmagyny isleýän bolsaň, ilki bilen özüň sabyrly bolmagy öwren