dmoo
15.09.2023 20:24

«Halas ediň!»


Beýgelmek üçin däl — dag boljak boldum


Barha köp synladym dagyn ýüzüni.


Çünki, ol uzakdan ýetirdi maňa


Bir bendäniň: «Halas edin!» sözüni.




Kim ol bende?


Haýsy darda asylýar?


Bogýar ony haýsy deňzin buzlary?


Ýatsam-tursam rahatlyk berenok


Ýüregimde: «Halas ediň!» sözleri.


Gözlerimi açdy asyryň güýzi,


Haýyram, şer işem açdy gözümi.


Menin galamymam antenna menzäp,


Tutdy durdy «Halas ediň!» sözüni.




Bagtly boluň, bagtly boluň, adamlar,


Ýöne bagt gözüňizi tutmasyn.


Şindi känkä «Halas ediň!» ýaňlary,


Bagt sizi körem,


Kerem etmesin.




Şu jedelde goýup biljek başymy,


Şol ýüregi ýag baglandyr bireýýäm,


Eşitmeýän bolsa «Halas ediňi!»


Bu çetinden,


O çetinden bu dünýäň!




Halas boluň, esgilerden, doklukdan.


Şum adamdan, köçelerin itinden.


Halas boluň, ähli artykmaçlykdan,


Ýöne halas bolmaň «Halas ediňden!»


Gurbannazar Ezizow

15
22
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.